Gyrgyzystanyň Suzak raýonynyň ýaşaýjysy 25 ýaşly gyzyny Siriýadan yzyna getirmek üçin, hökümetden kömek soraýar. Ol şeýle kömegi soraýan diňe bir gyrgyzystanly däl. Ýöne Gyrgyzystan uruş gidýän zonadan öz graždanlaryny getirmek işine başlamadyk Merkezi Aziýadaky ýeke-täk döwlet.
Ziýaýdin Çyrmaşew – dört çaganyň atasy. Onuň gyzy Mamurahan 19 ýaşynda, dini ekstremistleriň aldawyna düşüp, Siriýa gidipdi.
Ata jemgyýetden öz gyzynyň günäsiniň geçilmegini soraýar. «2014-nji ýylda men gazanç üçin Orsýete gitmeli boldum. Şol döwürde Mamurahan Jalal-Abadyň medisina kollejiniň 2-nji kursunyň studentkasydy. Mart aýynda maňa okuw jaýyndan jaň edip, gyzymyň okuwa gatnaşmaýandygyny aýtdylar. Men öýe – Suzaga jaň etdim. Ol ýerden gyzymy tapyp bilmedim. Kanun goraýjy organdan bir tanşymyzyň üsti bilen gyzymyň 20-nji martda Oş-Stambul reýsi bilen uçandygyny bildim. Ep-esli wagt geçensoň, sosial ulgamyň üstünden gyzymy tapdym. Gyzym Siriýanyň Rakka şäherinde ýaşaýandygyny aýtdy. Şeýle hem ol özüni Türkiýä çagyrandyklaryny, Awaz atly bir ýaş adamyň ýol harjyny töländigini aýtdy» diýip, Çyrmaşew dini ekstremizmiň öňüni almak meselesine bagyşlanyp geçirilen ýygnakda gürrüň berdi.
Ata alty ýylyň dowamynda gyzyny ýurda getirmek ugrunda alada etse-de, entek netije ýok.
Soňky gezek Mamurahan kakasyndan kömek sorap, ýanwar aýynda hat ýollapdyr. «Gyzym bilen 26-njy ýanwarda baglanyşyp bildim – diýip, Ziýaýdin Çyrmaşew gürrüňini dowam etdirýär. – Ol iki gyz çagasy bilen Siriýadan çykyp, Türkiýäniň golaýyndaky bosgunlar lagerinde bolýandygyny bildirdi. Gyzym çagalaryň iýmiti üçin özüne pul gerekdigini aýtdy. Onuň iberen hasabyna men az-owlak pul geçirdim. Gyzym çagalary bilen birlikde Gyrgyzystana gaýtmaga taýýar, ýöne lagerden çykyp bilmeýär. Men olaryň ýurda dolanmagy üçin, hökümetiň çäre görmegini soraýan».
Suzak raýonynda dini ekstremizmiň öňüni almak meselesine bagyşlanyp geçirilen açyk ýygnakda, çagalary Siriýa gidenleriň hossarlary çykyş etdiler. Bu çärä ýerli ýaşaýjylardan 300 çemesi adam gatnaşdy, ýerli hökümetiň çinownikleri hem din wekilleri boldular.
Jalal-Abat oblastynyň kazysy Abdulaziz Zakirowyň aýtmagyna görä, käbir ekstremistik toparlar adamlary jihat düşünjesi bilen öz toparyna çekmek arkaly yslamy dünýäniň gözünden düşürýärler. «Adam hökman öz-özüni kämilleşdirmeli. Ahlak päkligi, asyllylyk, töwerek bilen gatnaşygyňy kämilleşdirmek üçin, öz-özüň bilen göreşmegiň özi uly jihat. Yslamyň iň möhüm düzgüni – iň esasa boýun bolmak. Şonuň üçinem esasy maksat hakykata kömek bermekden ybarat bolmaly, zorlugy ýok edip, parahatlygy ornaşdyrmaly. Eger biz parahat durmuşy isleýän bolsak, owaly bilen parahatlygy goramalydyrys» diýip, Abdulaziz Zakirow aýdýar.
Jalal-Abat oblastynyň Içeri işler uprawleniýesiniň maglumatyna görä, diňe şu ýylyň ýanwar aýynda ekstremizm bilen baglanyşykly dokuz fakt hasaba alnypdyr. Suddan öňdäki deslapky derňewler geçirilýändigi üçin, iş häzir ýapyk. Jalal-Abat oblastyndan Siriýa 116 adam gidipdir, olardan ýüz çemesi Suzak raýonyndan. Geçen ýyl bir adam yzyna geldi, onuň işi häzir sudda seredilýär. Siriýadaky uruş gidýän zonalara düşenlerden 12 adam Gyrgyzystana dolanyp geldi.
Suzak raýonynyň häkimi Ermek Omoşew dini ekstremizmiň öňüni almak barada geçirilen ýygnaga gatnaşýanlara ýüzlenip, bu ugurdan nähilidir alamat ýüze çyksa, haýal etmezden ýerli hökümetlere hem kanun goraýjylara habar berilmegini haýyş etdi.
Degişli maglumat "Ekstremizmde hiç bir din ýok". Ekspert radikalizmiň sebäpleri barada aýdýar«Siz halkyň arasynda bolýaňyz. Ekstremizm ýa terrorizm barada nähilidir gep-gürrüň bolsa, owaly bilen bize hem kanun goraýjy organlara habar etmelisiňiz. Bu biziň çagalarymyzyň hem maşgalamyzyň rahatlygy üçin zerur. Biz şeýle adamlaryň öňünde böwet döretmelidiris. Metjide juma namazyna barýanlaryň ýüregini ýagşylyk hem mähir bilen doldurmalysyňyz. Olaryň şol ýerde eşiden ýagşy sözüni öz tanyşlaryna hem hossarlaryna ýetirmegini ýatlatmalysyňyz» diýip, ildeşlerine ýüzlendi.
Mundan öň Gyrgyzystanyň hökümeti öz graždanlaryny ýurda dolamak üçin, halkara guramalary hem Siriýa hökümeti bilen hyzmatdaşlyk saklaýandygyny mälim edipdi.
Resmi maglumatlara görä, Siriýanyň hem Yragyň territoriýasynda hereket eden terrorçy toparlara Gyrgyzystanyň 800-e ýakyn graždanini gatnaşypdyr. Olaryň köprägi barlyşyksyz ideologiýanyň täsirine düşüp gidenler, arasynda gazanç üçin gidenlerem bar. Uruş barýan zona gidenlerden 150 sanysy aýallar bolmaly. Aýallaryň birnäçesi çagasyny ýany bilen alypdyr, beýlekileri bolsa şol ýerde çaga dogrupdyr.
Şol gidenlerden 200 çemesiniň ölendigi aýdylýar. Bosgunlar lagerlerinde bolýan müňlerçe aýallaryň hem çagalaryň arasynda, Gyrgyzystan Respublikasynyň we goňşy döwletleriň graždanlarynyň bardygy aýdylýar. Gazagystan bilen Özbegistan geçen ýylda öz graždanlaryny ol ýerden getirip başlady.
Material AÝ/AR-nyň Gyrgyz gullugy tarapyndan taýýarlandy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.