Hasabat: Türkmenistan problemalary ýaşyrmak üçin senzurany we özüni öwmegi güýçlendirýär

Türkmenistan. Çärä gatnaşýan raýatlar. Arhiw suraty

Adam hukuklaryny goraýan "Türkmen inisiatiwasy", Adam hukuklary boýunça halkara hyzmatdaşlygy we CIVICUS toparlary Türkmenistanda geçen ýylyň noýabryndan 2020-nji ýylyň ýanwaryna çenli aralykda adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň ýagdaýyna syn edip, bilelikdäki hasabatlaryny çap etdi.

"Internet senzurasynyň ýokarlanmagy; režimi öwýän çäreler üçin köpçüligi toplamagyň dowam etdirilmegi" diýlip atlandyrylan hasabat türkmen häkimiýetleriniň global pandemiýa öwrülen koronowirus, ondan goranmagyň ýollary barada ilata tasdan hiç bir maglumat bermän, ýokanç kesellere garşy ýüzärlik, burçly unaş, sazak püri we küli bilen göreşmegi wagyz edýän, nobatdaky baýramçylyk çärelerini geçirýän wagtyna gabat geldi.

Degişli maglumat Traktorlar, otlar, arak, saunalar? Käbir ýolbaşçylar COVID-19-dan goranmak üçin geň, peýdasyz maslahatlary berýärler


Türkmenistan demokratiýa we raýat azatlyklary boýunça halkara hasabatlarynda hemişe yzdaky orunlary alýar we bu ýurtda habar serişdeleri diňe propaganda, režimi we prezidenti wasp etmek üçin ulanylýar.

Bu ýagdaý, Azatlygyň habarçylarynyň maglumatyna görä, türkmenistanlylaryň arasynda global pandemiýadan goranmagyň ýollary, onuň adamdan adama geçişi hakyndaky maglumatlary wagtynda almakdan geçen, hatda "koronowirus" sözüni eşitmedik adamlaryň hem köp bolmagyna alyp geldi.

Hukuk gorajy guramalaryň hasabaty ýurtda öňden dowam edip gelýän hukuk problemalaryny birme-bir, täze mysallara salgylanyp, sanap geçýär.

Degişli maglumat Türkmenistanda internet ulanyjylar Wi-Fi gurallaryny goşulyp satyn alýarlar we soraga çekilýärler


Bu ozaly internet elýeterliliginiň çäkli, gymmat we haýal bolmagyna degişli. Üstesine, döwlet senzurasy dowam etdirilýär, habar neşirleriniň, sosial ulgamlaryň öňüni baglamakdan başga, häkimiýetler VPN hyzmatlaryny, raýatlaryň senzuradan aýlanyp geçmek mümkinçiliklerini hem ýok etmäge çalyşýarlar.

Türkmenistanda raýatlaryň hereket azatlyklarynyň eden-etdilikli çäklendirilmegi, daşary ýurtlara okuwa, işe gitmäge çalyşýan adamlaryň emeli kynçylyklar, bikanun gadaganlyklar saklanmagy dowam edýär we koronowirus aladalary bilen bagly, bu ýagdaý öňkülerinden hem has çylşyrymlaşana meňzeýär.

Şol bir wagtda, häkimiýetler býujet we döwlet edaralarynyň işgärlerini, studentleri we okuwçylary yzygiderli guralýan köpçülik çärelerine gatnaşmaga mejbur etmek bilen, ýurtdaky sosial-ykdysady problemalary ýaşyrmaga çalyşýarlar diýip, hasabatda bellenýär.

Degişli maglumat Prezident eneleri sylaglady, çärä gatnaşýanlar köýnegiň 'gymmat düşendigini' aýdýarlar


Çärelere gatnaşmaga mejbur edilmekden başga, işgärler we studentler köplenç dabarada bagtly görünmek üçin öz jübilerinden pul çykarmaly bolýarlar diýip, hukuk goraýjylar Azatlyk radiosynyň maglumatlaryna salgylanýarlar.

