Maryda dekabryň aýlyklary raýatlaryň bank hasaplaryna geçirildi, ýöne bankomatlarda nagt pul ýetmezçiligi saklanýar

Pul nagtlaşdyrmak üçin bankomadyň öňünde nobata duran adamlar. Arhiwden alnan surat

Mary welaýatynda edara-kärhanalaryň işgärleriniň noýabr we dekabr aýlary üçin zähmet haklary bank kartlaryna geçirildi. Ýöne bankomatlardaky nagt pul ýetmezçiligi we töleg terminallarynyň kadaly işlemeýändigi sebäpli, raýatlar bank hasaplaryndaky maliýe serişdelerini ne nagtlaşdyryp, ne-de nagt däl tölegler üçin ulanyp bilýärler.

Degişli maglumat Lebabyň we Marynyň bankomatlary ýene kadaly işlemeýär, pul nagtlaşdyrmak bilen bagly nobatlar dowam edýär

“Häzir Mary şäherinde pul bar bolan bankomatlaryň ählisiniň öňünde uly nobatlar döredi. ‘Belent’ söwda merkeziniň golaýyndaky ‘Türkmenistan’ we ‘Halk’ banklarynyň öň tarapyndaky bankomatlaryň öňünde nobata duranlaryň sany 200-300 adama ýetýär” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 18-nji dekabrda gürrüň berdi.

Habarçy şu günler howanyň temperaturasynyň gündizlerine 4 gradusa çenli ýetýändigine ünsi çekip, sowuk howada ençeme sagatlap nobata durýanlaryň arasynda “garry adamlary we ýaş çagaly aýallary” hem görse bolýandygyny belleýär.

“Adamlaryň ýanynda pullary bolmansoň, nobatyny ýitirmejek bolup, öýlänlik naharyny iýmän nobata durýarlar. Bankomatda pul gutarsa, adatça bir sagatdan gelip salýarlar. Soňra ýarym sagat geçensoň işläp başlaýar. Adamlar nobatyny saklap garaşmaly bolýarlar” diýip, habarçy belledi.


Aýdylmagyna görä, her bir raýat bank kartyny bankomada salanda, her gezekde 200 manady nagtlaşdyryp bilýär. Bu bolsa, öň hem uly bolan nobatlarda has köp adamyň üýşmegine sebäp bolýar.

“Olar 4 gezek kartyny salyp-çykaryp, günde 800 manady nagtlaşdyryp bilýärler” diýip, habarçy aýtdy.

Mundanam başga, marylylar bank kartlaryny bankomatlara salanlarynda, olaryň petiklenmegi ýa-da yzyna berilmezligi bilen yzygiderli ýüzbe-ýüz bolýarlar.

“Kartlary bloklanan ýa-da ýuwudylan käbir adamlar olary yzyna almak üçin pasportuny alyp, öz degişli bankyna barýar. Bu ýerde olara arza ýazmalydyklaryny aýdýarlar. Adamlaryň ýanlarynda pasporty bolmansoň, olar ony öýlerinden alyp gelip, banka gitmek üçin hem wagt sarp etmeli bolýar. Soňra olar kartlaryny täzeden bankomada salsa, ýene ýuwudýar” diýip, habarçy aýtdy.

Degişli maglumat Aşgabadyň bankomatlarynda nobatlar saklanyp galýar. “Türkmenistan” bankyň şahamçasynda tehniki näsazlyk döredi

Galyberse-de, raýatlar zähmet, pensiýa haklaryny hem-de kömek pullaryny nagtlaşdyryp bilmeýän mahaly, bank hasaplaryndaky maliýe serişdelerini nagt däl söwda-da ulanyp bilmän kösenýärler.

“Ilat kartyňdaky puly sowup bolmajak bolsa, yzygiderli iki aýlygyň berileniniň peýdasy ýok diýýär. Sebäbi terminallaryň hiç biri diýen ýaly işlemeýär. Adamlar aýlyklaryny nagtlaşdyryp bilmänsoň, kartdan tölärin diýen umyt bilen dermanhanalara derman satyn almaga barýarlar. Ýöne bu ýerde-de töleg terminallary işlemeýär. Nagt puly bolmadyk adamlaryň derman satyn alyp bilmän, dermanhanalardan yzlaryna çykyp gaýdýandygyny görse bolýar” diýip, habarçy belledi.

Galyberse-de, mundan ozal raýatlar çagalar baglarynyň töleglerini bu edaranyň töleg terminallary arkaly tölän bolsa, häzir olardan muny “Halkbankynda” amal etmek talap edilýär. “Bu bankyň öňünde-de uly nobatlar bar” diýip, habarçy aýtdy.

Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň Ahal welaýatyndaky habarçylarynyň biriniň 18-nji dekabrda beren maglumatyna görä, Änew şäherindäki bankomatlarda hem nagt pul tapdyrmaýar.

Degişli maglumat Rysgalbank: Manatda bank hasabyny açdyrmak üçin başlykdan rugsat almaly

“Düýn agşam sagat 20:00 töwereginde ‘Halkbankyň’ bankomadyna çäkli möçberde pul saldylar. Bu ýere dessine adamlaryň onlarçasy üýşdi. 1 sagat geçmänkä, bankomatdaky pul gutardy. Bu gün hiç bir bankomatda, şol sanda ‘Daýhan’ bankda-da, Ak bugdaý etrap häkimligindäki bankomatda-da pul ýok” diýip, habarçy aýtdy.

Türkmenistanda raýatlaryň öz bank hasaplaryndaky maliýe serişdelerini nagtlaşdyrmak ýa-da olardan nagt däl amallar üçin peýdalanmak bilen bagly başdan geçirýän soňky bökdençlikleri, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurtda sanly ykdysadyýeti ösdürmek barada eden nobatdaky çykyşyndan üç gün soňa gabat geldi.

Prezidentiň bu tabşyryklaryna garamazdan, soňky iki ýyldan gowrak wagt bäri ýurt raýatlary öz bank hasaplaryndaky maliýe serişdelerini köplenç bankomatlaryň öňünde uly nobatlara garaşyp nagtlaşdyrmaly bolýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.