Ozal erkek mugallymlardan tahýa, aýal-gyzlardan milli lybas geýmeklik talap edilen bolsa, mundan beýläk olaryň göterjek ruçkalarynyň we bloknotlarynyň reňki hem döwlet tarapyndan kesgitlenýär. Bu maglumatyň jikme-jikligi barada Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy 17-nji fewralda habar berdi.
“Farap etrabynyň 4-nji, 7-nji we 2-nji mekdeplerinde işleýän mugallymlardan indi 5 sany ýaşyl reňkli, ýüzüne haly gölleriniň suraty çekilen ruçka, bahasy 45 manat, hem-de bahasy 50 manatlyk ýaşyl bloknot satyn almak talap edilýär” diýip, habarçy aýtdy.
Onuň maglumatlaryna görä, agzalýan ýaşyl reňkli ruçkalar iň gymmat hasaplanýan ruçkalar bolup, olaryň her biri 45 manatdan satylýar, ruçkalar Türkiýeden ýurda import edilýär.
Degişli maglumat Türkmen talyp gyzlary gyşda ‘pagtaly gyzyl don geýmeli’“Türkmenistanda ruçka-depder öndürilmeýär, diňe türkmen tarapynyň sargydy bilen Russiýada, Türkiýede we Hytaýda öndürilen ruçka-depderler ýurda getirilýär” diýip, habarçy maglumatyň üstüni ýetirdi.
Her biri 45 manatdan bahalanýan ruçkalaryň 5 sanysynyň bahasy 225 manada, satyn alynmagy talap edilýän ýaşyl depderçäniň bahasy hem goşulanda mugallymyň jemi çykdajysy 275 manada barabar bolýar. Bu ortaça 1200 manat töweregi aýlyk alýan bir mugallym üçin, onuň aýlygynyň 4-den 1 böleginden gowragyna deň bolýar.
Faraply ençeme mekdep mugallymy Azatlygyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde täze talap edilýän çykdajylaryň özleri üçin maliýe taýdan artykmaç agram salýandygyny aýtdylar.
Häkimiýetleriň täze milli öwüşgin çaýylan ýaşyl reňkli ruçka-depder talaby, synçylaryň sözlerine görä, mugallymlaryň ýygnaklarda aljak bellikleriniň yaşyl ruçkalarda aldyrylmagyna niýetlenen çärelerdir.
Türkmenistanda geçirilýän ýygnaklarda olara gatnaşyjylaryň bellik almak medeniýeti, döwlet telewideniýesiniň şekillerinden mälim bolşuna görä, döwlet baştutanynyň ýokary derejeli resmiler bilen geçirýän ýygnaklarynda ministrleriň alýan belliklerinden gözbaş alýar. Ministrler ýa-da pudak ýolbaşçylary prezidentiň ýygnaklarynda başagaý bellik alyp, bu ugurda beýlekilere nusga bolýar.
Galyberse-de, mugallymlardan edilýän ýaşyl ruçka talaby, döwlet mediasyndan mälim bolşuna görä, ýokary wezipeli işgärleri hem bireýýäm öz içine alan çemeli.
11-nji fewralda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen parlamentinde deputatlar bilen geçiren duşuşygynda, döwlet telewideniýesiniň şekillerine görä, deputatlaryň we beýleki emeldarlaryň ýaşyl ruçkada bellik alyşlaryny synlamak bolýar.
Ýöne, wideolardan görnüşinden, ýaşyl ruçkalar ony göterýän adamyň statusyndan hem, belli bir derejede, habar berýäne meňzeýär. Meselem, prezidentiň kanun çykaryjylar bilen geçiren duşuşygynda mejlisiň başlygy Gülşat Mämmedowa ýaşyl reňkli biraz galyň başgaça şarly ruçkada bellik alýan bolsa, onuň gapdalyndaky emeldarlar başlygyň ruçkasyndan biraz inçe şarly ýaşyl ruçkalarda bellik alýar.
Döwlet telewideniýesinde prezidentiň geçirýän ýygnaklarynyň ählisinde ýurt resmileri ruçka bilen bellik depderçelerine bir zatlary ýazýan görnüşde elmydama görkezilýär. Ýöne emeldarlaryň ýygnaklarda öz depderçelerine belleýän bellikleriniň mazmuny, olaryň netijeliligi we ýurtda problemalaryň düzelmegine goşýan goşantlary halk köpçüligine nämälimliginde galýar.
Orta mekdeplerde mugallymlardan edilýän täze ýaşyl ruçka talaby olardan mekdep formasy boýunça edilýän talaplara goşundy boldy.
Türkmenistanda bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işgärleriniň, galyberse-de okuwçylaryň we talyplaryň iş we okuw wagtynda geýýän egin-eşikleri, olaryň reňki we beýleki aýratynlyklary döwlet tarapyndan kesgitlenýär.
“Edil okuwçylarda bolşy ýaly mekdep mugallymlarynyň hem döwlet tarapyndan kesgitlenen uniformasy bar” diýip, habarçy 17-nji fewralda Azatlyk Radiosyna aýtdy.
Türkmenistanyň orta mekdeplerinde erkek okuwçylardan başlaryna tahýa geýmeklik, gyzlardan bolsa tahýa hem-de uzyn ýeňli ýaşyl köýnek talap edilýär. Talyp gyzlardan gyzyl reňkli uzyn köýnek geýmek, erkeklerden bolsa başlaryna tahýa geýmek talap edilýär.
Degişli maglumat Daşoguzda mugallymalardan ‘milli lybas’ geýmek talap edilýärHabarçynyň tassyklamagyna görä, häkimiýetleriň tahýa talaby mekdepleriň degişli mugallymlaryny hem öz içine alýar. Olardan talap edilýän egin-eşikleri habarçy şeýle suratlandyrýar: “Olar mejbury tahýa we ak köýnek geýmeli, galstuk dakmaly hem-de kostýumlarynyň ýakasynda ýaşyl baýdakly nyşanjyk bolmaly” diýip, ol häkimiýetleriň erkek mugallymlardan edýän egin-eşik talaplary barada maglumat berdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.