Türkmenistanyň Lebap we Mary welaýatlarynda raýatlaryň bankomatlardan pul nagtlaşdyrmak bilen bagly problemalary, bankomatlaryň öňündäki nobatlar dowam edýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň biri-birinden garaşsyz Lebapdaky we Marydaky habarçylary habar berýär.
Degişli maglumat Aşgabadyň bankomatlarynda nobatlar saklanyp galýar. “Türkmenistan” bankyň şahamçasynda tehniki näsazlyk döredi“Şu gün Mary şäheriniň ‘Belent’ söwda merkeziniň golaýyndaky ‘Türkmenistan’ bankynyň daşyndaky bankomatlaryň öňünde 200-300 adam üýşdi. Gelinler kömek pullaryny almak üçin öz kiçijek çagalaryny hem alyp barypdyrlar. Olar nobatlaryny ýitirmejek bolup, ýagynly hem sowuk howada birnäçe sagatlap dik aýak üstünde durýarlar. Adamlar işlemeýän bankomatlara-da nobat belleýärler” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 9-njy dekabrda gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, bu ýerde diňe iki bankomat işleýär, olaryň hersi 400 manatdan berýär. Her bir adam plastik kartyny iki gezek salyp çykaryp, 800 manady nagtlaşdyryp bilýär.
Mundanam başga, nobata duran adamlaryň arasynda goh-galmagal hem döredi.
“Polisiýa işgärleri her 5 adamyň nobatyndan soňra, maýyplyk haty bar bolan adamlaryň ýa-da pensionerleriň birini nobatsyz goýbermegi tabşyrdy. Adamlar ylalaşdylar, emma maýyplyk haty bar adamlar özaralarynda goh turuzdylar. Polisiýa işgärleri gohy ýatyrjak boldy. Emma başa barmady, sebäbi sag adamlar hem ‘men maýyp’ diýip nobatsyz girdiler” diýip, habarçy belledi.
Degişli maglumat Maryda we Balkanabatda ilat kartlaryna geçirilen zähmet haklaryny nagtlaşdyryp bilmeýärAýdylmagyna görä, ‘Türkmenistan’ bankynyň başlygy nobata duran adamlary köşeşdirmek üçin olara “häzir pul ýagdaýynyň kyndygyny” belläp, “boldugyndan beýleki bankomatlara hem pul salynjakdygyny” aýdypdyr.
Habarçy Marydan çykyp, Sakarçäge etrabyna gidilýän ýoluň ugrunda ýerleşýän ‘Halk’ bankyň daşynda 2 sany bankomadyň bardygyny, ýöne olardan-da diňe biriniň işleýändigini belledi.
Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysy hem, baýramçylyklaryň öň ýanynda, raýatlaryň bank kartlaryna zähmet we pensiýa haklarynyň, kömek pullarynyň geçirilendigini aýtdy. Ýöne ol ilatyň işleýän ýekeje-de bankomat tapyp bilmän kösenýändigini belledi.
“Türkmenabat şäherinde bankomatlar kadaly işlemeýär. Raýatlar bankomatlaryň plastik kartlary ýuwutmagy, ýagny pul nagtlaşdyrmak üçin olary salanyňdan soňra yzyna gaýdyp bermezligi we bankomatlaryň işlemezligi bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Bankomatlaryň ýerleşen ýerine aýlanýan, nobatlara ýazylyp garaşýan adamlar hem köp” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 9-njy dekabrda gürrüň berdi.
Degişli maglumat Oba ýaşaýjylary nagt puluň gözleginde Baýramala, Mara barýarlarOnuň sözlerine görä, Türkmenabatdaky bankomatlaryň ekranynda aýyrmak (⛔) belgisi çykýar. Şeýle-de, bankomadyň öňünde onuň wagtlaýyn işlemeýändigi barada maglumat ýazylypdyr.
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň websaýtynda berlen maglumatda 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda tutuş ýurt boýunça 2 müň 198 sany bankomatyň hasaba alnandygy we olaryň 458 sanysynyň Mary, 438 sanysynyň Lebap welaýatlarynda ýerleşýändigi bellenilýär.
Türkmenistanda üç ýyla golaý wagt bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda, ýurduň paýtagtynda we regionlarda nagt pul ýetmezçiligi bilen baglylykda bankomatlaryň öňünde ýygy-ýygydan uzyn nobatlar döreýär.
Türkmen häkimiýetleri bu kynçylyklary, bankomatlarda nagt pul ýetmezçiligini tassyklap ýa-da inkär edip çykyş etmeýärler. Bu habarlaryň fonunda, türkmen resmileri döwlet mediasynda edýän çykyşlarynda ýurduň bank we maliýe pudagynyň digitallaşdyrylýandygyny, bularyň sanly ulgama geçirilýändigini aýdýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.