Türkmen prezidentiniň 'gapjygy' diýlip tanalan A.Dadaýewiň indiki derejesi 'tussag' hem bolup biler

Aleksandr Dadaýew

Türkmenistanda ýokary derejeli resminiň birden pensiýa, dynç alşa çykmagy köplenç ol resminiň tussag edilmegi we çynlakaý jenaýatlarda aýyplanmagy bilen utgaşýar.

Türkmenistanyň ýelesine-ygyna düşüp bolmaýan prezidentiniň 12 ýyllyk ynamdar kömekçi bolan Aleksandr Dadaýewiň birden Aşgabatdaky düşewüntli wezipesini näme üçin terk edendigi baradaky çaklamalar köpelmese, azalmaýar.

Türkmenistanyň kuwwatly Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň başlygy bolan Dadaýew Gurbanguly Berdimuhamedowyň görnetin ileri tutulýan we ynamdar maliýe kömekçileriniň biri bolup, il içinde prezidentiň "gapjygy" diýlip atlandyrylmaga çenli baryp ýetipdi.

Türkmenistanyň tebigy gaz we nebit söwdalaryna gönüden-göni dahylly bolmasa-da, Dadaýewiň birleşigi Türkmenistandan eksport edilýän önümleriň ýaryndan gowragyna ilteşikli bolup durýar.

Türkmenistanda ýokary derejeli resminiň birden pensiýa, dynç alşa çykmagy köplenç ol resminiň tussag edilmegi we çynlakaý jenaýatlarda aýyplanmagy bilen utgaşýar.

72 ýaşyndaky Dadaýewiň dynç almaga çykandygy 1-nji aprelde mälim boldy, ýogsam ol şondan iki hepde ozal bu birleşige ýene bir dört ýyl möhlet bilen başlyk saýlanypdy.

2006-njy ýylda, ilkinji türkmen prezidenti Saparmyrat Nyýazow ýogalandan soň, Berdimuhamedow Türkmenistanyň baştutany boldy. Ol 2008-nji ýylyň martynda Senagatçylar we telekeçiler birleşigini döretdi we Dadaýewi onuň başlyklygyna belledi.

Bu geň-enaýy seçgidi.

Nyýazow Dadaýewi 2002-nji ýylda, korrupsiýa aýyplamalary sebäpli, Aşgabat şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadypdy.

Baýlyga tarap ýol

Emma muňa garamazdan, Nuyýazowyň ölüminden soň, Dadaýewiň bagty birden çüwmäge başlady.

Bosgunlykdaky türkmen aktiwistleriniň ýöredýän "Türkmenistanyň Hronikasy" saýtynyň 2018-njy ýyldaky maglumatyna laýyklykda, Dadaýew 2007-nji ýylda öz "Guş toplumy" guşçulyk kärhanasyny giňeltmek üçin, 5% bähbit tölegi bilen iki ýyllyk möhletinde 10 million dollardan gowrak serişdäni karz aldy.

Şondan gysga wagt soň, Oba hojalyk ministrliginiň Ýer serişdeleri gullugy onuň guşçulyk fermasy üçin Ahal welaýatynda 30 gektar ýer we guşlary iýmlemek üçin iýmlik ekinleri ösdürip ýetişdirer ýaly, Ahalda 500 gektar suwarymly ýer, Daşoguz welaýatynda 500 gektardan gowrak ýer bölegini bölüp berdi.

Soňra Energiýa we senagat ministrligi bu guş toplumy üçin elektrik we ýyladyş ulgamlaryny çekdi.

Şondan bäri "Guş toplumy" Türkmenistanyň şäherlerindäki dükanlaryň we restoranlaryň köpüsini guş eti bilen üpjün etdi we Dadaýewi örän baý adama öwürdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow

Dadaýwiň baýlygy onuň 2008-nji ýylda Türkmenistanyň senagatçylar we telekçiler birleşiginiň başlygy bolmagy bilen has-da köpeldi.

Bu birleşik 2010-njyy ýylda "Rysgal" täjirçilik bankyny, hususy diýilýän banky döretdi. Aýdylmagyna görä, ýurtdaky kärhanalaryň köpüsi bir iş etjek bolsa, "Rysgal" bankyndan karz we kredit almaly boldy.

Şeýle-de bu birleşik "Rysgal" gazetini, öz syýasy partiýasyny – Türkmenistanyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň partiýasyny döretdi.

Senagatçylar we telekeçiler partiýasy Türkmenistanyň 2012-nji ýylda döredilen ikinji syýasy partiýa hökmünde hasaba alyndy, ondan öň ýurtda diňe Türkmenistanyň sowet döwründäki Kommunistik partiýasynyň ady üýtgedilip döredilen Demokratik partiýa bardy.

AÝ/AR-nyň Türkmen gullugynyň maglumatyna görä, Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň indi takmynan 24 müň 180 agzasy bolup, ol döwletiň esasy gurluşykçysy bolup durýar.

