Türkmenistanda ilatyň arasynda gepatit ýaýraýar. Azatlyk Radiosynyň habarçylary Daşoguz, Lebap we Ahal welaýatlaryndaky ýagdaý barada habar berýärler.
"Daşoguz welaýatynda "A" gepatitiniň hakyky epidemiýasy bar. Esasan ýetginjekler we çagalar keselleýärler. Ulularyň arasynda az. Şuňa meňzeş ýagdaý soňky gezek üç ýyl mundan öň döräpdi" diýip, Azatlygyň Daşoguzdaky habarçysy aýdýar.
Habarçymyz, anonim şertlerde gürlän ýerli lukmanlaryň we ýaşaýjylaryň ençemesi bilen söhbetdeş boldy.
Lukmanlaryň sözlerine görä, käbir halatlarda keselçilik gepatite mahsus bolmadyk alamatlardan başlanýar.
"Keselçilik adaty bolmadyk bir görnüşde, grip ýaly uly gyzgyndan başlanýar, hassa üsgürýär, onuň burny dykylýar. Soňra teni saralyp, peşewi garamtyl reňkde bolýar. Käbir çagalaryň bilirubini 120 ýetýär, kada laýyk ol 4.7-17 bolmaly", - diýip, Azatlygyň habarçysy lukmana salgylanyp, habar berýär.
Azatlyk bilen söhbetdeş bolan lukmanlar adamlaryň sarygetirmeden ýogalan ýagdaýlarynyň hem bolandygyny aýdýarlar.
"Ölenler hem bar. Keselhanalarda derman ýok. Lukmanlar ýagdaýy agyr hassalara "Geptral" dermanyny hödürleýärler, ýogsa onuň 18 ýaşyna ýetmedikler üçin ulanylmagy düzgüne görä çäklendirilmeli. 5 ampulasy 600 manada durýar, häzirki garyplykda ony satyn almaga köpçüligiň ýagdaýy ýetmeýär. Epidemiýany agzamak resmi taýdan gadagan" diýip, Azatlygyň Daşoguzdaky söhbetdeşleriniň biri gürrüň berdi.
Daşoguz welaýatynyň lukmanlary bu regionda gepatitiň awgustyň aýagyndan bäri ýaýraýandygyny Azatlyga aýtdylar.
"Sanepidemstansiýalary asla işlemeýär, hiç ýerde, hatda mekdeplerde we bakjalarda keselçiligiň bolan ýerlerinde hloramid bilen arassalamaýarlar. Arassalamak üçin serişdeler hem ýok" diýip, Azatlyk bilen söhbetdeş bolan daşoguzlylaryň biri aýtdy. Onuň sözlerine görä, iki ýyl mundan öň regionyň mekdeplerinde "B" gepatitine garşy sanjym edilipdir.
Geçen gezek Daşoguzda 2016-njy ýylyň güýzünde sarygetirme ýaýrapdy.
Häzirki wagtda gepatit keseli Ahal we Mary welaýatlarynda hem ýaýrapdyr.
15-nji oktýabrda Azatlygyň habarçysy, Ahal welaýatynyň birnäçe etrabynda keselhanalarda gepatit bilen kesellän çagalaryň köpdügini habar berdi.
"Tejen, Kaka we Akbugdaý etraplarynyň keselhanalarynda sarygetirme bilen kesellän çagalarda ýaňa ýer ýok diýen ýaly" diýip, habarçymyz aýdýar.
Marydaky habarçymyz Mary welaýatynyň käbir mekdeplerinde we çagalar baglarynda epidemiýa sebäpli karantin girizilendigini habar berýär.
"Mary welaýatynda sarygetirme köpeldi. Welaýatyň mekdeplerinde we çagalar baglarynda käbir gruppalar karantine düşdi" diýip, Azatlygyň Marydaky habarçysy 15-nji oktýabrda habar berdi.
Onuň sözlerine görä, bu regionyň häkimiýetleri-de keselçiligiň ýaýrandygy we onuň öňüni alyş çäreleri barada ilaty habarly etmeýärler, çagalar baglarynda ýygnak geçirmeýärler. Bu ýagdaýda käbir ene-atalar keseliň töwekgelçiligine ýeterlik ähmiýet bermeýärler.
"Çagalar bagyna gatnap sarygetirme bolan çagalaryň syrkawlygyny aýtmaýan ene-atalar hem bar. Köp ene-atalar köp wagtyny işde geçirýärler we çagalar baglarynda lukmanlar bar diýip, arkaýyn bolýarlar, çagalar syrkawlasa ýa-da şuňa meňzeş bir syrkawlyk ýüze çyksa çagalar baglarynyň şepagat uýalary aýdarlar diýip, öz çagalaryna ýeterlik üns bermeýärler. Ýöne käbirler çagalarynyň kesellemeginiň öňüni almak üçin dermanhanadan
her 1 ampulasyna 50 manatdan immunoglobulin satyn alýarlar. Köp adamlaryň bu dermany satyn almaga güýji ýetmeýär" diýip, Marydaky habarçymyz aýdýar.
Türkmenistanyň häkimiýetleri we habar beriş serişdeleri gepatit keseliniň ýaýrandygy we onuň öňüni alyş çäreleri barada ilaty habarly etmediler.
Azatlyk Radiosy Saglyk ministrliginiň özünden maglumat almaga synanyşdy. Biz bilen gepleşen işgär telefon arkaly maglumat berip bilmejegini aýtdy, yzýany başga bölüme jaň etmegi sorady, emma takyk salgy we telefon bermekden boýun gaçyrdy.
Türkmenistanyň Saglyk ministrliginiň resmi websaýtynda ýokanç keselleriň statistikasy we öňüni alyş çäreler barada maglumat çap edilmändir. Ýokanç keselleriň profilaktikasy boýunça ýörite bölümde diňe Aşgabatda we Türkmenabatda bar bolan iki sany döwrebap ýokanç keseller keselhanalary barada maglumat berilýär.
BMG-niň Dünýä saglyk gurmasynyň websaýtynda gepatit barada çap bolan maglumata görä, "A" gepatiti bilen kesellemegiň töwekgelçiliginiň howpsuz arassa suwuň ýetmezçilik edýän şertlerinde, arassaçylygyň kemçilik edýän ýagdaýynda döreýändigi aýdylýar. Wirus bir adamdan başgasyna azyk, suw, ýa-da hassa bilen kontakt arkaly geçýär. Gepatite garşy göreş üçin iň netijeli usullaryň arasynda sanitariýa arassaçylygyny gowulandyrmak, azyk önümleriniň hilini ýokarlandyrmak we waksina sanjymlaryny etmek ýaly çäreler görkezilýär.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary sentýabrda Türkmenistanda içagyry keseliniň, iýul aýynda gyzamyk keseliniň ýaýrandygyny habar beripdi. Ýurt häkimiýetleri bu ýokanç keselleriň ýüze çykmagyna degişli ýagdaýlary açyk agzamadylar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.