Türkmen häkimiýetleri Türkmenistanda eýesiz it-pişikleriň resmi taýdan hasaba alnan ilkinji hususy penahanasyny ýapýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri habar berýär.
“Birnäçe gün ozal hususy eýeçilikdäki ‘Umyt adasy’ diýlip atlandyrylýan bu penahananyň eýesine onuň ýapylýandygy barada resmi duýduryş haty gelip gowuşdy. Şondan soň Änewiň häkimliginiň we etrap polisiýa bölüminiň işgärleri bu ýere baryp gördüler. Olarda resmi buýruk ýokdy” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde maglumat beren habarçy 7-nji ýanwarda gürrüň berdi.
Degişli maglumat Türkmenistanda eýesiz jandarlaryň ilkinji merkezi hasaba alyndyOnuň sözüne görä, türkmen häkimiýetleri bu penahananyň näme sebäpden ýapylmaly edilendigi barada takyk maglumat bermeýärler.
Azatlyk Radiosyna bu maglumatlary Aşgabat we Änew şäher häkimliklerine tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek häzirlikçe başartmady. Bu barada şäher polisiýasyndan hem maglumat alyp bolmady.
Ýatlatsak, 2017-nji ýylyň awgustynda “RIA Nowosti” neşiriniň Aşgabatdaky habarçysy türkmen hökümetine ýakynlygy bilen tanalýan “Orient” habar saýtyna salgylanyp, Türkmenistanda eýesiz it-pişikler üçin ilkinji penahananyň resmi taýdan hasaba alnandygyny habar berdi.
Şonda bu waka ýerli häkimiýetleriň eýesiz it-pişikleri zäherläp ýa urup-ýenjip öldürýändigi hakynda çykan habarlaryň yz ýanyna, şol ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň bolsa başlanmagynyň öňýanyna gabat gelipdi.
Degişli maglumat Aşgabatly haýwanlary goraýjylar it-pişikler babatyndaky ýowuzlyklaryň dowam etmegine alada bildirýärlerTürkmenistandaky täze kärhananyň inisiatory Aşgabadyň etegindäki bagçylyk posýologynyň ýaşaýjysy Tatýana Galbergdir. Häzir onuň bagçylyk uçastogynda köçeden ýygnalan 100-den gowrak it, 50 çemesi pişik bar. Oňa adamsy Nikolaý we gyzlary Irina bilen Katýa kömekleşýär diýip, “RIA Nowosti” neşiriniň habarynda aýdylypdy.
Bu aralykda, 7-nji ýanwarda Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan aşgabatly haýwanlary goraýjylar hususy eýeçilikdäki ýene iki penahana, ýagny Änewde ýerleşýän “Arassa penje” we “Maňa ömür sowgat ber” atly merkezlere hem ýapylmak howpunyň abanýandygyny habar berdiler.
Degişli maglumat “Bir kelle, dört penje we hökman guýrugy bolsun!”: Aşgabatda türkmen alabaýynyň täze heýkeli dikiler“Häkimiýetler, şol sanda etrap polisiýa bölüminiň işgärleri penahanalara baryp, olary ýapmagy tabşyrypdyrlar. Olara üç gün wagt möhleti berlipdir. Üç güne çenli penahanalardaky itleri we pişikleri aýyrmagy talap edipdirler. Eger aýyrmasalar, olary özleriniň ýok etjekdigini duýdurypdyrlar” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde maglumat beren aşgabatly haýwanlary goraýjy aýtdy.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary we aşgabatly haýwanlary goraýjylar türkmen paýtagtynda geçirilýän “arassalaýyş işleriniň” çäginde eýesiz itleri we pişikleri köpçülikleýin tutmak hem-de gynap öldürmek çäreleriniň indi ençeme ýyl bäri yzygiderli dowam edýändigini aýdýarlar.
Olaryň sözlerine görä, tutulan haýwanlar köplenç dessine öldürilýär ýa-da Çoganlyda öýsüz haýwanlaryň saklanýan ýerine tabşyrylýar, olar şol ýerde açlykdan we ýowuz şertlerden heläk bolýarlar. Ölen haýwanlar şäheriň Bedew massiwiniň golaýyndaky senagat zolagynda, daşyna germew aýlanan we gorag astyndaky ýerde ýerleşýän çukura taşlanylýar.
Aşgabadyň häkimiýetleri eýesiz jandarlaryň öldürilmegine degişli meseläni resmi derejede agzamaýar. Bu barada döwlet mediasy hem dymýar.
Bu habarlaryň fonunda, geçen ýylyň sentýabrynda türkmen häkimiýetleri Ahal welaýatynyň Ak Bugdaý etrabynda “Türkmen alabaý itleri” hojalyk jemgyýetiniň binalar toplumyny açdy.
“Bu täze binanyň açylmagy türkmen alabaýlaryna berilýän ünsüň neneňsi ýokary derejededigine şaýatlyk edýär” diýip, döwlet telewideniýesi açylyş dabarasyna gatnaşan türkmen prezidentiniň ogly Serdar Berdimuhamedowyň sözlerini sitirledi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.