Sanlaryň näme üçin koronawirus pendemiýasynyň hakyky ýagdaýyny görkezmeýän bolmagynyň sebäpleri

Sanlar gorkuzyjy.

Dünýäde tassyklanan koronawirus näsaglarynyň sany bir gün ozalkydan hemişe ýokary bolup, 2-nji aprelde olaryň sany 1 milliondan geçdi.

Ýöne hakyky sanlar aslynda has ýokary bolsa näme?

Ekspertler bize - habar berilýän ýa-da berilmeýän - sanlaryň problemanyň doly däl suratyny şöhlelendirip biljekdigini aýdýarlar.

Barlagdan geçirmek, barlagdan geçirmek, 1, 2, 3

Test enjamlary ýa-da onuň ýetmezçiligi pandemiýanyň hakyky geriminiň näbelli bolmagynyň esasy sebäpleriniň biridir. Bu hökümetleriň günäsi bolman biler. Wirus ýokuşanlaryň köpüsinde hiç hili alamatlar görünmeýär we olar test edilmäge, barlagdan geçirilmäge degişli bolmaýarlar.

Emma maglumatlar bilen baglanyşykly başga problemalar hem bolup biler, ýagny käbir hökümetler öz ýurtlarynda meseläniň gerimini kiçeltmek üçin sanlary ýoýup bilerler.

1-nji aprelde Birleşen Ştatlaryň media serişdeleri ABŞ-nyň resmileriniň Hytaýyň sanlaryny "galp" diýip atlandyrýandygyny, Pekiniň öz ýurdunda koronawirusyň ýaýramagynyň derejesini gizländigine ynanýandygyny habar berdiler.

Hytaý ýaly Eýran hem koronawirus pandemiýasyndan ýiti ejir çekdi. Pekin ýaly Tähran hem ýurtdaky hakyky ýagdaýy ýoýup görkezmek üçin sanlary galplaşdyrmakda şübhelenilýär.

Russiýanyň ep-esli pes sanlary babatynda hem soraglar orta atyldy.

Käbir hökümetler öz ýurtlarynda bu meseläniň gerimini kiçeldýän hem bolsa, başga bir ýerde pandemiýanyň gerimini ýokarlandyrmak üçin edilýän tagallalaryň arkasynda bolup bilerler.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Koronawirus testleri barada 5 zady bilmeli

Düýbi Ýewropa Bileleşiginde ýerleşýän we galp habarlary yzarlaýan toparyň 1-nji aprelde çap eden maglumatyna görä, sosial ulgamlardaky Kremle tarapdar çeşmeler Ýewropa Bileleşiginiň pandemiýa garşy göreşde şowsuz bolýandygy we dargamagyň bäri ýanyndadygy barada maglumatlary mahabatlandyrdylar.

Bütindünýä Saglyk Guramasynyň maglumatlaryna görä, testler, barlaglar näçe köp geçirilse, ýurtlar şonça-da pandemiýanyň öňüni alyp biljek ýaly bolup görünýär.

Birleşen Ştatlaryň maglumatlarynda testleri, barlaglary geçirmegiň gowulaşmagy bilen, tassyklanan koronawirus näsaglarynyň sanynyň birden ýokarlanýandygyny görkezýär.

Ýöne bu wirus ýokuşanlaryň sanynyň köpelýändigini aňladýarmy? Munuň şeýle bolmagy hökman däl. Ekspertler has ýokary sanlary, iň bolmanda bölekleýin, has köp testiň geçirilmegi bilen düşündirip boljakdygyny aýdýarlar.

"The Atlantic" žurnalynda aýdylyşy ýaly:

"Häzirki wagt Birleşen Ştatlar koronawirus näsaglarynyň sanynyň ýiti ýokarlanmagynymy ýa koronawirus testleriniň çalt artdyrylmagynymy ýa-da bularyň ikisini-de başdan geçirýärmi? Jogap tanyş bolmaly: Biz entek bilemzok we muny bilýänçäk birneme wagt geçer".

