Türkmenistanyň Merkezi banky walýuta bank hasaplary bolan adamlaryň pul serişdesini daşary ýurt walýutasynda bermezlik barada dil üsti bilen görkezme ýaýratdy. 1-nji aprelden başlap türkmen banklary Türkmenistandaky daşary ýurt kompaniýalarynyň işgärleriniň walýuta hasaplaryndaky zähmet haklaryny dollaryň döwlet kursy boýunça diňe manatda bererler. Ýurtda dollaryň resmi kursy onuň "gara bazardaky" nyrhyndan tas alty esse pesdir.
Degişli maglumat Türkmenistan öz ilaty üçin walýuta çäklendirmelerini artdyrýar"1-nji aprelde Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan ýurduň ähli banklaryna dil üsti bilen görkezme berildi. Görkezmä laýyklykda, türkmen banklaryna ýurtda hereket edýän daşary ýurt kompaniýalarynyň işgärleriniň walýuta hasaplaryndaky zähmet haklaryny daşary ýurt walýutasynda bermegi bes etmek tabşyryldy. Mundan beýläk olaryň walýuta hasaplaryndaky aýlyklary döwlet kursy boýunça diňe manatda berler" diýip, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy 1-nji aprelde gürrüň berdi.
Mundan öň, Azatlyk Radiosy bilen Aşgabatdan habarlaşan çeşme çarşenbe güni irden döwlet banklarynyň daşary ýurt kompaniýalaryň Aşgabatdaky wekilhanalaryna jaň edip başlandygyny habar berdi.
"Banklar kompaniýalara işgärleriň aýlyklaryny öňküsi ýaly dollarda geçirmelidigini, ýöne olaryň aýlyklarynyň döwlet kursyna görä manatda beriljekdigini aýtdylar. Häzir banklarda uly nobatlar döredi. Işgärler walýuta hasaplaryndaky aýlyklaryny dollarda almaga synanyşýarlar" diýip, çeşme 1-nji aprelde beren maglumatynda aýtdy.
Azatlyk Radiosyna bu barada Türkmenistanyň Merkezi bankyndan resmi kommentariý almak başartmady.
Bu barada "Turkmen.news" neşiri hem, "Petronas", "Dragon Oil" we "Bouygues" ýaly kompaniýalaryň Türkmenistandaky edaralarynda işleýän çeşmelerine salgylanyp, 1-nji aprelde habar berdi.
"Türkmen banklary dollardaky aýlyklary Visa walýuta kartlaryna salyp, olardan daşary ýurtlarda peýdalanyp boljakdygyny aýdýarlar. Ýöne kartdaky puldan bir günuň dowamynda diňe $50 nagtlaşdyryp ýa-da nagt däl amallar üçin ulanyp bolýar. Şeýle-de iň azyndan, häzir tomus paslyna çenli hiç ýere gidip bolmaýar" diýip, neşir Aşgabatdaky çeşmesiniň sözlerini getirdi.
Degişli maglumat Türkmenistanyň iň esasy energiýa müşderisi – Hytaý, epidemiýanyň fonunda, gaz importyny azaldýar2015-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň Merkezi banky dollaryň resmi kursyny 3,50 manat möçberinde saklap gelýär. 2016-njy ýylyň ýanwarynda bolsa, Türkmenistanda dollaryň nagt söwdasy gadagan edildi. Şondan soň onuň "gara bazary" emele gelip, 1 amerikan dollarynyň bahasy 20 manada çenli ýetdi.
Azatlygyň habarçysy daşary ýurt kompaniýalarynyň işgärleriniň aýlyklarynyň daşary döwletlerden walýutada gelýändigine ünsi çekdi. Şeýle-de, ol täze görkezmäniň daşary ýurt kampaniýalarynyň işgärlerine walýutada aýlyk almaga mümkinçilik berýän Türkmenistanyň walýuta düzgünnamasy baradaky kanunçylygyna ters gelýändigini belledi.
Martyň başynda Türkmenistan öz ilaty üçin walýuta çäklendirmelerini güýçlendirdi. "Reuters" neşiriniň 13-nji martda çap eden maglumatyna görä, Türkmenistanyň Merkezi banky raýatlaryň her aýda milli bank kartlarynda ýerli manatda serişde goýup, ABŞ walýutasynda yzyna alyp bilýän walýuta serişdesini 300 dollara çenli azaltdy. Mundan öňki resmi aýlyk çäklendirme ABŞ-nyň 500 dollaryna barabardy.
Bularyň ählisi global nebit bahalarynyň aşaklan we koronawirus pandemiýasynyň fonunda türkmen gazynyň esasy alyjysy "PetroChina" kompaniýasynyň ýurda import edýän tebigy gazynyň, şol sanda suwuklandyrylan gazyň möçberini azaldýandygyny yglan eden mahalyna gabat geldi.
Soňky ýyllarda Türkmenistanda milli walýutanyň bahasy we konwertasiýa çäklendirmesi bilen baglanyşykly meseleler halkara guramalarynyň türkmen hökümetine beren maslahatlarynda birnäçe gezek agzaldy.
2019-njy ýylyň noýabrynda Aşgabada sapar eden Halkara pul gaznasynyň ekspertleri Türkmenistanyň hökümetine durnukly ykdysady ösüşi gazanmak üçin döwlet inwestisiýalaryny azaltmagy we manadyň konwertasiýa mümkinçiliklerini ösdürmegi maslahat berdiler.