Koronawirusyň ýaýraýşyny yzarlaýan global karta nazar aýlanyňda, bir hepde ozalam Russiýanyň günortasynda, Eýranyň demirgazygynda we Hytaýyň günbatarynda wirusdan doly sap sebit hökmünde görkezilýän uly boşluga gözüň düşýärdi.
Bu uly boşlugy düzýän giňişlik Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň we Gazagystanyň ýerleşýän topraklary bolup durýar.
13-nji martda çenli, Gazasgystan ýurduň ilkinji dört wirus hadysasyny tassyklamazyndan öň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hiç biri tassyklanan koronawirus ýokuşanlar barada hiç bir maglumat bermedi. Ýogsa bu sebit dünýäniň pandemiýadan iň agyr zarba alan iki ýurdunyň, Hytaýyň we Eýranyň aralygynda we alkymynda ýerleşýär.
Iki gün soňra Gazagystan koronawirus ýokuşanlaryň bäşisiniň bardygyny tassyk etse, Özbegistan özüniň ilkinji koronawirus hassasy barada habar berdi.
Gyrgyzystan 18-nji martda özüniň ilkinji üç näsagyny tassyk etdi, olaryň ählisi uçarly Saud Arabystanyndan dolanyp gelen ýolagçylar bolup çykdy.
Utgaşdyrma ýetmezçiligi
Koronawirusa garşy göreşde dünýä boýunça utgaşdyrylan hereket az boldy.
Bütindünýä saglyk guramasy (BSG) wirusy yzarlap, onuň ýaýraýşy barada maglumat çap edýär we hökümetlere wirus ýokuşmasyny nädip haýallatmalydygy hakynda maslahat berýär, emma şu wagta çenli, aýry-aýrylykdaky hökümetler, wirusa garşy esasan özleriçe göreşýärler.
Merkezi Aziýa hem başgalardan tapawutlanmaýar, ýögsa bu sebitde köplenç hiç bir hökümet öz topraklarynda koronawirusyň bardygy hakynda pikir döredip biljek çäreleri ilkinji bolup görmek islejege meňzemeýärdi.
Şeýlelikde, käbiri ýuwaş-ýuwaşdan şol bir taktikalary kabul etmeli bolsa-da, reaksiýalar garjaşyk boldy.
21-nji martda Nowruz baýramçylygy başlanýar. Bu baýramçylyk gadymy zoroastrizm medeniýetinden uç alyp, ýazyň gelendigini aňladýar we asyrlar boýy Merkezi Aziýadaky baýramlaryň biri bolup geldi.
Gyrgyzystan sebitde öz Nowruz baýramçylygyny goýbolsun eden ilkinji ýurt boldy. Hökümet 9-njy martda bu baýram üçin planlaşdyrylan uly dabarlaryň ählisini we 17-nji martda 50 adamdan geçýän islendik ýygnanyşygy gadagan etdi.
Şondan üç gün soň, resmiler ilkinji tassyklanan koronawirus hadysalaryny yglan etmezlerinden bir gün öň, Gazagystan hem ähli jemgyýetçilik baýramçylyklaryny, sport çärelerini, ýygnaklary we maslahatlary gadagan etdi.
Gazeta.uz websaýty 13-nji martda Özbegistanyň Nowruz baýramçylygyny bellemekçidigini habar berdi, emma iki gün soňra, özbek häkimiýetleri ýurtdaky ilkinji koronawirus ýokuşan adamy tassyklanlaryndan soň, premýer-ministr Abdullo Aripow ähli köpçülik çäreleriniň, şol sanda "Nowruz baýramçylygy bilen bagly uly dabarlaryň hem goýbolsun edilendigini" yglan etdi.
Täjigistanda 18-nji marta çenli koronawirus ýokuşanyň bardygy habar berilmedi we şindi hem Nowruz baýramçylygyny bellemek planlaryndan el çekilmeýär.
AÝ/AR-nyň Täjik gullugy, Ozodi radiosy 13-nji martda paýtagt Duşenbedäki merkezi meýdançanyň bezelendigini we baýramçylyk dabaralary üçin taýýar edilendigini, ýurt ilatynyň bir köpüsiniň baýramçylyk meýli bolmasa-da, demirgazykdaky Hojant şäherinde uly dabaralaryň planlaşdyrylandygyny, olara prezident Emomali Rahmonyň gatnaşmagyna garaşylýandygyny habar berdi.
