Aşgabatda çyralaryny öçürmedik sürüjilere 100 manat jerime salynýar

Illýustrasiýa suraty

16-njy martdan başlap Aşgabat şäheriniň köçelerinde Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň (PÝGG) işgärleri ýol hereketiniň düzgünlerine gözegçiligi güýçlendirdiler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri habar berýär.

Degişli maglumat Aşgabatda onlarça aýal-gyz möhleti dolan sürüjilik şahadatnamalaryny indi bir ýyl bäri täzeläp bilmeýär

"Gündiz wagty PÝGG-niň işgärleri hususan-da, awtoulaglaryň zawoddan çykanda dakylan çyralaryny öçürmegi we ulagyň ýagtylandyryjy, ýagny "diod lampaly" çyrajyklaryny aýyrmagy ýa-da dessine öçürmegi talap edýärler" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 17-nji martda gürrüň berdi.

Onuň sözüne görä, PÝGG-niň işgärleri bu talaba boýun bolmadyk sürüjileri, olaryň awtoulaglary bilen bilelikde, Çoganlydaky polisiýa edarasyna alyp gidýärler we olara pul jerimesini töledýärler.

"PÝGG-niň Çoganlydaky edarasyna alnyp barlan sürüjilere temmi berilýär we olardan 100 manat möçberindäki pul jerimesini tölemek talap edilýär. Bu jerimäni tölemedik sürüjileriň ulaglary awtoduralgada saklanýar" diýip, habarçy belledi.

Ol sürüjileriň ençemesiniň şol çyralaryň ulaglar zawoddan çykarylanda hem bardygyny aýdyp, özlerinden edilýän bu talaba nägilelik bildirýändigini hem aýtdy.

"Sürüjiler çyralary öçürmegiň ulagyň tehniki aýratynlyklaryna zyýan ýetirmeginden alada edýärler. Olar bu ýagdaýy ýol polisiýasyna düşündirmäge synanyşýarlar. Ýöne bu netije bermeýär" diýip, habarçy belledi.

Aýdylmagyna göra, polisiýa işgärleri ýol hereketine gözegçiligiň güýçlendirilmeginiň, şeýle-de sürüjilerden awtoulaglaryň zawoddan çykanda dakylan çyralaryny öçürmek baradaky talaplaryň sebäpleri hakda hiç hili düşündiriş bermeýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň PÝGG-niň Çoganlydaky edarasyndan kommentariý almak synanyşyklary hem netije bermedi.

Degişli maglumat Aşgabadyň ýol gözegçilik polisiýasy ýene-de zenanlary 'awlaýar'

Ýöne Azatlygyň habarçysy munuň sebäplerini Nowruz baýramyna görülýän taýýarlyk çäreleri bilen düşündirýär.

"Bu çäreler ulaglaryň hereketini düzgünleşdirmek, has dogrusy gysmak, şeýle hem häkimiýetleriň kesgitlän kadasyna gabat gelmeýän ulaglary "kada getirmek" üçin edilýär. Hemme ulaglary "belli bir kada" getirmek maksat edinilýär" diýip, habarçy belledi.

Soňky 10 ýyla golaý wagtyň dowamynda, has takygy prezident Gurbanguly Berdimuhamedow häkimiýet başyna gelenden soň, Türkmenistanda raýatlaryň hususy awtoulaglary bilen bagly onlarça çäklendirme ýa-da gadagançylyk girizildi. Bu çäklendirmeleriň we gadagançylyklaryň käbiri ýörite görkezme esasynda güýje girizilen bolsa, aglabasy dil üsti bilen talap edildi.

Olaryň arasynda ýurtda hususy eýeçilikdäki ulaglaryň diňe ak, çal ýa-da açyk reňklerde bolmalydygy, il içinde “owadan nomerler” diýlip atlandyrylýan, öňi 77-lik bilen başlanýan awtoulag belgileriniň döwlet tarapyndan ýygnalyp alynmagy, könelişen ulaglaryň duralgalarda goýulmagyna gadagançylyk girizilmegi ýaly çäklendirmeler bar.

Geçen ýylyň martynda aşgabatly sürüjilere ulaglaryna dürli reňkdäki diskleri oturtmagyň gadagan edilendigi, awtoulag eýeleriniň diňe kümüşsöw reňkli diskleri ulanyp bilýändigi habar berildi.

Türkmenistanyň häkimiýetleri ýokarda gürrüňi edilýän çäklendirmeler we gadagançylyklar barada aç-açan çykyş etmeýärler. Bu barada döwlet metbugatynda-da mesele gozgalýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.