Radionyň habar berşi ýaly, studentler Täze ýyl baýramçylygynyň dabaralaryna gatnaşanlarynda geýjek eşikleri üçin 1200 manat tölemeli boldular. Hasabatda bu ýagdaý barada başga-da bir topar maglumat getirilýär.

"Türkmen inisiatiwasy" toparynyň maglumatyna görä, köpçülik çäreleriniň we olar üçin talap edilýän harajatlaryň yzynyň üzülmezligi Türkmenabatdaky çagalar baglarynyň işgärleriniň bir toparyny işden çykmaga mejbur edipdir.

Azatlygyň habarçylarynyň we ýerli synçylaryň maglumatlaryna görä, Türkmenistandaky işsizligiň, aýlyk haklarynyň juda pes bolmagynyň üstesine, Berdimuhamedowyň uly guramaçylykda geçirilmegini talap edýän çäreleri ýaşaýjylar üçin "goşmaça dert" bolup durýar.

Emma häkimiýetler, görnüşinden, oňaýsyz habar serişdelerini ýapmagy dowam etdirýärler. Hukuk goraýjylar Türkmenistanyň, Gurbanguly Berdimuhamedow baradaky maglumatlary halaman, ýurduň ilatyny Wikipediýa sözlüginden hem mahrum edendiklerini belleýärler.

Degişli maglumat Türkmenistanda “Ýerasty Altylyk” filminiň ýerasty prokaty üçin jerime salýarlar


Birleşen Ştatlarda döredilen we Turgistan diýlip atlandyrylan hyýaly ýurtdaky wakalary beýan edýän kinony görkezendigi üçin, türkmen häkimiýetleri özbek telekanalyna garşy hem şeýle çäre görüpdiler.

Türkmenistanda uzaga çeken ykdysady krizis dowam edýär we häkimiýetler bu ýagdaýyň görnüp duran alamatlaryny - azyk gytçylygyny we çörek, ýag, ýumurtga, towuk eti ýaly harytlaryň nobatlaryny gizlemäge çalyşýarlar diýip, hasabatda aýdylýar.

Azatlyk radiosy ýurtdaky çagalar baglarynyň, mekdepleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamyndaky problemalar, mysal üçin, 2019-njy ýylyň noýabrynda Lebap sebitinde sowuk klaslarda doňara gelen çagalar hakynda habar berdi, şondan soň häkimiýetler mekdep işgärlerinden bu barada hiç kime hiç bir maglumat bermezligi talap etdiler diýip, hasabatda bellenýär.

Şeýle-de hasabatda, "ynamdar" hasaplanmaýan adamlaryň gara sanawy, Azatlygyň maglumatlary esasynda, uçar menzilinde ýoldan saklanýan raýatlaryň köpelişi barada durlup geçilýär.

Degişli maglumat HORMATLY ARKADAG: Talyplar 24 sagat çärede, düýşünde 'çärä giç galdym' diýip, basyrganyp turýar


Ýurtdaky adalatsyzlyklar, kanunlaryň işlemezligi we pikiriňi, sözüňi aýtmak üçin tasdan hiç bir mümkinçiligiň bolmazlygy raýatlary kähalatda daşary ýurtlardaky habar serişdeleri arkaly seslerini eşitdirmek synanyşyklaryna itekleýär.

Mysal üçin, "Türkmenhowaýollarynyň" işgärleriniň ýanwar aýynda "Turkmen.news" neşirine ýazan hatlarynda, jaýlarynyň ýykyljagy sebäpli, maşgalalaryň köçede galmak howpy barada habar berilýär. Bu hili hatlar beýleki neşirlere hem gelýär we Azatlyk radiosynyň "Hormatly Arkadag" rubrikasy sesini eşitdirmek isleýän türkmenistanlylaryň özboluşly erkin tribunasyna öwrüldi.