Türkmenistanda, resmileriň hatda "koronawirus" sözüni daşyndan aýtmakda hem uly kynçylyk çekýän ýurdunda, hökümetiň adamlary döwlet tarapyndan gurnalýan köpçülik çärelerine gatnaşmaga mejbur etmekde tanalan ýerinde bu ýyl hem kadadan çykma görünmeýär.
Adamlar ýurduň çar künjeginde ýene işlerinden we öýlerinden çagyrylyp, ýylyň Nowruz baýramçylygynda gurnaljak dabaralar üçin türgenleşik geçýärler.
Mekdepler we metjitler
Bu bäş hökümet mekdepler we metjitler babatynda hem dürli-dürli çemeleşmeleri saýlap aldy.
Täjigistanda mekdepler açyk, emma Duşenbedäki ymamlaryň käbiri martyň başynda dindarlara metjitden çekeräk durup, namazlaryny öýlerinde okamagy maslahat berdi. Bir ymam bu çäräniň "koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin görlendigini" aýtdy.
Gazagystanda, Musulmanlaryň ruhy geňeşiniň 13-nji martdaky jarnamasy metjitleri açyk goýdy, ýöne adamlaryň namazyň başyndaky 30 minutlyk wagyz-nesihata ýa-da namaz başlanmazyndan öň edilýän yslam ybadatyna gelmeli däldigi aýdyldy, täretiň metjide gelmezden öň, öýde kylynmagy, metjide ýüzüňe maska geýip gelmek, elleşip görüşmekden gaça durmak, namazdan soň derrew gaýtmak maslahat berildi.
Gazagystan 15-nji martda 15-nji aprele çenli dowam etjek adatdan daşary ýagdaýy yglan etdi, prezident Kasym-Žomart Tokaýew şol günüň ertesi mekdep okuwçylarynyň kanikulynyň uzaldylýandygyny, uniwersitet studentleriniň online usulynda okajakdygyny aýtdy.
Musulmanlaryň ruhy geňeşi şondan soň "hökümetiň adatdan daşary ýagdaý yglan etmegi bilen baglylykda, şeýle-de keselçiligi ýaýratmagyň uly töwekgelçiligi sebäpli, metjitleriň juma namazlaryny wagtlaýyn goýbolsun edýändigini" habar berdi.
Özbegistanda mekdepleriň ählisi, mekdebe çenli çagalar edaralaryndan uniwersitetlere çenli belli bir döwre çenli ýapyk we bu döwürde döwlet telewideniýesi bilim programmalaryny efire berer.
Özbegistanly musulmanlarynyň ruhy geňeşi 16-njy martda metjitlerde okalýan juma namazlaryny wagtlaýyn goýbolsun etdi we dindarlara namazlaryny öýlerinde okamagy maslahat berdi.
Gyrgyzystanyň Howpsuzlyk geňeşi 14-nji martda ýygnak geçirip, mekdepleriň we uniwersitetleriň ählisiniň 16-njy martdan başlap üç hepdeläp ýapylmagyny, emma çagalar baglarynyň açyk galmagyny buýurdy.
Gyrgyzystanly musulmanlaryň ruhy geňeşi hem şol gün Gazasgystanyň göreldesine eýerdi we juma namazlarynyň gysgaldylmagyny, garrylaryň, aýallaryň we çagalaryň öýde galmagyny buýurdy, emma häkimiýetler 17-nji martda serhetleriň ýapylýandygyny yglan edenlerinden soň, Ruhy geňeş ýurduň metjitlerindäki juma namazlarynyň wagtlaýyn togtadylmagyny buýurdy we adamlaryň bäş wagt namazlaryny öýlerinde okamalydygyny aýtdy.
Goňşy ýurtlarda görülýän çärelere gapma-garşylykda, Türkmenistan mekdepleri hiç bir derejede ýapmady.
Şeýle-de, ýurtdaky metjitler açyklygyna galýar we ymamlar prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de onuň maşgalasyna saglyk diläp, juma namazlaryna ýolbaşçylyk etmegi dowam etdirýärler.
Serhetleriň ýapylmagy
Bäş ýurduň ählisi ýurtlaryna gelýän we gidýän uçarlaryň köpüsini togtatdy we ýurda waýgtlaýyn goýberilmesiz ýa-da giren wagtynda belli bir möhlete çenli karantin astynda saklanylmaly daşary ýurtlularyň sanawyny düzdi.
Täjigistandaky ýaly, Türkmenistanda hem 18-nji marta çenli resmi taýdan tassyk edilen koronawirus hadysasy bolmady we hökümet ýurt daşyndan gelýän uçarlaryň ählisini ýurduň günortasynda ýerleşýän Lebap welaýatynyň aerportunda, häkimiýetleriň azyndan onlarça adamyň saklanmagy üçin karantin meýdançasyny guran ýerinde gonmaly etdiler.
Täjigistan ikuçly ýoda düşdi, ilki fewralyň aýagynda 35 ýurda gidýän we olardan gelýän uçarlary gadagan etdi, emma 3-nji martda gadagan edilen ýurtlaryň sanawyny bäşe getirip, Hytaý, Eýran, Owganystan, Italiýa we Günorta Koreýa gadaganlygy bilen çäklendi.
16-njy martda, Täjigistandan gelýän uçarlara girizilen gadaganlyga jogap hökmünde, Özbegistana we Russiýa uçar gatnawlary goýbolsun edildi.
Özbegistan we Gazagystan öz serhetlerini bada-bat, ilkinji koronawirus ýokuşmalary tassyk bolan badyna ýapdy.
17-nji martda, daşary ýurtlularyň ýurda girmegine gadaganlyk girizip, Gyrgyzystan hem olaryň göreldesine eýerdi, ýöne Täjigistanyň Gyrgyzystan bilen aradaky serhedi 17-nji martda açyklygyna galdy.
Gazak häkimiýetleri 17-nji martda ýurduň iki esasy şäheriniň, Almatynyň we paýtagt Nur-Soltanyň 19-njy martdan başlap karantin astynda boljakdygyny yglan etdiler.
Iki şäheriň içindäki we töweregindäki herekete gözegçilik etmek üçin barlag nokatlary döredilmeli edildi we gazak goşunynyň biologiki-goranyö bölümleriniň esgerleri 18-nji martda dezinfeksiýa işlerine başladylar.
Gazgystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbergistanyň häkimiýetleri öz raýatlaryna dowla düşmek üçin sebäp ýokdugyny, esasy azyk harytlarynyň kesgitlenen nyrhlardan her bir adam üçin ýeterlik derejede boljakdygyny ynandyrmagy dowam etdirýärler.
Ynandyrmalara garamazdan, Täjigistanda we Özbegistanda adamlaryň gytçylyk bolmagyndan alada galyp, zeur harytlary alyp goýmak üçin düknalara we bazarlara çozandygy hakynda habarlar çykdy, bäş ýurduň ählisinde azyk önümleriniň birden gymmatlandygy habar berildi.
Bu hili habarlar 17-nji martda, Gyrgyzystanda ilkinji koronawirus ýokuşmalary yglan edilenden soň, gyrgyz paýtagty Bişkekden hem geldi.
18-nji martda Gazagystanyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň prezidentleriniň arasynda koronawirus aladalaryny maslahatlaşmak üçin gurnalan telefon söhbetdeşlikleri sebitde umumylykdaky howp-hatarlaryň garşysyna bilelikde durmak hyzmatdaşlygynyň az sanly oňyn alamatlarynyň biri boldy.
Dört ýyldan gowrak wagt bäri agyr ykdysady krizisi başdan geçirýän Türkmenistan hiç wagt özünde ol ýa-da beýleki kynçylygyň bardygyny açyk boýun almaýar we hökümet wirusy hem-de türkmenler üçin durmuş hakykaty bolan saglyk ýa-da azyk üpjünçiligi problemelaryny agzamakdan gaça durýar.
Emma prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda öz raýatlaryna däp bolan em-ýomlary ulanmak bilen, ýabany ösümlikleri ýakmak arkaly ýokanç keselleri dep etmegi maslahat berdi.
Türkmenistanyň daş-töweregindäki ýurtlar koronawirus ýokuşanlar barada habar berdiler, günortadaky goňşy Eýran bolsa dünýäde bu wirusyň iň agyr zarba uran ýurtlarynyň biri bolmagynda galýar.
Ýöne muňa garamazdan, türkmen hökümeti, ýagdaý halys gözçykgynç derejä baryp ýetmese, koronawirus ýokuşanlaryň hiç birini tassyk etjege meňzemeýär.