Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň düzümindäki edaralaryň birinde iş orunlary köpçülikleýin çäklendirilýär. Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň sözlerine görä, häzirki wagtda iş orunlary, ministrligiň azyndan bir edarasynda çäklendirilýär.
"Guramanyň girdeji getirmeýändigi sebäpli işgärlere birnäçe aý bäri aýlyk berilmedi. Ýogsa-da, oba hojalyk ministrligi baý gurama, bu edara bolsa, onuň esasy bölümleriniň biri. Iki aý mundan öň onuň işgärlerini aýlyksyz dynç alyşa ugradypdylar, indi bolsa olary öz islegi boýunça işden gitmäge mejbur edýärler" diýip, Azatlygyň Türkmenistandaky habarçysy 27-nji noýabrda habar berdi.
Onuň sözlerine görä, edarada 120 sany adam işläpdir, olardan 100 çemesini başda dynç alyşa ugradyp, indi bolsa işden çykarýarlar.
"Ona golaý adam galdy. Olar müdiriň özi, hojalyk işlerine jogapkär orunbasary, kadrlar bölüminiň başlygy we ýene birnäçe adam" diýip, Azatlygyň habarçysy aýdýar.
Azatlygyň redaksiýasy çeşmeleriniň gizlinlik şertlerini berjaý etmek maksady bilen edaranyň adyny agzamakdan saklanýar.
Çeşmelerimiziň maglumatlaryna görä, işgärleriň iş orunlarynyň azaldylmagynyň sebäpleri olara aýlyk tölemegiň mümkin däldigi bilen bagly. Edaranyň girdejisizligi bolsa, ýurtdaky umumy ykdysady problemalar bilen bagly.
"Oba hojalyk ministrligi umuman baý edara bolmaly, emma onuň bu ýagdaýa düşmegine birnäçe sebäp bar. Birinjiden, bu oba hojalyk pudagynyň umuman gözgyny ýagdaýyna bagly. Üstesine, walýuta çalyşygynyň çäklendirilmegi hem möhüm faktor. Sebäbi mundan öň bu edara daşary ýurt önümlerini ýerli kärhanalara ýerleşdirmek bilen meşgullanýardy. Häzir bu ýol ýapyldy, sebäbi manady hiç kim üçin hem öwrüp bermeýärler" diýip, oba hojalyk pudagyndaky ýagdaýdan ygtybarly çeşme Azatlyk Radiosyna aýtdy.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy çeşmeleriň agzalan edaranyň doly ýapylmagynyň ähtimallygyny hem aradan aýyrmaýandygyny aýdýar.
Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň resmi websaýtynda oňa degişli edaralarda iş orunlaryň çäklendirilýändigi barada maglumat berilmeýär.
Azatlyk Radiosy ministrlik we onuň düzümindäki edaranyň özi bilen habarlaşmak üçin ençeme synanyşyk etdi. Bu edaranyň we onuň müdiriniň telefonlary jogap bermeýär.
Degişli maglumat Türkmenistanda işsizligiň hakyky derejesini kim bilýär?Noýabryň başynda Türkmenistanyň oba hojalyk pudagynda müňlerçe adamyň işsiz galandygy mälim boldy. Türkmenistanyň hökümetine ýakyn çeşme güýzüň başyndan bäri oba hojalyk pudagynda işleýän 5 müňe golaý adamyň işden çykarylandygyny Azatlyga habar berdi.
Çeşme howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli gizlinlik şertinde beren maglumatynda bu çäräniň iş orunlaryny kemeltmek boýunça kabul edilen kararyň esasynda amala aşyrylandygyny aýdýar.
“Bu san ýurduň bäş welaýatyna degişli. Işinden boşadylan adamlar esasan pagta, bugdaý kabul edýän we saklaýan harmanhanalarda, pagtany arassalaýan we gaýtadan işleýän, pagta çiginden ýag öndürýän hem-de un zawodlarynda, tekstil fabriklerinde işleýärdiler” diýip, çeşme 7-nji noýabrda gürrüň berdi.
Türkmenistan agyr ykdysady krizisi başdan geçirýär. Soňky ýyllaryň dowamynda ýurtda onlarça döwlet edarasy ýapyldy we onlarça müň iş orny ýok edildi.
2018-nji ýylyň bahar aýlarynda iş orunlarynyň çäklendirilmegine bilim, medeniýet we nebit-gaz edaralarynyň işgärleri duçar bolupdy.
Şu ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanyň hökümeti ministrlikleriň we edaralaryň düzümini üýtgetmek kararyny yglan etdi we munuň pudaklary ähli taraplaýyn ösdürmek we dolandyryşy kämilleşdirmek maksady bilen düşündirdi.
Şu ýylyň awgust aýynda Azatlygyň habarçylary Ahal we Lebap welaýatlarynda "Türkmenhowaýollarynyň" we Awtoulag transporty ministrliginiň düzümindäki döwlet edaralarynyň ýapylmagynyň netijesinde işgärleriň işini ýitirendigini habar beripdi.
Türkmenistanda işsizligiň derejesi barada resmi maglumatlar köpçülige elýeterli däl. Döwlet statistika edaralary resmi sanlary çap etmeýärler, resmiler we döwlet habar beriş serişdeleri bu barada maglumat bermeýärler.
Azatlyk Radiosynyň çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, türkmen resmileri 2017-nji ýylyň başynda ýurtda işsizligi 60% derejesinde kesgitläpdi. Şondan bäri onlarça müň iş orny çäklendirilipdi.
Muňa garamazdan, 2019-njy ýylyň başynda BMG-niň “Dünýädäki ykdysady ýagdaý we geljekki mümkinçilikler” atly hasabatynda, türkmen hökümetiniň maglumatlaryna esaslanylyp çap dilen sanda 2018-nji ýylda Türkmenistanda işsizligiň derejesiniň 3.3% barabar bolandygy öňe sürüldi.
Degişli maglumat Çeşme: Türkmenistanyň oba hojalyk pudagyndan 5000 çemesi işgär işinden boşadyldyGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.