Mysal üçin aýdylsa, Berdimuhamedow şu ýylyň fewral aýynda bu birleşige Ahal welaýatynyň täze merkeziniň gurluşygy üçin 1.5 milliard dollar möçberinde serişde bölüp berdi.

Berdimuhamedowyň ogly Serdar gurluşyk senagaty ministrligine bellenmezinden öň Ahal welaýatynyň häkimidi.

Ýene-de bir ajaýyp mysal bolsa, Aşgabat bilen gündogardaky Türkmenabat şäheriniň (öňki Çärjew) arasynda 600 kilometrlik, ýokary tizlikli we köp ugurly awtoulag ýoluny gurmak üçin hem bu birleşige 2,5 milliard töweregi dollaryň bölünip berilmegi boldy. Uly awtoulag ýolunyň gurluşygy resmi taýdan, gündogar Türkmenistany günbatarda ýerleşýän Hazar port şäheri Türkmenbaşy bilen baglanyşdyrmak maksady bilen, 2019-njy ýylyň ýanwar aýynda başlandy.

Şeýle-de, Dadaýewiň birleşigi köp gatly kwartira jaýlaryny, maldarçylyk bazarlaryny, awtoulag duralgalaryny, döwrebap kottejleri, hatda Balkan welaýatynda balykçylyk fermasyny gurmak ýaly işler bilen hem meşgullanýar.

Sporta gezek gelende bolsa, bu birleşik 2017-nji ýylyň sentýabrynda Türkmenistanda ýapyk binalarda söweş sungatlary boýunça geçirilen Aziada üçin serişde toplady, sebäbi şol wagt hökümet, esasy eksporty bolan tebigy gazynyň bahalarynyň arzanlamagy sebäpli aljyrap, Aşgabadyň ilki Orsýet, soňra Eýran ýaly üç gaz alyjysyndan ikisini ýitirmegi netijesinde, uly nagt ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolupdy.

Birleşigiň başlygy hökmünde, Dadaýew Orsýet, Azerbaýjan, Gyrgyzystan ýaly ýurtlara we beýlekilere, guramasynyň haýryna ylalaşyk baglaşmak üçin, köp syýahat etdi.

Baýlygy paýlaşmak meselesi

Elbetde, Dadaýewiň maşgalasy hem baýady, onuň ogly Witaliý, dogany Alekseý dagy hem Türmenistanda birnäçe uly kärhana eýe boldy.

Onsoň haçanda 2020-nji 17-nji ýanwarynda, birleşigiň döredilmeginiň 12 ýyllygy bellenende, 2020-24-nji ýyllar üçin başlyk saýlamaga ses bermek üçin 600-den gowrak biznes agzasy bir ýere toplandy we Dadaýewi täzeden saýlady.

Şeýlelikde, haçanda Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň geňeşi 1-nji aprelde başga bir mejlise toplanyp, Dadaýewiň dynç alşa çykmak baradaky arzasyny kabul edýändigini yglan edende, bu örän geň göründi.

Eger-de Dadaýew dynç alşa çykmagy planlaşdyran bolsa, näme üçin ol muny 17-nji martda geçirilen maslahatdan ozal aýdyp, başlyk saýlamaga toplanan agzalaryň başga bir täze adamy başlyk saýlamagyny gazanjak bolmady?

Dadaýewiň birden wezipesinden boşadylmagy onuň basym jenaýat aýyplamalary bilen ýüzbe-ýüz boljakdygy we özüniň ummasyz uly möçberdäki baýlygyndan mahrum ediljekdigi baradaky çaklamalaryň orta atylmagyna alyp geldi.

Isgender Mulikow toaba edýär.

2009-njy ýyldan bäri içeri işler ministri bolup işlän Isgender Mulikowyň golaýda ýüzbe-ýüz bolan ykbaly hem bu çaklamalara esas bolup hyzmat etdi, Berdimuhamedow ony il masgarasy edip, 2019-njy ýylyň oktýabrynda wezipesinden boşatdy.

Mulikow dekabrda döwlet telewideniýesinde eli gandally, uly möçberlerde para alandygyny we döwlet serişdelerini ogurlandygyny boýun alýan şekilde görkezildi.

Bu soňky ýyllarda ýurduň ykdysadyýetiniň ýaramazlaşmagy, işsizligiň, esasy harytlaryň ýetmezçiliginiň we inflýasiýanyň ösmegi bilen, döwlet telewideniýesinde birnäçe gezek görkezilen tanyş sahna boldy.

Uzak ýyllap ýokary döwlet wezipelerinde işlän öňki emeldarlar, Berdimuhamedowyň kemsitmeleri astynda, döwlet telewideniýesiniň kameralarynyň öňünde öz wezipelerinden hyýanatçylykly peýdalanandyklaryny we bikanun mal-mülk toplandyklaryny boýun aldylar.