Türkmenistanyň häkimiýetleri aýallara sürüjilik şahadatnamalary bermekden we möhleti geçen dokumentleri täzelemekden ýüz öwürmegini dowam etdirýärler. Hatda suduň çykarýan kararlary hem indi täsir etmeýär.
Azatlyk Radiosyna suduň aýallara sürüjilik şahadatnamalaryny bermek hakynda ýüz tutan zenanlaryň peýdasyna çykaran kararlary barada milim boldy. Emma şol kararlar polisiýa tarapyndan berjaý edilmedi.
Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy şeýle gürrüň berýär:
- Iki zenan - ulag sürüji Bagtyýarlyk etrabynyň suduna ýüz tutdular. Çoganlydaky polisiýa muňa degişli. Emma ýol gözegçilik polisiýasy suduň kararyny ýerine ýetirmedi. Ikinji zenan suda ýüz tutanda oňa şeýle boljagyny duýdurdylar.
Azatlyk Radiosynda suduň çykaran kararynyň teksti bar, emma redaksiýa öz çeşmeleriniň howpsuzlygyny berjaý etmek maksady bilen dokumentleriň nusgasyny we beýleki detallary çap etmekden saklanýar.
Azatlygyň bu ýagdaýlar barada Çoganlyda ýerleşýän ýol gözegçilik polisiýasyndan resmi kommentariý almak boýunça eden synanyşyklary başa barmady.
Degişli maglumat Aşgabatda onlarça aýal-gyz möhleti dolan sürüjilik şahadatnamalaryny indi bir ýyl bäri täzeläp bilmeýär
Köçelerde zenanlaryň sürüp barýan awtoulaglary polisiýa tarapyndan köpçülikleýin saklanyp, aýallaryň sürüjilik şahadatnamalary ellerinden alyndy, sürüjilik dokumentleriniň möhleti dolan zenanlar ony bir ýyllap täzesine çalyşyp bilmedi.
Käbir ýagdaýda polisiýa dokumentleri "ýokardan edilen görkezmä" salgylanyp, düýpden kabul etmeýär. Käbir halatlarda dokumentleri kabul edýär, emma dürli bahanalar bilen bir edaradan başga edara ugradyp, dokumentleri bermän gelýär. Azatlyga mälim bolan ýagdaýlaryň ählisinde geçen ýylyň başynda dokumentlerini tabşyran zenanlar şu günki güne çenli sürüjilik şahadatnamalaryny alyp bilmediler.
Habarçylarymyzyň maglumatlaryna görä, polisiýa ýagdaýlaryň hiç birinde ýagny dokumentleri kabul etmekden ýüz öwürýändigi ýa-da täze şahadatnama bermekden boýun gaçyrýandygy barada resmi kagyz bermeýär. Mydama söz üsti jogap berýär. Polisiýadan ýazmaça jogabyň bolmazlygy bolsa zenanlaryň suda ýüzlenmek işini kynlaşdyrýar.
Degişli maglumat Aşgabadyň ýol gözegçilik polisiýasy ýene-de zenanlary 'awlaýar'Habarcymyzyň bellemegine görä, ýaňy-ýalynda bolan ýagdaýlaryň birinde aşgabatly zenanyň sürüjilik şahadatnamasynyň berilmegini sorap ýüz tutan zenanyň işine sereden "bu işi daralman goýmagy" karar etdi, sebäbi PÝGG tarapyndan zenana sürüjilik şahadatnamasyny bermegiň ret edilendigi hakynda resminama ýokdy.
Bu ýagdaýda aşgabatly zenanlar özleriniň ulag sürmek hukuklary ugrunda göreşmegini dowam etdirýärler we dürli döwlet edaralaryna ýüzlenýärler. Azatlyk Radiosyna şu caka çenli aşgabatly zenanlaryň prokuratura we ombudsmene ýüz tutandygy mälim boldy. Geçen ýylyň noýabrynda zenan ulag sürüjiniň öz hukugynyň berjaý edilmegini sorap ombudsmene eden ýüzlenmesi käbir netije berdi, emma meseläni çözmedi.
"Haçan-da, uly sürüjilik tejribesi bolan zenan ýol polisiýasyna we IŞM-ne eden ýüzlenmelerinden soň Ombudsmene hat ýazanda, ondan jogap bolmandyr, emma bir hepdeden soň oňa ýol gözegçilik polisiýasyndan jaň edip, Ombudsmene gaýdyp ýüzlenmezlik soralypdyr, we oňa wagtlaýyn bir aýlyk sürüjilik şahadatnama bermek wada edilipdir. Bu zenan bu teklipden ýüz öwürdi we şeýle problema uçran ähli zenanlary Ombudsmene köpçülikleýin ýüzlenmäge ündedi" - diýip habarçymyz gürrüň berdi.
Azatlyk bilen söhbetdeş bolan aşgabatly zenanlar, bu ýagdaýyň aýallaryň ulag sürmek hukugynyň depelenmeginiň anyk mysaldygyny aýdýarlar. Türkmenistan aýallara we erkeklere deň hukuk berilýändigine öz kanunlarynda kepil geçýär.
Rus dilinde hem okaň
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.