Ykdysatçylar Türkmenistandaky býujet bilen bagly soňky sanlary soraga tutýar

Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda Ministrler Kabinetiniň 15-nji noýabrda geçirilen mejlisinde wise-premýer Goçmyrat Myradow 2019-njy ýylyň Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi boýunça hasabat bilen çykyş etdi. Ol geçen ýyl 2019-njy ýyl üçin 84 milliard töweregi manat diýlip tassyklanan döwlet býujeti ýanwar-oktýabr aýlary aralygynda ýerine ýetirilende onuň girdeji böleginiň 15,7 milliard manada we çykdajy böleginiň 15,6 milliard manada deň bolandygyny aýtdy. Bu sanlar ykdysatçylarda käbir soraglary döretdi.

1-nji dekabrda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2019-njy ýyl üçin Döwlet býujetini tassyklapdy. Oňa laýyklykda döwlet býujeti 2019-njy ýyl üçin girdejiler we çykdajylar boýunça 83868,3 mln. manat (83 milliard 868 million 300 müň manat) möçberinde kesgitlenildi.

Ýöne Ministrler Kabinetiniň başlygynyň ýurduň ykdysadyýet we maliýe pudagyna gözegçilik edýän orunbasary Goçmyrat Myradow golaýda beren hasabatynda geçen 10 aýyň dowamynda döwlet býujetiniň girdeji böleginiň 15,7 milliard manada we çykdajy böleginiň bolsa 15,6 milliard manada deň bolandygyny aýtdy. TDH-nyň maglumatlarynda bu sanlar boýunça goşmaça düşündiriş berilmeýär. Azatlyk Radiosy bu ýagdaýlary aýdyňlaşdyrmak üçin regional ykdysatçylara mikrofon uzatdy.

Degişli maglumat Türkmen hökümeti ýene ykdysady ösüşi yglan etdi, ilatyň kynçylyklaryny agzamady

20-nji noýabrda Azatlyk Radiosyna Bişkekden beren telefon interwýusynda gyrgyz ykdysatçysy Iskander Şariýew muny şeýle düşündirdi:

“Bu adaty. Muňa sekwestr diýilýär, elbetde aratapawut örän uly. Adatça, şeýle ara tapawutlar örän möhüm [ýagdaýy] alamatlandyrýar. Bu ahmal ýurtda hemme zadyň oňat däldigini görkezýär” diýip, ol aýtdy.

Beýleki tarapdan bellemeli ýeri, dekabrda döwlet býujeti kabul edilende prezident “býujetiň birinji derejesini girdejiler we çykdajylar boýunça 21 501,2 mln manat” (21 milliard 501 million 200 müň manat) diýip tassyklady. Eýsem, ministriň hasabatynda hem girdejiler hem çykdajylar boýunça degişlilikde 15 milliard töweregi manada deň bolandygy aýdylýan býujet onuň birinji derejesi boýunça hasaplanan sanmy, onuň birinji derejesi bolanda näme bolýar? Döwlet metbugaty muny aýdyňlaşdyrmaýar. Gyrgyz eksperti bu soraga şeýle jogap berdi:

“Munuň her bir döwlet üçin öz manysy bar. Meselem, bizde (Gyrgyzystanda – red.) döwlet býujeti we ýerli býujet bar” diýip, ol aýtdy.

Türkmenistanyň 2014-nji ýylda kabul eden “Býujet kodeksine” görä, ýurduň býujet ulgamy gurluş düzümi boýunça esasy iki topara bölünýär – Döwlet we Merkezleşdirilen býujet hem-de ýerli býujetler.

Şwesiýada ýaşaýan türkmen ykdysatçysy, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ozalky başlygy Hudaýberdi Orazow 20-nji noýabrda býujet baradaky bulaşyk maglumatlary Azatlyk Radiosynda teswirledi:

“Dogrulap aýtsak, asla Türkmenistanda ol kagyz ýüzünde bir zat hakykatda üýtgeşik” diýip, Orazow belledi.

Degişli maglumat 2019-njy ýyl üçin döwlet býujeti kabul edildi, onda görkezilýän girdejiler öňküsinden 12 % azaldy

Onuň ynanjyna görä, bu saparky sanlardan çen tutulsa kagyz ýüzünde-de döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi öwerlik däl.

“Eger bärde gürrüň umumy býujet barada barýan bolsa, ol aýry gürrüň, ýöne eger girdejileriň we çykdajylaryň gürrüňi gidýän bolsa onda ikisi deň gelmeli. Ýöne ol ýerde ýylyň gürrüňi gidýär, bärde (soňky hasabatda – red.) 10 aýyň gürrüňi gidýär. 10 aý bilen 1 ýylyň ara tapawudy bolmaly” diýip, türkmen ykdysatçysy gürrüň berdi.

Gaýtalaýarys, hasabatda 10 aýda döwlet býujetiniň girdeji böleginiň 15.7 milliard manada çykdajy böleginiň 15.6 milliard manada deň bolandygy aýdyldy. Ýöne ilkibaşda Döwlet býujeti tassyklananda ol girdejiler we çykdajylar boýunça 84 milliard manat möçberinde kesgitlenildi. Bu dünýa tejribesinde adatymy?

“Bu adaty däl” diýip, bankyň öňki başlygy gürrüňe dowam edýär.

“Olar kä ýerde öz aýyplaryny özleri açyp görkezýär. Bu ýerde bir düşünişmezçilik bar, olar ýa öz aýyplaryny özleri açýar, ýa-da bir zady nädogry hasaplaýarlar” diýip, Orazow aýtdy.

Türkmenistanda döwlet býujeti barada aýdyň maglumatlaryň jikme-jikligi jemgyýetçilige ýetirilmeýär, býujeti Mejlis kabul edýär, prezident tassyklaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.