Birleşen Ştatlar barlaglary geçirmegi çaltlandyran mahaly, Hindistan başga ugur boýunça çemeleşmegi saýlap aldy.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

COVID-19 keselini bejerip biljek dermanlar golaýda peýda bolarmy?

Nýu-Deli, dünýäniň iň köp ilatly ikinji ýurdunda testleriň çäkli möçberde geçirilmegi COVID-19 bilen kesellän näsaglaryň anyklanman galmagyna getirip biljekdigi baradaky tankytlara garamazdan, adamlarda koronawirus testlerini geçirmegi ret etdi.

Al-Jazeera neşiriniň 18-nji martda habar berşi ýaly, hindi resmileri BSG-niň has köp test geçirmek baradaky görkezmesiniň Hindistanda ulanylmaýandygyny, sebäbi bu ýerde wirusyň ýaýramagynyň beýleki ýerlerden has az bolandygyny aýtdylar.

Hindistanyň Lukmançylyk barlag geňeşiniň başlygy Balaram Bharghawa has köp test geçirmegiň diňe "has köp gorky, has köp paranoýýa we has köp dowul" döretjekdigini aýtdy.

Johns Hopkins koronawirus resurs merkeziniň 3-nji apreldäki maglumatlaryna görä, Hindistanda - 1,4 milliarda golaý ilatly ýurtda - tassyklanan koronawirus näsaglarynyň sany diňe 2500 adamdan aşdy we bu keselden 72 adam öldi.

Sessiz-üýnsüz​ ýaýradyjylar

Ýöne hökümetleriň serişdeleri bolup, olar barlaglary geçirmäge islegli bolsa-da, kimiň testden geçirilmelidigi hemişe anyk aýdyň bolman biler.

Munuň sebäbi koronawirusa her kimiň başgaça reaksiýa bildirmegi bilen bagly.

Çehiýanyň Arassaçylyk gullugynyň baş hünärmeni Jarmila Razowa 2-nji aprelde çeh habar beriş serişdelerine beren maglumatynda koronawirus ýokuşan adamlaryň 40 göterimine golaýynyň hiç hili alamat, simptom görkezmezliginiň mümkindigini aýtdy.

Sessiz-üýnsüz ýaýradyjylar diýilýänleriň koronawirus pandemiýasynyň möwjemegine itergi bermeginden alada edilýär.

"Gizlin ýaýramak" diňe hakyky däl, eýse epidemiýanyň "esasy hereketlendiriji güýji"bolup durýar diýip, Kolumbiýa uniwersitetiniň ýokanç keseller boýunça barlagçysy we 16-njy martda "Science" žurnalynda çap edilen ylmy barlaga ýolbaşçylyk eden Jeffreý Şaman aýtdy.

Ýöne maglumatlar koronawirus problemasynyň hakyky ýagdaýyny suratlandyrmak üçin hakykata ýakyn bolsa-da, käbir hökümetleriň bu maglumatlary ýoýup görkezýän bolmagy mümkin.

31-nji martda Moskwada rus polisiýasy sürüjiniň resminamalaryny barlaýar.

Johns Hopkins uniwersitetiniň maglumatyna görä, geçen ýylyň dekabrynda wirusyň ýaýrap başlan ýeri Hytaýda, 3-nji apreliň maglumatlaryna görä, tassyklanan koronawirus näsaglarynyň sany 82000-e ýetdi we bu keselden 3300 adam öldi.

Deňeşdirmek üçin aýtsak, 3-nji aprelde Birleşen Ştatlarda tassyklanan koronawirus näsaglarynyň sany 245000-den aşdy we bu keselden 6000-den gowrak adam öldi.

Birleşen Ştatlaryň aňtaw gullugy Ak tama gowşuran gizlin hasabatynda Hytaýyň koronawirusyň ýaýramagynyň hakyky gerimini gizländigi barada netije çykardy diýip, 1-nji aprelde resmiler aýtdylar.

