Paýtagtda täze ýyl dabarasy geçirildi, onda sahna düýe çykaryldy, hökümet resmileri tans etdi, tomaşaçylar ‘hezil etdi’

Illýustrasiýa suraty. Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow täze ýyl dabrasyna gatnaşýar.

26-njy dekabrda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow agtyklary bilen Söwda-senagat edarasynda Täze ýyl mynasybetli geçirilen dabara gatnaşdy. Bu sapar Täze ýyl dabaralarynda prezidentiň özi heniz aýdym aýdyp, ýa-da saz çalyp, jemgyýetçiligiň öňünde çykyş etmedi. Oňa derek bu gezek ýokary derejeli hökümet resmileri sahna oýunlary, tanslary we beýleki çykyşlary bilen köpçüligiň öňünde çykyş etdi.

Penşenbe güni döwlet telewizion kanallarynyň “Watan” habarlary gepleşiginde prezidentiň gatnaşan Täze ýyl dabarasy tomaşaçylara ýetirildi.

Dabaranyň başynda Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylary Täze ýyl baýramçylygy bilen gutlady. Çärede çagalar döredijilik toparlarynyň hem-de beýleki sungat işgärleriniň çykyşlary görkezildi.

Onuň dowamynda saýlanan çagalara nemes, rus hem-de iňlis dillerinde üç dilde täze ýyl gutlaglary aýtdyryldy.

Iňlis dilinde gutlag aýdan çagajyk myhmanlary sahna çagyrdy. Şüweleň gyzyşdy. Sahna birden diri düýe çykaryldy. Ses gataldyjy enjamda ak saçly bir adam toý tutulýandygyny yglan etdi. Görnüşinden, dabarada türkmen toýy sahnalaşdyryldy. Düýäniň töwereginde tans edýän adamlar görkezildi. Sahnalaşdyrylan toýa ýokary derejeli hökümet resmileriniň gatnaşmagy ünsi çekdi. Düýeden düşürilen täze gelniň töwereginde mejlisiň başlygy Gülşat Mämmedowa ýygnanlara süýji paýlady.

Degişli maglumat Berdimuhamedow 2019-njy kyn, ‘biz üçin oňat ýyl boldy’ diýýär

Azatlygyň habarçysy 26-njy dekabrda ýurt içinden beren maglumatynda mejlisiň başlygy Gülşat Mämmedowanyň sahnalaşdyrylan oýunda sawçynyň keşbini döredendigini tassyklady.

Soňra toýdan göreş sahnalary görkezildi. Sahnalaşdyrylan göreşde öňki wise-premýer Gurbanmyrat Mezilow biziň habarçylarymyza şahsyýeti bada-bat mälim bolmadyk bir garşydaşy bilen göreş tutýar. Göreşde Mezilow ýykylýar.

“Göreş tutulýan sahnada Gurbanmyrat Mezilowyň bir pälwandan ýykylşy görkezilýär. Bu Mezilowyň wise-premýer derejesinden rektorlyga ýykylşyny alamatlandyrýan bolaýmasa” diýip, penşenbe güni Azatlyk bilen anonim şertlerde gürrüňdeş bolan bir ýerli synçy aýtdy.

Ýatlasak, Ministrler Kabinetiniň başlygynyň ozalky orunbasary Mezilow 2011-nji ýylda wise-premýerlik wezipesinden boşadyldy. Ol 2016-njy ýylyň aprelinde şol wagtky Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň rektory wezipesine bellenildi. Bu ýokary okuw jaýy 2016-njy ýylyň iýulynda ýapyldy hem-de onuň bazasynda Oguzhan adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersiteti döredildi. Mezilow bu ýokary okuw jaýynda rektorlyga bellenildi.

Degişli maglumat Maryly okuwçylardan mekdeplerde belleniljek Täze ýyl dabaralary üçin pul ýygnalýar

Dabarada guralan sahna köplere görä Türkmenistanda sowet ýyllarynda meşhurlyk gazanan “komsomol toýlary” ýada salýar. Öýlenýän ýigit bilen gyzyň oturýan ýerinde halynyň ýüzünde kiril harplar bilen “Bagtly boluň” diýlip ýazylypdyr. Sahnalaşdyrylan toýa gatnaşyjylar 80-nji ýyllaryň sowet stilinde geýim geýipdir. Dik durma bagşynyň arkasynda uzyn saçly sazandarlar şol döwürleriň aýdymçylarynyň daş keşbini ýada salýar.

Dabara has-da gyzyşýar. Aşgabat şäheriniň häkimi Şamuhammet Durdylyýew ädikli, papakly sahna çykýar. Ol sowet döwrüniň hatçylaryna (poçtalona) çalym edýän lybasda “lezgi” tansyny ýerine ýetirýär.

“Aşgabadyň häkimi hezil edip tans edýär” diýip, ýerli synçy dabarany teswirledi.

Hökümete ýakyn maglumatlary paýlaşýan bir Twitter hasaby “Aşgabat şäher häkiminden ‘lizginka’” diýen teswir bilen Durdylyýewiň çykyşynyň wideosyny paýlaşdy.

Sahnalaşdyrylan toý sahnasynda beýleki ýokary wezipeli resmiler, gazet-žurnallaryň redaktorlary kameralaryň obýektiwine ildi.

Prezidentiň sahnada ýokary wezipeli resmileriň hem-de beýlekileriň ýerine ýetirýän tans-tomaşalaryny uly tomaşa bilen synlaýşy görkezilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.