Türkmenabatda karantin astynda saklanýan 15 töweregi adam karantin zonasyndan gaçdy

Illýustrasiýa suraty. Türkmenabatda ýola gözegçilik edýän bir polisiýa işgäri. Arhiwden alyndy.

Türkmenabatdaky koronawirus karantin zonasyndan gaçan raýatlara uly jerime ýa-da 1 ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy garaşýar. Lebapda lukmanlar gyzgyny ýokarlanan raýatlary bellige alman bejergi edýär. Ýurtdan bu habarlar gelip gowuşýan mahaly, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hökümet mejlisinde koronawirusy maslahat etdi.

Türkmenabatda karantinde saklanýan Türkiýe, Orsýet we käbir GDA ýurtlarynda bolup gaýdan 15 töweregi raýat karantinden gaçmagy başarypdyr. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy türkmenabatly we aşgabatly iki lukmana salgylanyp habar berýär.

Habarçy ol ýeri terk eden raýatlaryň karantin kadalaryny bozandygyny hem-de lukmanlara para berendigini aýdýar.

“Olary MHM öýlerinde ele salyp, täzeden karantine tabşyrdy. Olara uly jerime ýa-da 1 ýyl azatlykdan mahrum etmek jezasy garaşýar” diýip, habarçymyz aýdýar.

Lukmanlaryň howpsuzlygyny nazarda tutup, Azatlyk Radiosy olaryň maglumatlaryny mälim etmekden saklanýar.

Dünýäde ýokanç keseliň ýüze çykmagy bilen fewralyň başynda Türkmenabatda karantin zonasy döredilipdi.

Türkmenistanda şu wagta çenli koronawirus keseli resmi derejede hasaba alynmady.

Degişli maglumat Koronawirus sebäpli tussaglyk, izolýasiýa, azyk ýetmezçiligi. COVID-19 we Türkmenistan

“Ýurtda koronawirusyň ýokdugy aýdylýar, gyzgyny bolup [koronawirusdan] şübhe edilen ençeme raýat bolupdyr emma olar arassa çykypdyrlar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy aýdýar.

Ýöne onuň maglumatlaryna görä, Lebapda gyzgyny ýokarlanan käbir raýatlar keselhanada hasaba alynmazdan olara saglyk bejergisi berilýär.

“Häzirki wagtda lukmanlar gyzgyny ýokary raýatlary keselhanada bellige alman, olara bejergi edýärler. Bu ýagdaý düşnüksiz” diýip, Azatlygyň habarçysy aýtdy.

Türkmen häkimiýetleriniň koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin geçirýän käbir “arassaçylyk çäreleri” Lebabyň obalarynda itleriň we pişikleriň heläk bolmagyna getirýär.

Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, Türkmenistanyň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreş gullugy Saýat etrabynyň Bereket we Bakjaçylar hem-de Farap etrabynyň Goýgala daýhan birleşiklerinde dezinfeksiýa işlerini alyp barýar.

“Bu dezinfeksiýanyň çäginde ýabany haýwanlaryň bar ýerlerine zäherlenen kolbasa taşlanýar” diýip, habarçy aýtdy, ol obalardaky it-pişikleriň zäherlenen kolbasalardan heläk bolýandygyny sözüne goşdy.

Bu obalar Özbegistanyň Buhara oblastynyň Alat we Garaköl etraplary bilen serhetleşýär.

Degişli maglumat Koronawirusyň agzalmagyna garşy çykýan Türkmenistan hassahanalary taýýarlaýar

Türkmenistanyň döwlet telewideniýesinde efire berilýän programmalar koronawirus sözüni agzamakdan gaça durýan wagty, we bu ýagdaýyň halkara habar giňişliginde tankyt edilýän mahaly, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 3-nji aprelde geçiren hökümet mejlisinde koronawirus ýokanjynyň zyýanly täsirini azaltmagy maslahat etdi.

Onuň ýurt ykdysadyýetine ýetirjek ýaramaz täsirini azaltmak maksady bilen Türkmenistanda:

  • Kiçi we orta kärhanalara karz bermek maksatnamasyny giňeltmek
  • Salgytlary tölemegiň möhletlerini gaýra goýmak
  • Käbir kärhanalara karz boýunça bergileri yzyna tölemek babatda ýeňillik bermek göz öňünde tutulýar.

Ýöne synçylar Türkmenistanyň bu çäreleri amala aşyrmak mümkinçiliklerine şübheli garaýar.

Şeýle-de prezident Berdimuhamedow dünýäde häzirki wagtda uglewodorod serişdeleriniň bahalarynyň pese gaçmagy bilen bagly ýagdaýlara-da ünsi çekdi. Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän nebitgaz toplumlaryny özleşdirmek boýunça işleri çaltlandyrmagy tabşyrdy.

Degişli maglumat COVID-19: Türkmen we özbek liderleri telefonda wirus meselesine degip geçdi. Rus, amerikan ilçihanalary wiza hyzmatlaryny wagtlaýyn togtatdy

Global pandemiýanyň fonunda martyň ahyrynda dünýä bazarlarynda 1 barrel nebitiň bahasy 20 dollara çenli pese gaçdy. Deňeşdirmek üçin aýdylsa, Berdimuhamedowyň prezidentlik wezipesine girişen ilkinji ýyllarynda, 2008-nji ýylda nebitiň bahasy 140 dollara çenli ýokarlanypdy. Türkmenistanyň iň esasy girdeji çeşmesi onuň ýangyç-energetika pudagydyr.

Hökümet maslahatynda Berdimuhamedow dünýäde koronawirus ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreş zerarly girizilen çäklendirmeleriň netijesinde häzirki wagtda howa ulaglarynyň has düýpli kynçylygy başdan geçirýändigini aýtdy.

Ýatlasak, “Türkmenhowaýollary” ýokanç keseliň ýaýramagy bilen daşary ýurtlara amala aşyrýan howa gatnawlaryny togtatdy.

Saglyk pudagyna gözegçilik edýän wise-premýer Pürli Agamyradow prezidente beren hasabatynda koronawirusyň ýaýramagyna garşy ýurtda görlen çäreler, döwlet serhetlerinde arassaçylyk-karantin gözegçiliginiň güýçlendirilmegi, howa gatnawlarynyň çäklendirilmegi ýaly çäreler barada hasabat berdi.

Şeýle-de, prezident hökümet maslahatynda eden çykyşynda Türkmenistanyň “Ýaşlyk” teleýaýlymynyň üsti bilen mekdep hem-de institut bilim maksatnamalary boýunça sapaklary görkezmegi maslahat berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.