Marynyň demirýol wokzalynda gullukdan gelen esgerleri surata düşürmek gadagan edildi

Demirýol stansiýasy, Türkmenistan (arhiw suraty)

Mary şäheriniň demirýol stansiýasynda harby gullugyny berjaý edip dolanan esgerleri dabaraly ýagdaýda garşy almak çäresi geçirildi. Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçysynyň sözlerine görä, şäher häkimiýetleriniň guramaçylygyndaky bu çäre polisiýanyň we howpsuzlyk gulluklaryň işgärleriniň berk gözegçiliginde geçirilipdir. Muňa şaýat bolan adamlara we ýolagçylara surata düşürmek we wideo etmek gadagan edilipdir.

Habarçymyz 1-nji noýabrda bolan bu waka barada gürrüň berip, esgerleriň Aşgabat-Mary otlusynyň bir wagonynda gelendigini we olaryň 60 adam çemesi bolandygyny habar beridi.

“19:15 gelmeli otly 15 minut gijä galyp bardy. Onda harby gullugyny berjaý eden esgerler geldi. Olary türkmen donly, silkme telpekli birnäçe ýaşuly, ak ýaglykly bezemen mamalar garşy aldylar. Olaryň ýanynda saz çalýan orkestr we ellerinde digital kameraly birnäçe suratçy bardy. Emma polisiýa olaryň daşynda duran adamlara surata düşürmäge rugsat bermedi. Surat almakçy bolan adamlaryň ýanyna baryp, kameralaryny ellerinden aldy” diýip, bu ýagdaýa şaýat bolan habarçymyz gürrüň berdi.

Degişli maglumat Türkmenabatda Yslam Karimowyň ýadygärliginiň öňünde surata düşmek gadagan edilýär

Azatlyk Radiosynyň habarçysy goşun gullugyny tamamlap baran esgerleri dabaraly garşy almak çäresiniň Marynyň häkimiýetleri tarapyndan guralandygyny, ony garşy alanlaryň arasyndaky operatorlaryň surata düşürendigini belledi. Şol bir wagtda-da, daşynda duran adamlaryň surata düşürmek boýunça eden synanyşyklarynyň polisiýanyň işgärleri we adaty geýimli howpsuzlyk gulluklaryň işgärleri tarapyndan berk öňi alnypdyr.

Türkmenistanda köpçülikleýin ýerlerde, şol sanda seýil baglarda, köçelerde, bazarlarda, azyk dükanlarynda, aeroportlarda adamlaryň surata düşmek ýa-da surata düşürmek boýunça edýän synanyşyklarynyň polisiýa tarapyndan öňüniň alynýandygy, raýatlaryň saklanýan pursatlary barada mundan öň ençeme gezek habar berlipdi.

Şu ýylyň bahar aýlarynda Azatlygyň habarçylary Daşogzuň we Türkmenabadyň bazarlarynda alyjylaryň surat almak boýunça synanyşyklary sebäpli polisiýa tarapyndan saklanandygyny habar beripdi.

Degişli maglumat Aşgabadyň aeroportunda ýadygärlik surat-wideo düşürenler saklanýar

“Howpsuzlyk gulluklaryň graždan eşikli işgärleri meniň gözümiň öňünde bir oglanyň elini gaňyrdylar, ol öz telefonuna bir zatlary surata düşüripdi. Ol nägilelik bildirdi, olar bolsa ýigidi bazaryň daşyna çykaryp, awtoulaga saldylar-da alyp gitdiler. Onuň nämäni surata düşürendigini aýtmak kyn, ýöne bu ýagdaý miweli tekçeleriň golaýynda boldy, belki-de ol ýöne owadan suratlary etjek bolandyr” diýip, bu ýagdaýa şaýat bolan Daşoguzdaky habarçymyz 14-nji martda gürrüň berdi.

2018-nji ýylyň iýun aýynda Aşgabadyň halkara aeroportunda birnäçe ýolagçy aeroportda bilet satyn almak üçin nobatyna garaşyp durka eden selfi suratlary üçin aeroportuň howpsuzlyk gullugy tarapyndan saklandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.