Aşgabatda çagalary mekdebe mobil telefonlary elten ene-atalara pul jerimesi salnyp başlandy. Bu waka Türkmenistanyň orta mekdeplerinde mobil telefonlary getirmäge we ulanmaga garşy gözegçiligiň güýçlendirilmeginiň yzýanyna gabat geldi.
Degişli maglumat Aşgabatda okuwçylarynyň ýanyndan mobil telefonlary çykan mugallymlar meýletin-mejbury işden çykaryldyAzatlyk Radiosynyň paýtagtly habarçysy soňky bir hepdäniň dowamynda okuwçylaryň sapaga mobil telefonlary eltmegi we tutulmagy bilen bagly wakalaryň azyndan iki mekdepde ýüze çykandygyny aýtdy.
“Mugallymlar telefonlar bilentutulan okuwçylary ilki mekdep müdiriniň otagyna alyp gidýärler. Mekdep müdiriniň çagyrmagy esasynda polisiýa işgäri gelýär we ol okuwçyny polisiýa bölümine alyp gidýär” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 11-nji fewralda gürrüň berdi.
Onuň sözüne görä, bu ýerde okuwçydan ‘indi şeýle ýagdaýyň gaýtalanmajakdygy’ barada dil haty alynýar. Ýöne onuň mobil telefony yzyna gaýtarylyp berilmeýär.
“Şondan soň okuwçynyň ejesi ýa-da kakasy polisiýa bölümine çagyrylýar. Bu ýerde okuwçynyň ene-atasyndan 100 manat jerimäni tölemek talap edilýär. Olar ‘Halkbankyň’ girdeji kassasyna 100 manat jerimäni we bank hyzmaty üçin 1 manady töländen soňra, kwitansiýany polisiýa işgärlerine tabşyrmaly. Şondan soňra polisiýa işgärleri okuwçynyň mobil telefonyny ene-atasyna berýärler” diýip, habarçy ene-atalara bu ýagdaý gaýtalansa, onda telefonyň indikide yzyna berilmejekdiginiň hem duýdurylýandygyny belledi.
Degişli maglumat Balkanly, daşoguzly we lebaply ene-atalara okuwçylaryň mobil telefonlary mekdebe getirmeginiň berk gadagandygy duýduryldyAzatlyk Radiosynda bu wakalaryň Aşgabadyň haýsy mekdeplerinde bolandygy barada anyk maglumatyň bardygyna garamazdan, howpsuzlyk aladalary sebäpli olary köpçülige mälim etmekden saklanýar.
Şeýle-de, Azatlyk Radiosynyň bu barada degişli mekdeplerden, Aşgabat şäher bilim bölüminden we ýurduň Bilim ministrliginden kommentariý almak synanyşyklary häzirlikçe netije bermedi.
Degişli maglumat Aşgabadyň mekdep okuwçylaryna gije sagat 10-dan soň köçä çykmak gadagan edildiTürkmenistanda orta mekdeplere mobil telefonlary getirmegi we ulanmagy çäklendirýän gadagançylyk ýanwar aýynyň ortalaryndan, ýagny okuw ýylynyň üçünji çärýegi başlanda güýçlendirildi.
Türkmen häkimiýetleri bu gadagançylyk we onuň sebäpleri barada resmi düşündiriş bermeýärler. Bu barada döwlet metbugatynda hem hiç zat aýdylmaýar.
Ýöne Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan türkmenistanlylaryň ençemesi bu gadagançylygyň sebäplerini “türkmen häkimiýetleriniň mekdeplerdäki hakykatlaryň aýan bolmagyndan gorkýandygy” bilen düşündirýär.
Bu aralykda, 11-nji fewralda Aşgabadyň orta mekdepleriniň käbirinde ýörite komissiýanyň sapaklara girip, okuwçylaryň sumkalaryny barlaýandygy habar berilýär.
“Mekdep müdiriniň we etrap polisiýasynyň hem-de Bilim ministrliginiň işgärleriniň gatnaşmagyndaky komissiýa her bir okuwçynyň sumkasyny açyp, olardaky kitaplaryň şol günki raspisaniýe bilen gabat gelýändigini ýa gelmeýändigini barlady. Bu okuwçylaryň sumkasyndaky goşlary görmek üçin bahana bolup biler” diýip, çagasy Aşgabadyň mekdepleriniň birinde okaýan paýtagtyň ýaşaýjysy gizlinlik şertinde Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.
Azatlyk Radiosynda bu barlaglaryň Aşgabadyň haýsy mekdeplerinde geçirilendigi barada doly maglumatyň bardygyna garamazdan, howpsuzlyk aladalary sebäpli olary köpçülige mälim etmekden saklanýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.