Degişli maglumat COVID-19: Gyrgyzystanda ilkinji koronawirus ölümi hasaba alyndy, azerbaýjanlylar daş çykmazdan ozal SMS ugratmaly

Ýakyn Gündogarda hiç bir ýurt Eýrandan has köp agyr çekmedi. Johns Hopkins uniwersitetiniň 3-nji aprelde beren maglumatyna görä, Eýranda tassyklanan koronawirus näsaglarynyň sany 50000 adamdan aşdy we bu keselden 3100-den gowrak adam öldi. Muňa garamazdan, köpler Eýranyň görkezijileriniň pesdigini aýdyp, senzura we aç-açanlygyň ýoklugy bilen tanalýan Tähranyň sanlaryna şübheli garaýarlar.

Krizis başlaly bäri Eýranyň koronawirusdan ejir çeken esasy merkezlerinde ýurduň parlamentiniň agzalary we ýerli resmiler wirus ýokuşan we ondan ölen adamlaryň sanynyň ýurduň ruhany režimi tarapyndan ýiti azaldylyp görkezilýändigini aýdyp gelýärler.

Mart aýynyň ortalaryna degişli, satelit arkaly düşürilen suratlarda Eýranda koronawirusyň başlandygyna ynanylýan Kom şäheriniň töwereginde köpçülikleýin mazarlar gazylýan ýaly bolup görünýär.

Näsazrus barlag enjamy

Johns Hopkins uniwersitetiniň ýygnan maglumatyna görä, 144 milliondan gowrak ilatly Russiýada tassyklanan koronawirus näsaglarynyň sany 3500-e deň we bu keselden diňe 30 adam öldi.

Russiýa testleri ir we has giň gerimde geçirendigi üçin wasp edilse-de, käbir bilermenler kiçi sanlaryň sebäplerini, belli bir derejede, barlaglaryň Sibiriň Nowosibirsk şäherindäki döwlet tarapyndan maliýeleşdirilýän laboratoriýa tarapyndan işlenip taýýarlanan test gurallarynda geçirilendigi bilen düşündirip boljakdygyny aýdýarlar.

Degişli maglumat COVID-19-yň möwjemegi bilen, Mirziýoýew MA liderleri bilen gatnaşykda öňe saýlanýar

"PCR News" atlandyrylýan rus ylmy blogy özüniň laboratoriýa testiniň anyk protokollaryny gözden geçirendigini aýdyp, onuň wirusy diňe nusgada belli bir çäkden geçse anyklaýandygyny mälim etdi. Şeýle-de, test garaşylandan has köp sanda "galp pozitiw netijeleri" berýän ýaly bolup görünýär.

23-nji martda Moskwanyň koronawirus boýunça iş topary test geçirmek baradaky protokolyň üýtgediljekdigini aýtdy, ýöne bu ädimiň şübheli adamlaryň garaýyşlaryny ýeňip biljekdigi heniz belli däl.

Russiýanyň içinde Kreml ýerli müňkürleri sosial ulgamlarda ýalňyş maglumatlary ýaýratmakda aýyplap, olary basyp ýatyrmaga synanyşýar.

Mart aýynyň başynda Russiýanyň Federal howpsuzlyk gullugy (FSB) we Internete gözegçilik edýän gullugy koronawirus bilen kesellänleriň hakyky sanynyň 20000 adama ýetendigini we Russiýanyň hökümetiniň muny ýaşyrýandygyny öňe sürýän wirusly posty aýyrmaga başlady.

Kreml öz ýurdunda bu meseläniň gerimini kiçeltmäge howlugan mahaly, ony daşary döwletlerde ýokarlandyrmak isleýän ýaly bolup görünýär.

Ýewropa Bileleşiginiň "East StratCom Task Force" topary tarapyndan 1-nji aprelde çap edilen analizlere görä, "COVID-19 keseliniň fonunda ÝB-niň bölünýändigi baradaky öňe sürmeler analiz geçirilen ähli regionlardaky, şol sanda ÝB döwletlerindäki we Günorta Ýewropadaky sosial ulgamlarda trende öwrülýär".

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.