Lukmanlara ýüz tutmaga puly bolmadyk maşgalalar kesel çagalaryny mekdebe ugratmaly bolýarlar

Aşgabat

Türkmenistanda möwsümleýin sowuklama keselçiliginiň fonunda ene-atalaryň ençemesi öz kesel çagalaryny mekdebe ugratmaga mejbur bolýarlar. Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysynyň sözlerine görä, muňa sebäp bolýan ýagdaýlaryň biri çaganyň keselläp mekdebe gatnap bilmändigini subut etmek üçin lukmandan sprawka almaga maddy mümkinçiliginiň ýokdugy bilen bagly.

- Mesele medisina sprawkalarynyň çykdajysynyň ululygynda. Ene-atalaryň köpüsi, esasan hem gurply bolmadyklar we köp çagalylar öz çagalaryny üç günden köp öýde saklaman mekdebe ugratmaga synanyşýarlar, sebäbi eger keselçilik has uzaga çekse keselhanadan resminama almaly bolýar. Onuň bahasy 55 manada durýar - diýip, habarçymyz aýdýar.

Türkmenistanyň orta mekdeplerine çagalaryň gatnamak tertibine laýyklykda, çaganyň üç gün mekdebe barmadyk ýagdaýynda ene-atasyndan hat getirilmegi ýeterlik bolýar. Çaga mekdebe üç günden artyk gatnamasa lukmandan resmi hat alynmaly.

Degişli maglumat Türkmenistanda sarygetirme keseli ýaýraýar

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysynyň sözlerine görä, lukman tarapyndan berlen sprawkasy bolmadyk çagalar babatynda müdiriň ýanyna çagyrmak çäresi görülýär ýa-da sapaklara goýbermezlik haýbaty atylýar.

Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň umumy bilim beriş edaralarynda çagalaryň gatnamak tertibine degişli resmi düzgünler barada Bilim ministrliginden we Aşgabadyň mekdeplerinden düşündiriş alyp bilmedi.

Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, Aşgabatda lukmana ýüz tutmak ortaça hasapdan 55 manada durýar. Ýurtdaky ortaça aýlyk 700 manat töwereginde.

- Bu pula sprawkanyň bahasy we azyndan iki hünärmeniň konsultasiýasy girýär. Emma köplenç bu formal bir zat bolýar. Lukman ýöne gol çekip oňýar. Emma käbir ene-atalar lukmanlardan çagany seredip bermegi özleri soramaly bolýarlar - diýip, habarçymyz aýdýar.

Onuň sözlerine görä, lukmanyň ýanyna barmak üçin göz öňünde tutulan tölegden daşary, keselhanalarda ilaty goşmaça hyzmatlardan peýdalanmaga mejbur edýärler.

- Çagalaryň 12 ýaşyna çenli peşew we gan barlaglary mugt geçirilmeli, 12 ýaşdan soň munuň üçin goşmaça tölemeli, lukmana ýüz tutmak üçin tölän 55 manadyň üstüne. Emma keselhanalaryň köpüsinde lukmanlar, ene-atalaryň özleri soramasa, 12 ýaşyna ýetmedik çagalary analiz tabşyrmaga ýollamaýarlar. 12 ýaşyna ýetenleri bolsa ugradýarlar - diýip, habarçymyz belledi.

Türkmenistandaky habarçylarymyzyň aýtmagyna görä, işleýän raýatlaryň keselländigi hakyndaky resminamalar hem maddy çykdajylary göz öňünde tutýar.

Türkmenistanda medisina hyzmatlary ilata töleg esasynda berilýär. Soňky ýyllaryň dowamynda saglyk ätiýaçlandyryş şertnamasynyň bahasy 50% ýokarlandy.

Mundan daşary, medisina kömeginden ýeňillikli peýdalanmaga we hususan-da mugt derman almaga hukugy bolan raýatlar bu hyzmatlardan peýdalanmakda yzygiderli kynçylyk çekýärler.

- Maşgala lukmanyndan mugt ýa-da ýeňillikli esasda derman üçin resept almak uly mesele. Bu ýerde-de hyýanatçylyklar bolýar. Golaýda keselhanalaryň birinde belli bir adamlaryň adyna resept ýazyp, soň olary özi alan lukmany işden boşatdylar - diýip, Aşgabatdaky habarçymyz habar berýär.

Türkmenistanyň häkimiýetleri saglygy saklaýyş pudagyndaky problemalary açyk agzamaýarlar we ilat arasyndaky keselçiligiň statistikasyny çap etmeýärler.

Degişli maglumat Aşgabatda gyssagly tiz kömek çakylyklarynyň ýygjamlaşandygy aýdylýar

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.