Olar dükan eýelerine möhleti geçen harytlary konfiskasiýa etmek haýbatyny atýar. Zaýalanan azyk önümlerini satmaga dowam etmekleri üçin polisiýa dükan eýelerinden 2 müň manat möçberinde para talap edýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 6-njy ýanwarda Marydan habar berdi.
Onuň maglumatlaryna görä, polisiýa işgärleri kiçi hususy dükanlara jübütlenişip aýlanýar, satuwdaky iýmit önümleriniň ýaramlylyk möhletini barlaýar. Polisiýa işgärleri möhleti geçendigine garamazdan, tekjelerden aýrylmadyk azyk harytlary konfiskasiýa etjekdiklerini aýdýarlar.
Azatlygyň habarçysy Marynyň kiçi hususy dükanlarynda möhleti geçendigine garamazdan satylýan iýmit önümleriniň hatarynda dürli hili süýji-kökeler, ösümlik ýaglary bilen bir hatarda körpeler üçin iýmit önümleriniň hem bardygyny habar berýär.
Habarçy bilen gürrüňdeş bolan ençeme dükan eýeleriniň sözlerine görä, olar ýaramlylyk möhleti geçen azyk harytlary satmaga dowam etmek üçin polisiýa işgärlerine haýyş bilen ýüzlenýärler.
Bu haýyşy kanagatlandyrmak üçin polisiýa degişli hususyýetçilerden 2 müň manat möçberinde para talap edýär diýip, habarçy aýdýar.
Degişli maglumat Aşgabadyň hususy dükanlarynda möhleti geçen harytlar satylýarOnuň sözlerine görä, dükan eýeleri öz satýan iýmit önümleriniň agramly böleginiň zaýa harytlardygyny boýun alýar. “Bulary konfiskasiýa etseler, dükanymyzda diňe çörek galaýmasa!” diýip, bir satyjy Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.
“6-njy ýanwarda Marynyň Kemine köçesiniň ugrundaky ýaşaýyş jaýlaryň arasynda ýerleşýän hususy dükanlaryň hemmesine diýen ýaly polisiýa aýlandy. Dükan eýeleri biri-birlerine jaň edip, ‘barlag aýlanyp ýör, gidýänçäler dükanlaryňyzy ýapyň’ diýip, duýduryş berýär” diýip, Azatlygyň habarçysy aýdýar.
Möhleti geçen zaýa harytlary satmaga dowam etmek üçin dükan eýeleri öz aralarynda arkalaşýan wagty, polisiýa işgärleri 2 müň manat para bilen zaýa harytlaryň alyjylara satylmagyna göz ýumýar. Azatlygyň habarçysynyň tassyklamagyna görä, barlag wagtynda dükandan agzalýan möçberde pul çykmadyk ýagdaýynda polisiýa paranyň 2 hepdä golaý wagtyň dowamynda ikä bölünip tölenmegini talap edýär.
2 müň manat dollaryň resmi bahasynda 570 dollar, gara bazaryň nyrhyndan 105 dollar töweregi bolýar.
Türkmenistanda “Iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi hakynda” kanun hereket edýär.
6-njy ýanwarda Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy paýtagtyň hatda döwlet dükanlarynda-da ýaramlylyk möhleti geçen harytlaryň satylýandygy barada habar berdi. Onuň maglumatlaryna görä, haçan-da döwlet dükanlarynda un, towuk budy, şeker we ýumurtga ýaly harytlar alyjylar elýeterli bolanda, satyjylar olardan agzalýan harytlaryň gapdaly bilen ýaramlylyk möhleti geçen süýji-kökeleri satyn almagy talap edýär. Galyberse-de, habarçy paýtagtdaky lomaý söwda nokatlarynda-da möhleti geçen harytlaryň satylýandygyny aýdýar.
Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda, Azatlyk Radiosy mundan ozal hem ýurduň dürli regionlaryndaky hususy söwda nokatlarynda ýaramlylyk möhleti geçen harytlaryň satylýandygy barada habar beripdi.
Degişli maglumat Aşgabatda ýaramlylyk möhleti geçen azyk harytlary köpelýärOktýabryň başynda Azatlygyň habarçysy Türkmenabatdaky hususy dükanlaryň ençemesinde möhleti geçen harytlaryň satylýandygyny habar berdi.
Habarçy, hususan-da, Türkmenabatdaky “Kämil” söwda merkezinde satylýan iýmit önümleriniň köpüsiniň ýaramlylyk möhletiniň geçendigini habar berdi. Käbir alyjylar Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň “Kämilde” satylýan ýaramlylyk möhleti geçen harytlary barlaýandygyna ýa-da barlamaýandygyna soragly garaýar.
“Bu dükanlaryň ýaramlylyk möhleti geçen iýmit önümlerini “Sanepidemiýa” gullugynyň işgärleri barlamaýarmy?” diýip, bu söwda merkeze baran bir türkmenabatly oktýabryň başynda Azatlygyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde sorady. Azatlyga mälim bolşuna görä, iýmit önümleri satylýan “Kämil” söwda merkeziniň Türkmenistanda hökümetiň iň ýokary gatlagynyň bir agzasynyň ýakyn töwereginiň eýeçiligindedigi aýdylýar.
Ýerli ýaşaýjylar habarçylar bilen gürrüňdeşlikde, hususy söwdadaky iýmit önümleriniň bahalarynyň juda gymmatdygyny aýdýarlar. Maryly dükan eýeleri öz dükanlarynda alyjylaryň azdygyny aýdýar. Beýleki tarapdan, un, ösümlik ýagy, ýumurtga, towuk budy ýaly iýmit önümlerini döwlet bahasyndan hususy söwda bilen deňeşdireniňde has arzan satyn almak üçin ýurduň dürli künjeklerinde raýatlar döwlet dükanlaryna ýykgyn edýär. Ýöne habarçylaryň soňky iki ýyla golaý wagt bäri yzygiderli habar berşine görä, döwlet dükanlarynda-da zerur harytlary satyn almak aňsat däl. Alyjylar köplenç uzyn nobatlara garaşmaly bolýar, üstesine döwlet dükanlarynda haryt üpjünçiligi kadaly ýola goýulmaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.