Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda onlarça aýal-gyz möhleti dolan sürüjilik şahadatnamalaryny indi bir ýyl bäri täzeläp bilmeýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda zenanlaryň sürüjilik şahadatnamalary almak we täzelemek bilen bagly ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary dowam edýär.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy bilen söhbetdeş bolan paýtagtly aýal-gyzlaryň onlarçasy möhleti dolan sürüjilik şahadatnamalaryny indi bir ýyl bäri täzeläp bilmeýändiklerini aýdýar.

“Geçen ýylyň başynda aýal-gyzlar 10 ýyl möhleti dolan sürüjilik şahadatnamalaryny Çoganlydaky polisiýa edarasyna tabşyrdylar. Aradan 1 ýylyň geçendigine garamazdan, şahadatnamalary çalşyp bermeýärler. Edaranyň işgärleri munuň sebäplerini düşündirmän, diňe ‘öňki düzgün, entek aýal-gyzlara berilmeýär’ diýmek bilen çäklenýärler” diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 11-nji martda gürrüň berdi.

Türkmenistanda zenanlaryň sürüjilik şahadatnamalarynyň ellerinden alynmagy ýa-da olaryň möhleti geçen resminamalarynyň çalşyp bilmezligi bilen bagly kynçylyklary bir ýyla golaý wagt bäri dowam edýär. Geçen ýylyň başynda paýtagtyň sürüjilik mekdepleriniň ençemesinde aýal-gyzlary okuwa kabul etmek hem bes edildi.

Ýöne habarçy şu ýylyň ýanwaryndan başlap Aşgabadyň alty sürüjilik mekdebine aýal-gyzlaryň okuwa kabul edilip başlanandygyny aýtdy. Ol bu täzelikden soňra, zenanlaryň sürüjilik şahadatnamasynyň möhletiniň uzaldyljakdygy barada umytlaryň peýda bolandygyny hem belledi.

“Mekdeplere aýal-gyzlaryň kabul edilip başlanmagy bilen, zenanlar 8-nji marta golaý, özlerine sowgat hökmünde sürüjilik şahadatnamasynyň möhleti uzaldylyp berler öýtdüler. Ýöne zenanlaryň bu umydy puja çykdy” diýip, aşgabatly zenan sürüji gizlinlik şertinde Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Habarçy sürüjilik mekdeplerine kabul edilen aýal-gyzlaryň heniz okuwlarynyň tamamlanmandygyny, şol sebäpli olara sürüjilik şahadatnamasynyň beriljekdigi ýa-da berilmejekdigi barada hiç hili maglumatyň ýokdugyny hem aýtdy.

Azatlyk Radiosy ýokarda aýdylanlar barada Aşgabadyň Çoganlydaky polisiýa edarasyndan kommentariý alyp bilmedi.

Türkmenistanda häkimiýetleriň zenan sürüjileriň ulag hereketini çäklendirmek çäreleri indi ençeme ýyl bäri wagtal-wagtal ýüze çykýar. Emma bu çäreler geçen ýylyň fewral aýyndan başlap has-da güýçlendirildi.

Şonda Aşgabadyň polisiýasy köçelerde awtoulag sürüp barýan zenanlary saklap, dürli bahanalaryň esasynda olaryň sürüjilik şahadatnamalaryny ellerinden alyp başlady.

Türkmenistanda zenanlaryň we erkekleriň deň hukuklydygyna ýurduň “Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakyndaky” kanuny esasynda kepil geçilýär.

Emma muňa garamazdan, ýurtda aýal-gyzlaryň häkimiýetler tarapyndan daşary ýurda goýberilmän, uçardan düşürilýändigi, zenanlaryň daş keşbine degişli gadagançylyklar, şol sanda zenanlaryň uzyn köýnek, türkmen balak geýmäge mejbur edilýändigi barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary yzygiderli habar berýärler.

Türkmen häkimiýetleri ýokardaky ýagdaýlary aç-açan tassyk etmeýärler. Bu barada döwlet mediasy hem dymýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG