Nagt pul ýetmezçiliginiň arasynda nagt däl söwda çäklendirilýär

"Bank kartlaryndaky pullaryny nagtlaşdyryp bilmeýän ilat, nagt däl hasaplaşygyň togtadylmagynyň fonunda, bu harytlary nädip satyn almalydygyna düşünmeýär"

Türkmenistanda pul nagtlaşdyrmak bilen bagly problemalar ýurduň dürli regionlarynda saklanyp galýar. Azatlygyň ýurt içindäki habarçylary bu ýagdaýlaryň günsaýyn has-da ýaramazlaşýandygyny, nagt däl hasaplaşygyň hem barha çäklendirilýändigini aýdýarlar.

Balkanyň Türkmenbaşy şäherindäki bankomatlaryň pulsuz durandygy sebäpli, ýerli ýaşaýjylar indi bankomat gözleginde “Awaza” kurort zolagyndaky myhmanhanalara aýlanyp başladylar.

“Türkmenbaşydaky ‘Halk bankynyň’, ‘Senagat bankynyň’ şahamçalaryndaky bankomatlarda pul ýok. Bir aýyň dowamynda bankomatlara diňe iki gezek pul goýuldy. Bialaç adamlar indi ‘Awazadaky’ myhmanhanalardaky bankomatlardan pul nagtlaşdyrmaga synanyşýarlar. Emma, ol bankomatlar hem boş dur” diýip, Azatlygyň Balkandaky habarçysy anonimlik şertinde 7-nji aprelde maglumat ýetirdi.

Degişli maglumat Darganata: Bankomatlardan bir gije-gündiziň dowamynda nagtlaşdyrmaga rugsat berilýän limit 100 manada getirildi

Azatlygyň Lebap, Mary welaýatlaryndaky habarçylary hem sebitlerdäki bankomatlaryň aglabasynyň boş durandygyny, günde diňe 10 töweregi adamyň çäkli möçberdäki puluny nagtlaşdyryp bilýän bankomatlaryň öňünde bolsa ýüzlerçe adamlyk nobatlaryň döreýändigini aýdýarlar.

Bellesek, ýurtda nagt däl hasaplaşygy boýunça söwda mümkinçilikleriniň çäkli bolandygy üçin, adamlar günübirin zerur harytlary satyn alyp bilmegi üçin, bank kartlaryna geçirilýän aýlyk haklaryny nagtlaşdyrmaga synanyşýarlar. Bu aralykda, türkmen häkimiýetleri maliýe ýetmezçiliginiň ýitileşýän döwründe, ozal bar bolan çäkli nagt däl hasaplaşyk mümkinçiliklerini has-da azaldyp başladylar.

“Maryda ähli dükanlar, şol sanda ‘Belent’ söwda merkezi hem bank kartlaryny kabul etmegini bes etdiler. Söwdegärler ‘bank bilen aragatnaşygyň ýokdugyny’ aýdýarlar” diýip, Azatlygyň Baýramalydaky atlandyrylmasyzlygyny soran çeşmesi 7-nji aprelde gürrüň berdi.

Marydaky ýagdaýlary häzir ýurduň tas ähli künjeginde, şol sanda paýtagt Aşgabatda hem synlasa bolýar.

Türkmen häkimiýetleri, habar serişdeleri ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan maliýe kynçylyklary barada açyk maglumat bermeýärler.

Türkmenistanyň ykdysady ýagdaýyny koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak çäreleri bilen baglanyşykly girizilen gadagançylyklar has-da ýaramazlaşdyrdy.

Degişli maglumat Aşgabatda telekeçiler bank hasaplaryndaky pul serişdesini nagtlaşdyryp bilmeýär

Geçen hepde prezident Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen ykdysadyýetini koronowirus pandemiýasynyň ýaramaz täsirlerinden goramak barada wada berse-de, synçylar ýurtda hemme zady gülala-güllük edip görkezmek synanyşyklarynyň dowam etdirilýändigini aýdyp, bu öňe sürmelere şübheli garadylar.

Bu aralykda, geçen hepde soňy Maryda onlarça adamyň azyk bilen üpjün edilmegini talap edip protest geçireninden soňra, ýurduň käbir künjeklerindäki ozal boş duran döwlet dükanlaryna un, ýag ýaly harytlar getirilip başlandy. Bu iki ýagdaýyň arasyndaky baglanyşygyň bardygyny ýa ýokdugyny anyklamak başartmady.

Emma, bank kartlaryndaky pullaryny nagtlaşdyryp bilmeýän ilat, nagt däl hasaplaşygyň togtadylmagynyň fonunda, bu harytlary nädip satyn almalydygyna düşünmeýär diýip, Azatlygyň ýurt içindäki habarçylary maglumat berýärler.