Berdimuhamedow içerki bazary üpjün etmegi, daşaryk artan azygy satmagy, onlaýn söwdasyny gurnamagy tabşyrýar

"Jennet" bazarynda ownuk, ýygnalanda pil degen ýer almalarynyň hem bahasy gymmatlady.

Türkmenistanyň prezidenti 24-nji martda iş maslahatyny geçirip, azyk önümleriniň birden ýokary galmagynyň fonunda, dokma önümlerini ýerlemek, gurluşyklary wagtynda gurmak bilen bir hatarda, içerki bazarlary haryt bilen üpjün etmek meselesini gozgady, onlaýn söwdasyny ýola goýmagy tabşyrdy.

Bu maslahat ýurduň koronowirus aladalary sebäpli serhetlerini ýapan we içerki bazardaky haryt gytçylygynyň öňki ýyllardaka garanda hem has ýitileşen wagtyna gabat geldi. Emma hökümet ýurtda azyk bolçulygynyň döredilendigi baradaky tassklamalaryny gaýtalýar.

Hökümet baştutany maslahatda konowirus meselesini ýene-de agzamady. Resmi Aşgabat ýurtda wirus ýokuşanlaryň bardygy hakynda çykan resmi däl maglumatlary ret edýär.

Azatlygyň habarçylary ýurduň regionlarynda bu golaýda görülmedik azyk gytçylygynyň başlanandygyny 22-nji martda habar berdiler.

“Türkmenbaşy we Balkanabat şäherlerinde, Serdar etrabynda azyk harytlary ençeme esse gymmatlady. “Kenar bazarynda” (Türkmenbaşy ş.) 21-nji martda 1 kilogram kartoşka 30 manada, 1 litr “Oleýna” ýagy 55 manada, sogan 20 manada, 1,5 litrlik arassalanmadyk pagta ýagy 45 manada çykdy" diýip, habarçy aýtdy.

Azyk bahalary paýtagtda hem rekord derejelere çykdy.

Degişli maglumat Balkanda 50 kg un 1000 manada çykdy, Türkmenistan ‘taryhda görülmedik’ azyk gytçylygyna duçar bolýar


Emma muňa garamazdan, maslahata gatnaşan resmiler, şol sanda söwda toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer Çary Gylyjow, Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň başlygy Aleksandr Dadaýew, adatça bolşy ýaly, bazarlardaky we önümçilikdäki hakyky ýagdaýy açmakdan saklanyp, hemme zadyň gülala-güllükdigini ynandyrmaga çalyşdylar.

Aýdylmagyna görä, içerki bazarlary ýerli önümler bilen üpjün etmek üçin "gök-bakja, maldarçylyk önümlerini öndürijiler hem-de azyk kärhanalary bilen gündelik iş alnyp barylýar".

Şeýle-de resmiler, anyklaşdyrmazdan, önüm öndürijileriň çig mal üpjünçiligine ýardam berilýändigini aýtdylar.

A.Dadaýewiň sözlerine görä, "gök-bakja, et, süýt we beýleki gündelik zerur önümleriň öndürilýän mukdaryny artdyrmak" tagallalary edilýär, emma TDH bu tagallalaryň detallaryny açmaýar.

Azatlygyň habarçylary bilen gürleşýän telekeçiler, ýurtdaky walýuta-maliýe çäklendirmeleri sebäpli, bazara çykaryp boljak önümleri öndürmegiň ozalam aňsat bolmandygyny, emma indi has kynlaşandygyny aýdýarlar.

Şol bir wagtda, Türkmenistan häzirki aladaly ýagdaýda telekeçilere, iş, gazanç mümkinçiligi peselen hususy kärhanalara we olaryň işgärlerine berilmegi mümkin anyk goldawlary agzamaýar.

Degişli maglumat Merkezi Aziýa ýurtlary koronawirus krizisine garşy dürli-dürli strategiýalary ulanýar


Mysal üçin aýdylsa, goňşy Özbegistanyň prezidenti kornowirus täsirlerine garşy durmak maksady bilen 1 mlrd dollarlyk gazna döretdi.

Koronowirsyň ýaýramagyny togtatmak zerurlygy Türkmenistany hem goňşy ýurtlar bilen aradaky serhetleri ýapmaga, ýurt içindäki hereket azatlygyny çäklendirmäge mejbur etdi. Şondan soň Gazagystandan, Owganystandan eşidilen habarlardan çen tutulsa, türkmen harytlarynyň eksportynyň azalmagy bu ýurtlaryň bazar nyrhlaryna belli bir derejede täsir ýetiripdir.

Ýerli synçylaryň köpüsiniň tassyklamagyna görä, Senagatçylar we telekeçiler birleşigine degişli kärhanalaryň öndürýän azyk önümleri, walýuta gazanmak üçin, esasan daşary ýurtlara iberilýär we olardan içerki bazara kän kömek bolmaýar.

"Senagatçylar we telekeçiler birleşigine döwlet ummasyz uly möçberlerde serişde berýär, olaryň öňünde ýaşyl çyra ýakylan, emma olar ýurduň ilaty, içerki bazarlaryň üpjünçiligi hakynda kän alada etmeýärler" diýip, anonimlik şertinde gürleşen aşgabatly alyjy Azatlyk radiosyna aýtdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow maslahatda bu problemany açyk agzamady, ýöne ýurtda öndürilýän önümleriň ýerli ilatdan artan bölegini eksport etmelidigini welin belledi.

Onuň pikiriçe, "bazarlaryň işinde sazlaşygyň üpjün edilmegi", "ilatyň azyk önümleri bilen üpjünçiligini pugtalandyrmak" möhüm bolup durýar.

Degişli maglumat Aşgabadyň döwlet dükanlarynda şeker we tüwi her ele çäkli möçberde satylýar, uzyn nobatlar döreýär


Nebit-gaz girdejileriniň azalmagy bilen, Türkmenistanyň prezidenti "daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek, oba hojalygyny, gaýtadan işleýän önümçilikleri ösdürmek" syýasatyny öňräk yglan etdi. Şondan soň resmi metbugat ýurtda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara eksport edilýän möçberleriniň artýandygyny habar berip başlady.

Ikinji tarapdan, esasan gowaça ekmäge mejbur bolýan daýhanlaryň bugdaýy we beýleki azyklyk ekinleri ýetişdirmek mümkinçiliginiň ýyl-ýyldan çäklendirilmegi, şol sanda talap edilýän pagtany hem öndürip bolmazlygy Türkmenistany pagta ýagy üçin çigidi, uny hem daşary ýurtlardan getirmeli edýär.

Türkmen bazarlarynda konronowirus krizisiniň täsirleri esasynda ýitileşen azyk gytçylygy hökümetiň ozaldan dowam edýän köp milliard dollarlyk gurluşyklaryň üstesine Aşgabatda we Ahal welaýatynda täze şäherleri gurmaga başlan wagtyna gabat geldi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.