Türkmen-owgan serhedinde howpsuzlyk güýçlendirildi, serhediň türkmen tarapynda russiýaly harbylar peýda boldy

Illýustrasiýa suraty. Türkmen serhetçileri

Türkmen serhetçileri Türkmenistan bilen Owganystanyň araçäginde howpsuzlyga gözegçiligi güýçlendirdi.

Lebap welaýatynyň Köýtendag we Kerki etraplarynda türkmen-owgan serhedine gözegçilik edýän Jargüzer we Akderi serhet galalarynda howpsuzlyk güýçlendirilýär. Araçägiň Türkmenistan tarapynda howpsuzlygy güýçlendirmek işlerine türkmen serhetçileri bilen bir hatarda russiýaly harbylar hem gatnaşýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy Köýtendagyň we Kerkiniň serhet galalaryndaky serhetçi ofiserlere salgylanyp habar berýär.

Degişli maglumat Patruşew: YD jeňçileri Türkmenistanyň we Täjigistanyň üsti bilen Merkezi Aziýa girmegi planlaşdyrýarlar

Howpsuzlyk çäreleri güýçlendirilen türkmen serhet galalary Demirgazyk Owganystanyň Islampinji, Garkyn hem-de Hamýap serhetýaka aralyk çäkleri bilen serhetleşýär.

“Owgan jeňçi toparlarynyň Türkmenistanyň çägine hüjüm etmek ähtimallygy barada habarlaryň ýaýramagyndan soň, serhet çäklerinde howpsuzlyk has-da güýçlendirildi” diýip, bir türkmen serhetçisi atlandyrylmazlyk şertlerinde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna 23-nji dekabrda gürrüň berdi.

Ýatlasak, 18-nji dekabrda Russiýanyň Howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Nikolaý Patruşew “Yslam döwleti” jeňçileriniň Owganystanyň demirgazygyndan Türkmenistanyň we Täjigistanyň üsti bilen Merkezi Aziýa hüjüm etmäge taýýarlyk görýändigini aýtdy. Türkmen – owgan serhedinde howpsuzlyk çäreleriniň güýçlendirilmegi baradaky habarlar ýokary derejeli rus howpsuzlyk resmisiniň eden çykyşynyň yzýanyna gabat gelýär.

“Häzirki wagtda serhetde türkmen howa güýçleriniň “Su” we “Mig” kysymly söweşjeň uçarlarynyň onlarçasy asmanda uçuşlary amala aşyrýarlar. Harby uçarlar Serhetabat – Köýtendag aralygynda her gün azyndan 5 uçuşy amala aşyryp, asmanda nobatçylyk edýär” diýip, Azatlygyň habarçysy sebitden habar berýär.

Habarçy 27-nji dekabrda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyndaky beýleki bir ynamdar çeşmesine salgylanyp, serhetde ýygjamlaşýan rus-türkmen harby hyzmatdaşlygy barada maglumat berdi.

Çeşmäniň sözlerine görä, Türkmenistanyň Owganystan bilen araçäkleşýän serhet ýakalarynda bir ýyldan gowrak wagt bäri russiýaly ofiserleriň bir topary iş alyp barýar.

“Bu döwlet syry hökmünde kabul edilen hyzmatdaşlyk esasynda alnyp barylýar” diýip, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyndaky çeşme sözüne goşýar.

Azatlyk Radiosy bu maglumatlar boýunça Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyndan ýa-da Goranmak ministrliginden kommentariýa alyp bilmedi.

Ýatlasak, geçen ýylyň 25-nji dekabrynda Russiýanyň Merkezi harby okrugynyň metbugat gullugy Russiýa bilen Türkmenistanyň arasynda harby tälim-türgenleşikleriň täzeden dikeldilendigini habar berdi.

Azatlygyň habarçysynyň soňky maglumatynda häzire çenli Lebabyň owgan serhedinde serhet bozulmalaryň hasaba alynmandygyny belledi.

Degişli maglumat Russiýanyň Merkezi Harby okrugy: Türkmenistan bilen bilelikdäki harby tälimler täzeden dikeldi

Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şamerdanguly Myrady 27-nji dekabrda beren gürrüňinde türkmen-owgan serhediniň owgan tarapynyň howpsuzlyk şertleri barada maglumat berdi:

“Demirgazyk Owganystanyň Türkmenistan bilen çäkleşýän sebitlerine umuman jeňçiler eýeçilik edýär. Jeňçileriň hem dürli toparlardan ybaratdygyny owgan resmileri aýdýarlar. Owganystanda 20-den gowrak terrorçy toparyň hereket edýändigini owgan resmileri tassyklaýarlar. Şolaryň has howplusy Yslam döwleti diýilýän toparyň Horasan atly şahamçasy diýip, resmiler aýdýarlar” diýip, Myrady aýtdy.

Demirgazyk Owganystan Türkmenistanyň Lebap we Mary welaýatlary bilen serhetleşýär. Eýsem, soňky wagtlarda Mary welaýatynyň owgan serhedinde adatdan daşary howpsuzlyk ýagdaýy hasaba alyndymy?

27-nji dekabrda Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçysy welaýatyň owgan araçäginde bolan nähilidir bir adatdan daşary waka barada özünde maglumatyň ýokdugyny aýtdy, ýöne onuň tassyklamagyna görä, şu günler welaýatlaryň arasynda ulaglaryň hereketine gözegçilik güýçlendirilýär. Habarçy bu çäreleriň bolsa baýramçylyk bilen dahyllydygyny aýdýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.