Prezidentiň 28-nji fewralda amala aşyran bu bir günlük saparynyň öňüsyrasynda, Maryda tas bir aýdan gowrak wagt bäri giň gerimli, şol sanda mejbury arassaçylyk işleri geçirildi.
Degişli maglumat Mary: Jemagat işgärlerine 17 sagatlap köçe ýuwdurylýar, agaç akladylýar, agdarylan atyzlara gül ekdirilýär
Saparyň çäklerinde Berdimuhamedow 2009-njy ýylda gurlan we türkmen metbugatynyň öňe sürmegine görä, hamana, dindarlaryň haýyşy boýunça “Gurbanguly hajy” diýlip atlandyrylan welaýatyň baş metjidine bardy.
Berdimuhamedow metjide Mekgeden özüne ýadygärlik sowgat diýlip iberilen Käbäniň ýazgysy bolan örtügi gowşupdyr. Bellesek, ol şular ýaly örtügi mundan bir hepde ozal Lebap welaýatynyň baş metjidiniň açylyş dabarasynda hem beripdi.
Şeýle-de, prezident Maryda “özüniň eserleriniň galam hakyndan düşen serişdeleriň hasabyna” sadaka berdi.
Berdimuhamedow 2007-nji ýylda häkimiýet başyna geçeninden bäri, onuň awtorlygyndan dürli, şol sanda dermanlyk ösümlikler, atlar, itler, çaý ýaly temalar boýunça 50-den hem aşa kitaplary çykdy. Prezident bolmazyndan öň, onuň nähilidir bir kitap ýazandygy barada malgumat ýok.
Berdimuhamedowyň kitapary býujet işgärlerine, talyplara mejbury satyn aldyrylýar. Mundan başga-da, döwlet resmileri kitaplaryň tanyşdyrylyş dabarlarynda olary maňlaýlaryna sylyp alýarlar.
Degişli maglumat Berdimuhamedowyň "Türkmen alabaýy" 'mukaddes', henize çenli ýazylmadyk 'mertebeli kitap' boldy
Mara saparynyň dowamynda Berdimuhamedow Ministrler kabinetiniň göçme mejlisini hem geçirdi. TDH-nyň maglumatyna görä, onda adatça bolşy ýaly “ilatyň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak” barada gürrüň edilipdir.
Emma maslahatda agyr ykdysady krizisi, maliýe ýetmezçiligini başdan geçirýän Türkmenistandaky raýatlaryň ýüzbe-ýüz bolýan, şol sanda azyk ýetmezçligi, işsizlik, parahorlyk ýaly meseleleri agzalmady.
Degişli maglumat Aşgabatda zir-zibil dörýän adamlar köpeldi, paýtagt ýaşaýjylary azygy gaba salyp galdyryp başlady