Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenabatda Yslam Karimowyň ýadygärliginiň öňünde surata düşmek gadagan edilýär


Özbegistanyň öňki prezidenti Yslam Karimowyň Türkmenabatdaky ýadygärligi, 7-nji mart, 2017
Özbegistanyň öňki prezidenti Yslam Karimowyň Türkmenabatdaky ýadygärligi, 7-nji mart, 2017

Türkmenabadyň polisiýasy şäherde Özbegistanyň öňki prezidenti Yslam Karimowyň hatyrasyna dikilen heýkeliň öňünde surata düşmegi rugsat bermeýär.

2017-nji ýylyň martynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň prezidentleriniň gatnaşmagynda açylan bu ýadygärligiň ýerleşýän köçesi hem Yslam Karimowyň adyny göterýär.

Bu ýerde ýadygärligiň oturdylmagy bilen baglylykda köçäniň özi we onuň töwerek daşy abatlandy.

"Köçäniň daş töweregi kaşaň binalar bilen gurşalan, täze nahallar oturdylan, owadan, giňiş, asfalty ýanyp duran köçe. Bu köçäniň öňki ýagdaýy bilen häzirki ýagdaýy ep-esli tapawutlanýar. Köçäniň ugrunda adamlaryň dynç almagy üçin kiçiräk alleýa meňzedilip bag oturdyldy, gezelenç üçin örän amatly boldy. Dynç alyp oturmak üçin ýörite oturguçlar hem goýuldy. Çagalar üçin oýnar ýaly meýdançalar bar we bu çagaly maşgalalary özüne çekýär. Bu ýerde çagalaryny surata alýan ene-atalary görmek hem adaty ýagdaý. Emma Karimow adyndaky bu köçäniň başyndaky heýkeliň töwereginde surata düşmek gadagan edilýär" diýip, Azatlygyň habarçysy gürrüň berýär.

Türkmenabatly söhbetdeşlerimiziň sözlerine görä, ýerli polisiýa surata düşmekçi bolýan adamlaryň hemmesine bu ýerde surata düşmeli däldigini käte sypaýaçylyk bilen duýdurýarlar, käte haýbatly talap edýär.

"Men ýöne özbek prezidentiniň heýkeliniň öňünde surata düşjek bolanymda golaýda ýerleşýän 02 budkasynyň içinden iki esger gygyryp ylgaşyp geldiler we elleri bilen surata düşüp bolmaýandygyny görkezip maňa bu ýerden uzaklaşmagymy talap etdiler. Muňa nädip düşünmelikä?" diýip, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan ýerli ýaşaýjylaryň biri gürrüň berdi.

Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, Karimowyň ýadygärligi Türkmenabat şäherinde daşary ýurt liderine dikilen ýeke-täk heýkel bolmagyna galýar we oňa aýratyn gözegçilik we ideg edilýär.

Şol bir wagtda-da, Karimowyň heýkeliniň öňünde surata düşmeginiň gadagan edilmeginiň sebäpleri ýerli ýaşaýjylara we şähere syýahat edýänlere nämälim galýar. Bu sowala polisiýa işgärlerinden we Türkmenabat şäheriniň häkimiýetlerinden resmi düşündiriş alyp bolmady. Polisiýa işgärleri 'bize berilen buýruk şeýle' diýmek bilen çäklenýärler.

Şol bir wagtda-da, soňky döwürde güýç edaralarynyň şäheriň dürli ýerlerinde, köpçüligiň jemlenýän pursatlarynda adamlaryň surata düşmegine garşy çykýan we päsgel berýän halatlarynyň köp duş gelýändigini ýerli ýaşaýjylar aýdýarlar.

"Adamlaryň ellerinden gödek bir şekilde telefonlary basyp almagy, olaryň özlerini bolsa polisiýanyň, ýa-da bolmasa howpsuzlyk edarasynyň işgärleriniň uzak wagtlap soraga çekýän halatlary bolýar. Soraga çeken adamlaryň ilki bilen telefonuny barlaýarlar: "Muny näme üçin düşürdiň? Kim saňa rugsat berdi? Saňa aýdylmadymy surata düşürmek bolmaýar", diýip sorag edýärler" diýip, bu ýagdaýy başdan geçiren ýerli ýaşaýjylaryň biri Azatlyga gürrüň berdi.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolan türkmenabatlylaryň ýene biri şäherde surata düşürmek gadagançylygyň aýratynam uly syýasy-jemgyýetçilik çäreleriň dowamynda hasam güýçlenýändigini aýdýarlar. Sentýabrda Türkmenabatda geçirilen Amul – hazar awtorallisine gatnaşan üýtgeşik maşynlary wideo şekilli ýazgy etmekçi bolan ençeme adam soraga çekilipdi.

Şu günki gün Türkmenabatda Yslam Karimowyň heýkeli 24 sagatlap gözegçilik astynda saklanýar.

Merkezi Aziýanyň iň köp ilatly ýurdy bolan Özbegistany 25 ýyl çemesi döwrüň dowamynda dolandyran Yslam Karimow awtoritar syýasaty üçin tankyt edilipdi.

Karimowyň 2016-njy ýylyň sentýabrynda aradan çykmagyndan soň häkimiýet başyna geçen Şawkat Mirziýoýew goňşy Türkmenistan bilen gatnaşyklary aktiwleşdirdi, prezident wezipesindäki ilkinji daşary ýurt saparyny goňşy Türkmenistana edip, Türkmenabatda Karimowyň ýadygärligini açdy. Şondan bäri Karimowyň birnäçe heýkeli Daşkentde, Samarkantda we Moskwada açyldy, emma olaryň öňünde surata düşmegiň gadagançylygy barada habar bolmady.

XS
SM
MD
LG