Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

COVID-19: Türkmen we özbek liderleri telefonda wirus meselesine degip geçdi. Rus, amerikan ilçihanalary wiza hyzmatlaryny wagtlaýyn togtatdy


Türkmenistanyň kartasy
Türkmenistanyň kartasy

Koronawirus global pandemiýasy 166 ýurtda hasaba alnyp, dünýäde bu kesele ýoluganlaryň sany 207,860 adama, ondan ölenleriň 8,657 adama ýeten wagty, häzire çenli COVID-19 ýokuşan raýaty tassyklanmadyk Türkmenistan oňa garşy käbir çäreleri görýär. Aşgabadyň döwlet edara-kärhanalarynda ýüzärlik tüsseledilýär, işgärleriň gyzgyny barlanýar, köpçülikleýin transport serişdeleri hlorlanýar, we beýleki käbir öňüni alyş çäreleri görülýär. Ýurtdaky daşary ýurt kompaniýalarynyň arasynda menzilara iş tertibini ýola goýup başlan kompaniýalar bar. Russiýanyň, Birleşen Ştatlaryň we Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanalary COVID-19 bilen bagly täze beýanat çap etdiler. Bu maglumatlaryň fonunda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 18-nji martda goňşy Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirip, COVID-19 bilen bagly meselä, TDH-nyň ýazmagyna görä, “degip geçdiler”.

Çarşenbe güni türkmen we özbek liderleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Onuň dowamynda beýleki meseleler bilen bir hatarda, koronawirus ýokanç keseliniň ýaýramagy bilen bagly meselä “degip geçildi”.

“Prezident Berdimuhamedow Türkmenistanyň koronawirusa garşy göreşmek boýunça dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldamak bilen, bu meseläni çözmäge jogapkärçilikli çemeleşýändigini hem-de degişli ugurda doganlyk Özbegistan bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny aýtdy” diýip, TDH ýazýar.

Maglumata görä, Berdimuhamedow we Mirziýoýew “koronawirusyň täsirine garşy durmakda goňşy döwletleriň tagallalarynyň birleşdirilmegini goldapdyrlar”, ýöne resmi habarda birleşdirilmegi göz öňünde tutulýan tagallalar aýdyňlaşdyrylmaýar.

Özbegistanda 19-njy marta çenli COVID-19 ýokuşan 23 adam hasaba alyndy. “Türkmenistanyň hronikasynyň” habaryna görä, Türkmenistan Özbegistanda bilim alýan raýatlaryndan 21 talyby ýurda getirdi. Türkmenistan bilen Özbegistanyň serhet geçelgeleri 31-nji ýanwardan bäri ýapyk saklanýardy.

Aşgabatdaky birnäçe daşary ýurt ilçihanasy COVID-19 bilen baglanyşykly täze bildiriş çap etdi. Maglumat ýaýradan ilçihananalar koronawirus bilen baglylykda Türkmenistanda wiza we howa gatnawlary babatynda güýji girizilýän täze çäklendirmeleri mälim etdiler.

Birleşen Ştatlaryň Aşgabatdaky ilçihanasyny 18-nji martda ilçihananyň wiza hyzmatlarynyň näbelli möhlete çenli togtadylýandygyny mälim etdi.

Ilçihana 17-nji martda çap eden aýrybaşga bildirişinde Birleşen Ştatlaryň raýatlaryna 1-nji aprele çenli Türkmenistanyň çägine girmäge rugsat berilmejekdigini, Türkmenistana gelýän we ondan gidýän uçar gatnawlarynyň azalandygyny mälim etdi.

“Türkmenistan öz çäginde koronawirus (COVID-19) bilen bagly hadysalar barada şu güne çenli habar bermedi” diýip, ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň bildirişinde aýdylýar.


Şol bir wagtyň özünde, Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy hem daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk adamlara dürli görnüşli wizalaryň berilmeginiň 18-nji mart – 1-nji maý aralygynda wagtlaýyn togtadylýandygyny habar berdi.

Ilçihana bu çäräniň jemgyýetiň saglygyny goramak hem-de koronawirus ýokanç keseliniň Russiýada ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen edilendigini habar berýär.

Maglumata görä, halkara guramalaryň wekillerine we başga-da birnäçe adama kadadan çykma görnüşinde wiza berler.

Galyberse-de, Aşgabatdaky rus ilçihanasy koronawirus aladalary bilen baglylykda 17-nji martdan başlap menzilara iş tertibine geçýändigini mälim etdi.

Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasynyň çarşenbe güni çap eden bildirişinde 17-nji martdan başlap türkmen häkimiýetleriniň Türkmenistana syýahat etmegi göz öňünde tutýan ähli ýolagçylardan, şol sanda türkmen raýatlaryndan COVID-19 boýunça saglyk kepilnamasyny talap edýändigini, kepilnamasyz ýolagçylaryň ýurda girmegine rugsat berilmejekdigini habar berdi.



Türk ilçihanasy bu talaba laýyklykda “Türkhowaýollary” kompaniýasynyň Türkmenistan ugry boýunça uçar gatnawlarynyň 2-nji aprele çenli togtadylýandygyny mälim etdi.

Türkmenistana daşary ýurtlardan barýan ähli uçar gatnawlary 10-njy martdan bäri diňe Türkmenabadyň halkara aeroportuna gondurylýar, ýolagçylaryň ählisi saglyk barlagyndan geçirilýär.

Bu aralykda “Türkmenhowaýollary” COVID-19 bilen baglylykda uçar gatnawlaryny togtatmagyň möhletini uzatdy. Oňa laýyklykda gullugyň, Moskwa we Sankt-Peterburg gatnawlary 30-njy aprele çenli, Kazan gatnawlary 26-njy aprele çenli, Frankfurt gatnawlary 25-nji aprele çenli, hem-de Bankok gatnawlary 31-nji maýa çenli gaýtadan togtadyldy.

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, Türkmenistanyň içinde-de häkimiýetler ýokanç keseliň ýaýramagynyň öňüni almak üçin käbir çäreleri görýärler.

19-njy martda habarçymyzyň anonim şertde Aşgabatdan ýetiren habaryna görä, penşenbe güni döwlet-edara kärhanalarynda lukmanlar işgärleriň gyzgynyny barlady, iş ýerlerinde täzeden ýüzärlik tüsseledildi.


“Düýn agşam azyk dükanyna bardym, köp adam ätiýaç azyk haryt satyn alýar” diýip, habarçy aýtdy. Onuň sözlerine görä, Aşgabatdaky käbir daşary ýurt kompaniýalary menzilara iş tertibine geçýär.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, penşenbe güni irden Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreş gullugynyň Aşgabatdaky bölüminiň işgärleri paýtagtyň eteginde ýerleşýän Bagyr obasyna ýokanç kesel bilen baglylykda ýörite barlaga ugradyldy.

Türkmenistan özünde koronawirus keseliniň ýüze çykmandygyny aýdýan Demirgazyk Koreýa, Siriýa, Günorta Sudan we Ýemen ýaly az sanly ýurtlaryň hataryndadyr.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG