Şu aýyň başyndan bäri balkanlylaryň diňe üçden bir bölegi öz bank hasaplaryna geçirilen maliýe serişdelerini nagtlaşdyryp bildi diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen anonim şertde söhbetdeş bolan ýurduň Merkezi bankynyň Balkan welaýatyndaky bölüminiň işgäri aýtdy.
Işgäriň 20-nji dekabrda beren maglumatyna görä, munuň sebäpleri welaýatda bankomatlaryň kadaly işlemeýändigi we olarda nagt pul ýetmezçiliginiň dowam edýändigi bilen baglanyşykly.
Degişli maglumat Maryda dekabryň aýlyklary raýatlaryň bank hasaplaryna geçirildi, ýöne bankomatlarda nagt pul ýetmezçiligi saklanýar“Bankomatlar - Balkanda uly mesele bolmagynda galýar. Şu aýyň pensiýa haklary we kömek pullarynyň bank kartlaryna geçirilenine 20 gün çemesi wagt bolsa-da, häzir balkanly pensionerleriň we kömek puluny alýan raýatlaryň bary-ýogy 30%-i öz bank hasaplaryndaky puly nagtlaşdyryp bildi” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy bank işgäriniň sözlerini sitirledi.
Azatlyk Radiosyna bu maglumatlary ýurduň Merkezi bankynyň Balkan welaýatyndaky bölümine tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek häzirlikçe başartmady.
Ýöne Türkmenistanda bankomatlaryň kadaly işlemezligi we olardaky nagt puluň gysga wagtda gutarmagy bilen bagly kynçylyklar indi iki ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýär. Raýatlar öz bank hasaplaryndaky maliýe serişdelerini köplenç bankomatlaryň öňünde uly nobatlara garaşyp, ençeme günüň dowamynda nagtlaşdyrmaly bolýarlar.
Balkanly habarçy bank hasaplaryndaky maliýe serişdelerini nagtlaşdyrmakdaky kynçylyklaryň soňky aýlarda has-da güýçlenendigini aýtdy. Şeýle-de, ol bu ýagdaýyň raýatlaryň özaralarynda nägileliklerini beýan etmegine ýa-da kinaýaly degişmeleri aýdyşmagyna sebäp bolýandygyny hem belledi.
Degişli maglumat Lebabyň we Marynyň bankomatlary ýene kadaly işlemeýär, pul nagtlaşdyrmak bilen bagly nobatlar dowam edýär“Býujet işgärleri 8 sagat iş gününden, ýagny 17:00-dan soň, pul bar bankomatlary gözläp, nobatlarda durup ençeme wagt ýitirýändiklerini aýdýarlar. Olar pagta ýagynyň, unuň, çöregiň we gaz, tok, suw tölegleriniň nobatlary bar diýip, ähli ýerde nobatlar diýýärler. Adamlar biri-birine ‘nobat edarasyna işe girdik’ diýip degişýärler” diýip, habarçy aýtdy.
Galyberse-de, ol käbir bank işgärleriniň bu kynçylyklardan peýdalanyp, özlerine bikanun gazanç çeşmesini döredendiklerini hem sözüni üstüne goşdy.
“Balkanabat we Serdar şäherlerindäki ‘Daýhanbankda’ we ‘Halkbankda’ raýatlaryň bank hasaplaryndaky puluň 15%-ni para görnüşinde özlerine alyp galmak şerti bilen, maliýe serişdesini nagtlaşdyryp berýän bank işgärleri bar. Şeýle ýagdaýlar ýönekeý raýatlaryň nägileligine sebäp bolýar” diýip, habarçy nygtady.
Degişli maglumat Aşgabadyň bankomatlarynda nobatlar saklanyp galýar. “Türkmenistan” bankyň şahamçasynda tehniki näsazlyk dörediAzatlyk Radiosyna bu aýdylanlary gürrüňi edilýän banklara tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek başartmady.
Mundanam başga, ýurtda hasaplaşyklary nagt däl görnüşde amal etmek talaby güýçlenýän bolsa-da, Türkmenistanyň dürli regionlarynda, şol sanda Balkanda raýatlaryň bank hasaplaryndaky maliýe serişdelerini nagt däl söwdada ulanmak mümkinçiligi çäkli bolmagynda galýar.
“Balkanda nagt däl söwdany amal etmek üçin niýetlenen dükanlar diňe etrap merkezlerinde bar. Ýöne bu ýerde-de olaryň sany köp bolanda 2-den geçmeýär” diýip, habarçy nygtady.
Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy Bagtyýarlyk etrabyndaky döwlet dükanlarynyň birinde satyjylaryň bank kartlaryny kabul etmän, tölegleri diňe nagt görnüşinde talap edip başlandygyny aýtdy.
“Alyjylar näme bolandygyna düşünmeýärler. Olar ‘öň diňe kart soradylar, indi-de nagt soraýarlar’ diýip, özaralarynda aýdyşýarlar” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 20-nji dekabrda gürrüň berdi.
Türkmen häkimiýetleri bu maglumatlary tassyklap ýa-da inkär edip çykyş etmeýärler. Bu habarlaryň fonunda, türkmen resmileri döwlet mediasynda edýän çykyşlarynda ýurduň bank we maliýe pudagynyň digitallaşdyrylýandygyny, bularyň sanly ulgama geçirilýändigini ýygy-ýygydan tekrarlaýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.