Türkmenistanyň regionlarynda zähmet migrantlarynyň, maşgalalaryň daşary ýurtlara çykan agzalarynyň iberýän walýuta serişdeleriniň hasabyna güzeran aýlamaga çylyşýan hojalyklaryň köpelýändigi, bu ýagdaýyň häkimiýetleriň dollaryň “gara bazaryndaky” aktiwliklerini güýçlendirmegine alyp gelendigi habar berilýär.
7-nji fewralda gelen maglumata görä, Mary şäheriniň Mollanepes köçesiniň ugrunda ýerleşýän Gök bazarynyň daşynda bikanun walýuta söwdasyny edýän raýatlaryň birnäçesi şu gün irden, sagat 10:00-da tussag edildi.
Degişli maglumat Gara öýli Akýaýla obasy suwsuz, toksuz, gazsyz otyr
Azatlygyň habarçysy walýuta satmagy we almagy pişe edinen "dollarçylar" bilen bir hatarda zähmet migrantlygyndaky oglunyň iberen dollaryny manada çalyşmaga gelen raýatyň hem welaýat jenaýat agtaryş bölüminiň işgärleri tarapyndan alnyp gidilendigini, ol adamlaryň bir sagat çemesi wagt soň yzlaryna dolanyp gelendigini, olaryň ellerindäki pullarynyň konfiskasiýa edilendigini habar berdi.
Migrant oglunyň iberen puluny manada öwürmäge çalşanda tutulan raýatyň sözlerine görä,maşgalanyň manatda alýan aýlygy bolmansoň, ol ulanylan gaz, elektrik togy we suw, jaýtöleglerini tölemek, azyk satyn almak üçin dollary “gara bazarda” böldürmeli bolýar, sebäbi walýutany döwlet kursunda bankda manada öwürseň, ol hümmetini ýitirýär we hiç zada ýetmeýär.
Degişli maglumat Lebapda we Balkanda manadyň hümmedi peselýär, Marynyň polisiýasy walýutanyň gara bazarynda reýd geçirýär
Şol bir wagtda, dollaryň döwlet tarapyndan kesgitlenen kursy ençeme ýyllap şol bir durkunda, hakyky ýagdaýyndan kän tapawutlylykda, 1 dollara 3,5 manat görnüşinde saklanýar.
Emma muňa garamazdan, şu aýyň başynda dollaryň Aşgabatdaky “gara bazarda” 18,90 satyn alnandygy, 19,15 manatdan satylandygy habar berildi. Türkmenistanda nebit bahalarynyň global arzanlamagy bilen güýçlen ykdysady kynçylyklaryň fonunda dollaryň erkin söwdasy gadagan edildi we bu ýagdaý bir tarapdan ýurt içinde walýutanyň “gara bazarynyň” döremegine, ikinji tarapdan, bank kartyna manat geçirip, ony daşary ýurtda döwlet kursundan dollarda almak üçin tagalla edýän raýatlaryň köpelmegine alyp geldi.
Synçylar türkmen häkimiýetleriniň birbada hem dollarçylara, hem daşary ýurtlarda dollarda alynýan serişdelere garşy göreşmeli bolmaklaryny ýurtda dowam edýän maliýe çäklendirmeleri bilen düşündirýärler.
Mysal üçin, “Türkmenistanyň Hronikasynyň” 7-nji fewraldaky maglumatyna görä,Mary welaýatynda "Western Union" arkaly iberilýän aýlyk serişdäniň möçberi 50% kemeldilip, 200 dollar bolanlygyndan 100 dollar boldy.
Degişli maglumat Türkmenistandan gitmek isleýän raýatlaryň sany ýyl-ýyldan artýar
Azatlygyň habarçysy dollar söwdasynda tutulan adamlaryň soňky ykbaly bilen hem gyzyklandy. Olaryň gürrüň bermeklerine görä, eliňdäki puluňy aldyrmak diňe meseläniň ýarysy. Mundan başga,dollar söwdasyny edýän raýatyň işiniň Döwlet salgyt gullugyna geçiriljekdigini aýdýarlar.
“Mundan öňem şeýle ýagdaýa düşdüm, Döwlet salgyt gullugy 150 manatdan iki sany jerime ýazdy, 300 manat tölemeli boldum. Ondan öňki gezek ýazan jerimelerini tölemäge pulumyň ýokdugyny aýtdym, işimi kazyýete geçiripdirler, 7 gün tussaglykda oturdym” diýip, 50 ýaşlaryndaky raýat aýtdy.
Daşary ýurtdaky garyndaşlaryndan dollar alýan raýatlar öz pullaryny gizlenip böldürmeli bolýar. Olar pullaryny aldyrmakdan gorkup,ynamdar adam, tanyş gözläp, köp wagt ýitirýär diýip, habarçy aýtdy.
Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen raýatyň tassyklamagyna görä, işsizlikden horlanýan we bir ýa iki agzasyny daşary ýurda iberip, şolaryň ýollan dollarlary esasynda güzeran aýlaýan maşgalalaryň her iki-üç aýdan alýan ujypsyzja pullaryny polisiýa işgärlerine aldyrmagy olar üçin ullakan betbagtçylyk bolup durýar.
“Polisiýa işgärleri halkyň agyr güzeran ýagdaýyna seretmeýär, olar öz aýlyklaryndan başga para-da alýarlar, halkyň ýagdaýyna düşünmeýärler” diýip, raýat aýtdy.
Degişli maglumat Lebapda PÝGG-niň sürüjilerden para almak tejribesi gaýtadan güýçlendi
Şeýle-de ol daşary ýurtdan özüne 100-150 dollar gelýändigini, oglunyň her aý pul ugradyp bilmeýändigini, şondan gaty kösenýändigini gürrüň berdi.
Türkmenistanda ilatyň durmuş derejesiniň ösendigi aýdylyp, 2019-njy ýylyň başynda öňki ýyllarda ilata mugt berlen elektrik energiýasy, gaz, suw we beýleki ýeňillikler ýatyryldy.