Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda un we çörek gytçylygynyň ýitileşmegi bilen, ýurduň kanun goraýjy edaralarynyň resmileri tamdyrda nan bişirip satýan adamlary tussag edip, olary soraga çekip başladylar.
Azatlyk Radiosynyň Marydaky çeşmesiniň 20-nji aprelde habar bermegine görä, bu işler şu günler welaýatyň Baýramaly we käbir beýleki şäherlerinde güýçli depginde alnyp barylýar.
Degişli maglumat Aşgabatda çöregiň bahasy iki esse gymmatlady. Ilat gijeden azyk nobatyna ýazylýar, polisiýa nobatlara gözegçiligi güýçlendirýär"Mary welaýatynda tamdyrda çörek bişirip, bazarda satýan adamlar hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri tarapyndan tussag edilýär. Baýramaly şäherinde çörek ýapýanlaryň ählisini barlag edip, haýsy undan çörek bişirýändiklerini soraýarlar we hökümet tarapyndan berilýän undan çörek ýapýan bolsalar, onda "gadagan" diýip ýerli polisiýa bölümine alyp gidýärler" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan çeşme öz hojalygy üçin tamdyrda çörek ýapýan aýallaryň soraga çekilmeýändigini hem belledi.
Tamdyrçylaryň birnäçesi bilen söhbetdeş bolan çeşmäniň sözüne görä, polisiýa bölümine alnyp gidilen çörekçiler soraga çekilýär we olara jenaýat işiniň gozgaljakdygy aýdylyp basyş edilýär. Soňra-da olardan 6000 manat möçberinde para soralýar.
"Çörekçilere uny nireden aldyň, kimden aldyň, başga kim alýardy, haýsy dükan eýesinden aldyň diýen ýaly soraglary berýärler. Soňra-da olary, jenaýat işini gozgajak diýip basyş edip, iki gün polisiýa bölüminde saklaýarlar. Olar her tamdyrçydan 6000 manat para soraýarlar" diýip, çeşme belledi.
Ýöne ol kanun goraýjy edaralaryň işgärleriniň tamdyrçylaryň her birinden dürli-dürli möçberdäki parany alýandygyny aýdyp, bir çörekçiniň aýdan sözlerini getirdi.
Degişli maglumat Ýurtda azyk üpjünçiligi barha agyrlaşýan mahaly, güýç edaralary arz-şikaýat bildirýän adamlara basyş edýär"Ilki soralany 6000 manat. Mende onça pulum ýok, onça pul hojalygymda-da ýok diýdim. Onda işimi alyp barýan sülçi "Bolýar, kömek etjek bolaýyn. Näçe berip bilýäň? Men başlyga haýyş edip göreýin" diýdi. Menem 2000 manat bolmaly öýde, häzir getirdeýin diýdim. Olar meniň bilen ylalaşdylar, men çykyp gaýdanymda, pul berip sagbolsun aýdyp çykdym. Sebäbi meni gaty gorkuzdylar" diýip, çörek bişirip satýan bir tamdyrçy aýal çeşmämize gürrüň berdi.
Aýdylmagyna görä, häzirki wagt tamdyrçylaryň aglabasy 1 halta uny hususyýetçilerden 500 manada satyn alyp, çöregi ýokary hilli undan bişirýärler. Baýramalynyň dükanlarynda we bazarlarynda 1 çörek 5-7 manatdan satylýar.
Baýramalynyň kanun goraýjy edaralarynyň resmileri häzirki çäreleriň sebäplerini düşündirmeýärler. Bu barada Azatlyk Radiosyna Mary welaýat we Baýramaly şäher häkimliklerinden kommentariý almak hem başartmady.
Ýöne Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri kanun goraýjy edaralaryň işgärleriniň çörekçileriň üsti bilen "döwlet dükanlarynyň bikanun un söwdasynyň üstüni açmaga synanyşýandygyny" aýdýarlar.
"Döwlet dükanlarynyň käbir işgärleriniň gelýän uny satuwa çykarman, käbir söwdegärlere satýandygy barada ilat arasynda gürrüňler bar. Häzirki çärelerde şol söwdegärleri anyklamaga çalyşýarlar" diýip, çeşmämiz belledi.
Degişli maglumat Marynyň ilaty azyk ýetmezçiligine närazylyk bildirip proteste çykdy, awtoýollary bagladyTürkmenistanyň döwlet dükanlarynda indi üç ýyl çemesi wagt bäri dowam edýän azyk, şol sanda un we çörek gytçylygy soňky hepdelerde has-da ýitileşdi.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary koronawirus global pandemiýasy bilen bagly aldalaryň fonunda, döwlet serhetleriniň ýapylyp, ýurduň serhet geçelgelerinde daşary döwletlerden gelýän ýük gatnawynyň täzeden düzgünleşdirilmegi bilen, azyk üpjünçiliginiň has-da ýaramazlaşandygyny habar berýärler.
Ýurt ýaşaýjylary döwlet dükanlarynda un, çörek, ýag, şeker we towuk budy ýaly arzan bahadan satylýan azyk harytlaryny satyn almak üçin gijeden nobata ýazylýarlar. Muňa garamazdan, polisiýanyň berk gözegçiliginde satylýan bu azyk önümleri nobata duran adamlaryň ählisine ýetmeýär.
3-nji aprelde Mary şäherinde azyk önümleriniň ýiti ýetmezçiligi sebäpli ýerli ýaşaýjylardan ençeme adam öz-özünden proteste çykyp, un hem beýleki azyk önümleri bilen üpjün edilmegini talap etdi.
Türkmen häkimiýetleri gytçylygy agzaman, ýurtda azyk howpsuzlygynyň döredilendigini, her ýyl oba-hojalyk borçnamalarynyň, şol sanda galla planynyň ýerine ýetirilýändigini tekrarlap gelýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.