Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçysy welaýatyň hassahanasynda onkologiýa keselleri bilen kesellänleriň köpdügini aýdýar. Munuň bilen baglylykda näsaglaryň köpüsini Aşgabadyň onkologiýa merkezine ýollaýandyklaryny aýdýar.
"Marynyň onkologiýa keselhanasynda hassa köp. Soňky döwürde kesellänler örän köp. Ýüz tutýanlaryň köpüsini Aşgabadyň onkologiýa keselhanasyna ugradýarlar. Hut şonda-da hassa köp. Keselhananyň daşynda garaşyp duran köp adamy görmek mümkin" - diýip, Marydaky habarçymyz 11-nji dekabrda habar berdi. Onuň sözlerine görä, keselhananyň ne daşynda, ne-de içinde nobata garaşýan hassalar üçin amatly şertler döredilipdir.
Üstesine, medisina hyzmatlaryna we dermanlara näsaglaryň köpüsiniň maddy mümkinçiligi ýetmeýär.
"Dermanlar we bejergi örän gymmat. Adatça operasiýa üçin lukmana aklyk diýip, 1000 manat eline berýärler, şepagat uýasyna 200 manat, anesteziýa edýän lukmana 500 manat berýärler. Mundan-da başga operasiýa gatnaşýan beýleki lukmanlara hem pul berilýär" diýip, habarçymyz agzalan möçberdäki puluň lukmanlara operasiýanyň resmi bahasyndan daşary minnetdarlyk hökmünde berilýändigini belledi.
"Hossarlaryň pul bermekleriniň sebäbini operasiýadan soň hassa gowy sereder diýip, umyt bilen düşündirse bolýar. Operasiýa geçenden soň dürli himiýa terapiýa goýberilýär. Himiýa terapiýa ozal mugt berilýän bolsa indi hemme berilýän dermanlar pully. Himiýa terapiýadan soň hassalaryň ýüregi bulanyp, olar özlerini erbet duýýarlar, onuň üçin "Zafran" goýberilýär ony 25 dollara käbir lukmanlardan satyn alýandyklaryny hassanyň hossarlary aýtdylar" diýip, habarçymyz aýtdy.
Onuň sözlerine görä, bejergi we dermanlar hassalaryň ählisine elýeterli bolmansoň, medisina kömegi berilmezden öýlerinde dünýäden ötýän hassalar az däl.
"Dermanlaryň gymmatlygy sebäpli hassahanadan ýüz öwrüp çydamsyz agyrlaryny soňky gününe çenli öýlerinde çekip dünýäden ötýänleriň hem bardygyny aýdasym gelýär" diýip, Marydaky habarçymyz aýtdy.
Şeýle-de, habarçymyz şu günler welaýat keselhanasynyň hassalaryň köpdügi sebäpli olaryň köpüsini paýtagtdaky onkologiýa keselhanasyna ýollaýandygyny belledi. Azatlyk Radiosy Marynyň keselhanasyndan resmi maglumat alyp bilmedi.
Degişli maglumat Aşgabadyň Onkologiýa merkezinde sowadyjylar işlemeýärAşgabadyň Onkologiýa merkezinde hem hassa köp. Bu keselhanada medisina hyzmatlary pully.
Azatlyk Radiosy keselhananyň özünden operasiýalaryň nyrhyny anyklap bilmedi. Informasiýa bölüminiň işgäriniň telefon arkaly aýtmagyna görä, operasiýanyň bahasyny näsag ýüz tutanda lukman kesgitleýär. Munuň bilen bilelikde hassanyň medisina ätiýaçlandyryş şahadatnamasy bolmaly.
"Polis bolmasa kabul edilmeýär" diýip, Aşgabadyň Onkologiýa merkeziniň işgäri aýtdy. Onuň sözlerine görä, lukmanyň kabul etmegi üçin nobata durmaly, emma adam örän köp.
Ediljek operasiýanyň bahasynyň lukmanlar bilen gepleşilýändigini Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen söhbetdeş bolan näsaglar hem gürrüň beripdi.
- Operasiýalar pully, olaryň ortaça bahasy 2000 manat çemesi, şeýle-de lukmanlar üçin tölegleri aýratyn ylalaşýarlar. Şonuň üçin olaryň işi yzygiderli tertipde amala aşyrylýar, operasiýalar köplenç taýýarlyksyz amala aşyrylýar. Näsagyň şekerini, holesterinini peseltmeýärler, ganyny suwuklandyrmaýarlar. Operasiýalardan soň hassalaryň ýagdaýynyň agyrlaşýan halatlary köp bolýar. Üstesine, hassalar operasiýa üçin ähli däri-dermanlary, medisina ýüplerinden hasa çenli özleri satyn alyp getirmeli bolýarlar. Käte, getirilmeli serişdeleriň doly sanawyny hem bermeýärler, şonda mydama käbir zatlary, hatda agyz suwuny goşmaça satyn almaly bolýar, - diýip, Azatlygyň habarçysy keselhananyň hassalaryna salgylanyp habar beripdi.
Türkmenistandaky keselçiligi görkezýän resmi statistika elýeterli däl.
Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we sosial meseleler boýunça departamentine hödürlenen Türkmenistanyň Meýletin milli synyna görä, Türkmenistanda ilatyň ölümine getirýän esasy keselçilikleriň biri ýürek-damar kesellerinden soň, onkologiýa keselleri bolup durýar.
Maglumatda adam ölümleriniň 12 prosentini emele getirýän onkologiki keseller barada statistiki sanlar getirilip, Türkmenistanda erkek adamlaryň ölümlerine getirýän esasy keselleriň hatarynda traheýanyň we bronhlaryň rak keseli, ýagny bokurdak düwüni, inçekesel, aşgazandaky düwün, hem-de bagyrdaky düwün we öt haltanyň kanallaryndaky düwün agzalýar. Maglumatda Türkmenistanda aýallarda duş gelinýän esasy onkologiki keseller boýunça süýt mäzlerindäki düwün hem-de ýatgy boýunjygyndaky düwün agzalýar.
Degişli maglumat Derman almaga mümkinçiligi bolmadyk türkmenistanlylar ýüzärlik tütedip, özlerini bejerýärlerGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.