Ýegowa şaýatlarynyň metbugat wekili: Türkmenistanda tussag edilen Şaýatlar ýurduny söýýär

Illýustrasiýa suraty.

Ýegowa şaýatlary dini akymy Türkmenistanda öz wekilleriniň ynanç-ygtykatlaryny berjaý etmekde duçar bolýan kynçylyklary barada hasabat ýaýratdy.

“2018-nji ýylyň sentýabryndan bäri Şaýatlaryň dini işlerine hökümet has köp gatyşyp başlady” diýip, hasabatda aýdylýar.

Hasabata görä, Ýegowa şaýatlary Türkmenistanda polisiýanyň gorkuzmalaryndan we haýbatyndan, öz ynançlarynyň jemgyýetçilikde beýan edilmegine polisiýanyň gatyşmagyndan hem-de beýleki çäklendirmelerden ejir çekýär.

Şeýle-de, hasabata görä, Türkmenistanyň hökümeti olaryň dini edebiýatlary saklamagyna rugsat bermeýär hem-de guramany resmi taýdan hasaba almakdan boýun gaçyrýar.

“Türkmenistanda 2019-njy ýylyň 31-nji dekabryna çenli dokuz ýaş Şaýat dini ynanjy sebäpli harby gullugy geçmekden ýüz öwürendikleri üçin adalatsyz türmä basyldy” diýip, hasabatda aýdylýar.

Dawid Petrosow. Türkmenistanda tussag edilen Ýegowa şaýady

Hasabata görä, Türkmenistanyň raýatlary bolan 19 ýaşly Mekan Annaýew, 18 ýaşly Azamatýan Narkuliýew, 20 ýaşly Eziz Atabaýew, 23 ýaşly Muhammetali Saparmuradow, 19 ýaşly Bahtiýar Atahanow, 20 ýaşly Azat Aşirow, 18 ýaşly Dawid Petrosow, 18 ýaşly Selim Taganow hem-de 26 ýaşly Serdar Döwletow dini ynançlary sebäpli çagyryş boýunça harby gullugy geçmekden boýun gaçyrandyklary üçin soňky bir ýyldan gowrak wagtyň dowamynda degişlilikde 1 – 4 ýyl aralygynda türme tussaglygyna höküm edilipdir.

6-njy ýanwarda Azatlyk Radiosy Ýegowa şaýatlarynyň Nýu-Ýorkdaky baş binasyndan guramanyň metbugat wekili Jarrod Lopes bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

“Türkmenistanda alternatiw raýat gullugynda, ýagny harby gözegçilikden tutuşlygyna azat raýat gullugynda gulluk geçmek mümkinçiligi döredilse, Ýegowa şaýatlary muny uly höwes bilen berjaý ederdiler. Edil häzir Türkmenistanda 9 sany gujurly ýaş ýigit türmede saklanýar we munuň hiç kime hiç hili peýdasy ýok” diýip, Lopes aýtdy.

Degişli maglumat ABŞ-nyň Döwlet departamenti Türkmenistany dini azatlyklar boýunça 'Aýratyn alada bildirilýän ýurtlaryň' sanawyna täzeden goşdy

Türkmenistanyň Konstitusiýasy ýurduň raýaty bolan her bir erkek adamdan harby borçlulyk talap edýär.

Lopes Türkmenistanda harby borçlulyga alternatiw hökmünde raýat pudagyna degişli gulluk mümkünçiliginiň döredilmeginiň ähli taraplara peýdaly boljakdygyny aýtdy:

“Bu oglanlar öz ýurduny söýýärler. Olar öz ýaşaýan jemgyýetlerine goldaw bermek isleýärler. Eger-de muny etmäge rugsat berilsedi, bu hemmeler üçin peýdaly bolardy” diýip, Lopes aýtdy.

Guramanyň hasabatyna görä, soňky bir ýyldan gowrak wagtyň dowamynda Türkmenistanyň kanun goraýjy edaralarynyň wekilleriniň Ýegowa şaýatlarynyň ynançlaryny jemgyýetçilikde beýan etmegine gatyşmagy bilen bagly ýurduň dürli regionlarynda 17 sany waka hasaba alnypdyr.

Azatlyk Radiosy bilen telefon söhbetdeşliginde guramanyň metbugat wekili Jarrod Lopes Ýegowa şaýatlarynyň halkara wekiliýetiniň Türkmenistanyň ýolbaşçylary bilen duşuşyp, öz meselelerini ara alyp maslahatlaşmak isleýändiklerini aýtdy. Ýöne olaryň bu ugurdaky tagallalaryna häzire çenli jogap berilmändir.

Selim Taganow. Türkmenistanda tussag edilen Ýegowa şaýady.

Soňky hasabatda Ýegowa şaýatlarynyň 2018-nji ýylyň noýabr hem-de 2019-njy ýylyň mart aýlarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri bilen hem-de Türkmenistanyň adalatçysy bilen duşuşmaga synanyşyk edendigi, ýöne munuň türkmen resmileri tarapyndan kanagatlandyrylmandygy bellenilýär.

Azatlyk Radiosy bu mesele bilen bagly Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginden hem-de Adalatçynyň edarasyndan kommentariýa alyp bilmedi.

7-nji ýanwarda Azatlyga elektron poçta arkaly beren goşmaça maglumatynda Ýegowa şaýatlarynyň metbugat wekili Jarrod Lopes Türkmenistanda tussaglykda saklanýan agzalarynyň saglyk ýagdaýynyň gowudygyny, soňky 5 ýyl bäri türme ýolbaşçylarynyň Ýegowa şaýatlaryna azar bermeýändigini ýa-da olara garşy duşmançylyk beýan etmeýändigini habar berdi.

Degişli maglumat BMG-niň Adam hukuklary boýunça komiteti Türkmenistanyň ozalky tussaglaryň hukuklaryny bozandygy barada netije çykardy

Galyberse-de, ol goşmaça maglumatda käbir ýerli häkimiýetleriň öz işlerine kän bir gatyşmaýandygyny aýdyp, özleri bilen bagly ýurtdaky umumy oňyn meýilleriň dowam etmegine, şeýle-de soňy bilen, kanun taýdan kepillendirilmäge bil baglaýandyklaryny aýtdy.

Türkmenistan 2019 ýylyň dekabrynda Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti tarapyndan din azatlyklary boýunça “Aýratyn alada bildirilýän” ýurtlaryň sanawyna goşuldy.

Adam hukuklaryny goraýan halkara toparlar Türkmenistanda raýatlaryň din azatlyklarynyň kemsidilýändigini aýdýarlar. Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary we çeşmeleri ýurtda häkimiýetleriň raýatlary dini ynançlary bilen baglylykda yzarlaýandygyny, olara haýbat atýandygyny wagtal-wagtal habar berýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.