Türkmenistan awtoulag gözegçiligini güýçlendirýär, ýollaryň ýagdaýyny, parahorlugy agzamaýar

Türkmenabat. Ýolda duran polisiýa ofiseri.

Türkmenistanyň çäklerinde we halkara gatnawlarynda awtoulag hyzmatlaryny amala aşyrýan ýerli we ýurda gelýän hem-de üstaşyr geçýän daşary ýurt awtoulaglarynyň maglumat binýady dörediler, olara GPS enjamy arkaly gözegçilik ediler.

Türkmen hökümeti ýurduň ýollaryndaky awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyna, hereketine berk gözegçiligi ýola goýjakdygyny aýdýar, emma ýollaryň, köprüleriň ýagdaýy, polisiýa işgärleriniň gatnaşmagyndaky alym-berim faktlary hakynda gürrüň etmeýär.

“Türkmenawtoulaglary’ agentligi Türkmenistanyň çäklerinde hereket edýän ýerli we daşary ýurt awtoulaglaryna GPS arkaly gözegçilik etmegi planlaşdyrýar, bu barada wise-premýer Baýramgeldi Öwezow 10-njy aprelde geçirilen hökümet mejlisinde habar berdi.

Degişli maglumat Daşoguzda gurulýan gurluşyklara berilmedik döwlet harajady býujet işgärleriniň jübüsinden alynýar


Şunuň bilen baglylykda, ýurduň çäklerinde we halkara gatnawlarynda awtoulag hyzmatlaryny amala aşyrýan ýerli we ýurda gelýän hem-de üstaşyr geçýän daşary ýurt awtoulaglarynyň maglumat binýady dörediler, olara GPS enjamy arkaly gözegçilik ediler. TDH-nyň maglumatyna görä, bu işler sanly ulgama geçmek netijesinde, tapgyrlaýyn esasda amala aşyrylar.

Birinji tapgyrda ýurduň paýtagtynda we welaýatlarda hereket edýän ýeňil taksilere hem-de ýolagçy awtobuslaryna gözegçilik ýola goýlar; olaryň tizligine, ýerleşýän ýerine, hereket edýän ugruna, ýangyç sarp edişine, tehniki gözegçilikden geçirilmeli wagtyna degişli gözegçilik üpjün ediler.

Degişli maglumat Maryda polisiýa hususy taksi sürüjileri bilen bir hatarda, awtoulagly raýatlara hem jerime ýazýar


Ikinji tapgyrda, degişli enjamlary ulanmak bilen, ýurduň çäginde hereket edýän ýük ulaglaryna, olaryň hereketine gözegçiliketmek ýola goýlar.

Üçünji tapgyrda halkara gatnawlaryny amala aşyrýan ýerli awtoulaglara sanly ulgam arkaly gözegçilik etmek we olara daşary ýurda çykmak üçin elektron rugsatnamany resmileşdirmek ýola goýlar.

Göz öňünde tutulýan işleri amala aşyrmak üçin ulaglar baradaky maglumatlary özünde jemleýän merkezleşdirilen maglumat binýady, ýurda gelýän we üstaşyr geçýän daşary ýurt awtoulaglarynyň hasabatyny ýöredýän elektron awtoulag karty dörediler.

Döwlet eýeçiligindäki neşir bu işleriň 2020-nji ýylyň 1-nji oktýabryna çenli amala aşyryljakdygyny belleýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň bellemegine görä, ulag serişdelerine, olaryň tehniki ýagdaýyna, hereket edýän ugruna we ýerleşýän ýerine gözegçiligi ýola goýmak gatnawlaryň howpsuzlygyny we işleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga kömek berer.

Degişli maglumat Häkimiýetler 'awtoulag urşuny' dowam etdirýär, synçylar jerimeleriň resmileriň jübüsine gidýändigini aýdýar


Azatlygyň habarçylarynyň berýän maglumatlaryna görä, Türkmenistanda regionlaryň, etraplaryň arasyndaky ýollara, köprülere köplenç bolmalysy ýaly seredilmezligi, olaryň uzak wagt bejerilmezligi howply ýagdaýlaryň döremegine alyp gelýär. Emma türkmen döwlet habar gullugy ýurduň ýollarynda bolýan köçe-ýol hadysalary barada açyk maglumat bermeýär.

Mundan başga, Türkmenistanda ösýän işsizlik köp adamy öz hususy awtoulagynda ýolagçy, ýük gatnatmak ýaly işlere baş urmaga mejbur etdi. Hususy ulaglarynda kireý edýänleriň arasynda tehniki taýdan gurat däl awtoulaglary ulanýanlar-da, sürüjilik şahadatnamasyny para berip alanlar-da az däl diýip, degişli edaralaryň wekilleri Azatlyk bilen anonimlik şertinde eden söhbetlerinde aýtdylar.

Netijede, häkimiýetler adamlaryň hususy awtoulaglarda gazanç etmek mümkinçiliklerini berk çäklendirdiler, olara agyr jerimeleri saldylar we arasynda garamtyl, goýy reňkli awtoulaglary ulanmazlyk ýaly dilden berlen görkezmeler esasynda hem uly päsgelçilik döretdiler.

Degişli maglumat Lebapda PÝGG gözegçiligi güýçlendirdi; raýatlar ‘para zerarly’ ulaglaryny sürmekden saklanýar


Ikinji tarapdan, bu çäklendirmeler ýol gözegçiligi polisiýasynyň sürüjilerden ugran ugrunda para almak, adamlary käte, puly bolmadyk ýagdaýynda, alyp barýan ýüklerini paýlaşmaga mejbur etmek mümkinçiliklerini köpeltdi diýip, synçylar aýdýar.

Emma täze giriziljek gözegçilikde ýollaryň, köprüleriň ýagdaýyna, ýol hadysalaryna sebäp bolýan esasy problemalara baha beriljekdigi ýa däldigi, polisiýa işgärleriniň para almagyny azaltmak ýaly meseleler agzalmaýar.

Resmi maglumata görä, diňe Aşgabat awtoparkynda 1400-e golaý awtobus, 445 ýeňil taksi bar, 2019-njy ýylda olar Türkmenistandaky ýolagçylaryň üçden birine hyzmat etdi.

Ýurtda ilata hyzmat edýän hususy awtobuslaryň, ýeňil taksileriň we ýük maşynlarynyň sany baradaky ygtybarly maglumat Azatlyga elýeterli bolmady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.