Mary welaýatynyň administratiw merkezinde polisiýa işgärleri dollar satýan we satyn alýan raýatlary tutup başlady. Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy 19-njy noýabrda Marydan habar berdi.
Degişli maglumat Aşgabatda dollaryň ‘gara bazardaky’ nyrhy 19 manatdan aşdy“Mary welaýatynyň Mary şäherinde ‘walýutçikleri’, ýagny gara bazarda ABŞ dollaryny satýanlary we satyn alýanlary Içeri işler ministrliginiň polisiýa işgärleri tutup başlady” diýip, habarçy aýdýar.
Ol şaýatlara salgylanyp Mary şäheriniň özünde 19-njy noýabrda walýuta söwdasy bilen meşgullanýan 20-ä golaý adamyň polisiýa işgärleri tarapyndan tutulandygyny aýtdy:
“Şu gün (19-njy noýabrda-red.) Mary şäheriniň ‘Skwarsowa’ köçesiniň ugrunda ýerleşýän ‘Läle bazarynyň’ daş ýüzünde dollar çalyşýan 4 adamy, Mollanepes köçesiniň ugrunda ýerleşýän ‘Gök bazaryň’ daş ýüzünde dollar çalyşýan 6 adamy, Gurbansoltan eje köçesiniň ugrundaky ‘Merw bazarynyň’ daş ýüzünde walýuta söwdasy bilen meşgul bolan 7 adamy polisiýa maşynyna salyp alyp gitdiler” diýip, habarçy aýtdy.
Onuň tassyklamagyna görä, şu günler walýuta söwdasy bilen meşgullanylýan ýerlerde polisiýa ulaglaryny gün ýaşandan soň hem görmek bolýar:
“Polisiýa maşynlary agzalan ýerlerdäki dollaryň gara bazarynda dollar çalyşýanlary garawullap, gün ýaşandan soň hem otyrlar” diýip, habarçy sözüne goşýar.
Degişli maglumat Aşgabatda dollaryň 'gara bazardaky' nyrhy gaýtadan ýokarlandyOl polisiýa tarapyndan ele salynýan walýuta söwdegärlerine salgyt salynýandygy barada aýdylýan gürrüňlere salgylanýar:
“Polisiýa işgärleri ýygnalan adamlaryň [işiniň] Döwlet salgyt gullugyna tabşyrylýandygyny aýdýarlar, olara Salgyt gullugy tarapyndan salgyt salynjakdygyny belleýärler” diýip, habarçy aýdýar.
Ol 20-nji noýabrda goşmaça iberen maglumatynda dollar söwdasyndan tutulyp, bir gün mundan ozal ele salnan adamlaryň her haýsyna 500 manat möçberinde jerime salnandygyny habar berdi. Onda bar bolan maglumatlara görä, häkimiýetler ikinji gezek ele salnan adamlara töledilýän jerimeleriň möçberiniň ýokarlandyryljakdygyny aýdýarlar.
Türkmenistanda iki ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda ýurtda walýutanyň resmi alyş-çalyşy çäklendirildi, ýurtda walýutanyň gara bazary döredi. Türkmenistanyň Merkezi banky 2015-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan bäri manadyň hümmetini birsydyrgyn saklaýar – 1 dollaryň resmi alyş-çalyş bahasy Türkmenistanda 3.5 manatdyr. Ýöne ýurtda peýda bolan walýutanyň gara bazarynda dollaryň manada boan gatnaşygy onuň resmi kursundan 5-6 esse ýokardyryr.
Azatlygyň Mary welaýatyndaky habarçysy mundan ozal regionda dollaryň bikanun söwdasy bilen meşgullanýan raýatlara garşy aprel we maý aýlarynda-da gözegçiligiň güýçlenendigini aýdýar. Onuň maglumatlaryna görä, walýuta söwdasy bilen meşgullanýan wagty ele salnan raýatlar 5 gije-gündiz tussaglyga sezewar edilipdi.
Halkara maliýe edaralary Türkmenistanda walýutanyň dolanyşygyna edilýän gözegçiligiň gowşadylmagyny hem-de manadyň konwertasiýa mümkinçilikleriniň ösdürilmegini maslahat berip gelýär.
Halkara walýuta fondunyň bilermenler toparynyň noýabryň başynda Aşgabada eden saparynyň netijeleri boýunça ýaýradylan beýanatda beýleki käbir meseleler bilen bir hatarda türkmen hökümetine manadyň konwertasiýa mümkinçiliklerini ösdürmeklik maslahat berildi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.