Aşgabadyň ýaşaýjylaryna daşarda kir sermek gadagan edilýär. Bu ýagdaýda şäher ýaşaýjylary ýuwlan kirlerini daşarda gijelerine gizlinlik bilen guratmaly bolýarlar.
Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, şäher häkimiýetleri daşarda geýim guratmak üçin ulanylýan serişdeleri gören ýagdaýynda duýduryş bermezden ýok edýärler.
"Jemagat edaralarynyň işgärleri öňünden alnan suratlar bilen gelip, ýuwlan geýimleri sermek üçin çekilen ýüpleri kesip aýyrýarlar. Adatça olar aýnalaryň ýa-da balkonlaryň öňünde birnäçe hatar edilip ýerleşdirilýär" diýip, Azatlygyň habarçysy aýdýar.
Habarçymyz şäherde jaýlaryň uly ýollara çykýan tarapynda balkonlarda kir sermegiň dilden gadagan edilýändigini, emma jaýlaryň arka tarapyndan ýoldan görünmeýän ýerlerinde hem kir sermek üçin ýerleşdirilen ýüpleri jemagat edaralaryň işgärleriniň kesip aýyrýandygyny belleýär.
"Bu tutuşlygyna we ähli ýere degişli bir ýagdaý. Ýaşaýjylara duýdurmaýarlar. Bu işleri öý dolandyryş edaralaryň işgärleri geçirýärler. Zor bilen aýyrýarlar, kesýärler. Ýüpleri üstünde serlen geýimler bilen bile eýlerinden bidin kesip alyp giden ýagdaýlary hem bolupdy" diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy aýtdy.
Onuň sözlerine görä, balkonlarda we aýnalarda geýimleri guratmak üçin asylan ýüpleri we ýerleşdirilen gurallary ýok etmek üçin ýörite tehnikanyň ulanylýandygyny aýdýarlar. Ýokarky gatlara çenli göterilýän enjamly awtoulaglar baryp, kir serilýän gurallary öý eýelerinden bidin aýyrýar.
Şeýle şertlerde Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň ençemesi ýuwlan geýimleri sermek üçin niýetlenen ýörite gurallaryny jaýlaryň içindäki umumy giňişliklerde, basgançaklarda, ýa-da jaýlaryň daşynda girelgeleriň golaýynda wagtlaýyn ýerleşdirýärler. Emma käbirler daşarda ýüp çekip, gijelerine gizlin guradýarlar. Azatlygyň habarçylary munuň örän seýrek duş gelýändigini belleýärler.
Aşgabatlylaryň daşaryda kir sermegine garşy göreş baýramçylyklaryň ýa-da ýurt baştutanynyň paýtagtda wagtal-wagtal edýän syýahatlarynyň öňüsyrasynda hasam güýçlenýär.
"Şu ýyl Garaşsyzlyk gününiň öňýany kir serilýän ýüpleri 11-nji etrapçada aktiw kesip aýyrdylar" diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri habar berdi.
Mundan öň Aşgabatda kir serilýän ýüpleriň ýok edilmegine garşy giňişleýin çäreler 2017-nji ýylda Aziýa oýunlarynyň öňüsyrasynda geçirilipdi. Şeýle-de, şonda ýaşaýyş jaýlaryň aýnalaryndan sowadyjylar we günden, ýagyşdan goraýan gurallar aýrylypdy.
Türkmenistanyň paýtagtynda häkimiýetleriň ýuwlan geýimleri guratmak üçin ulanylýan ýüplere garşy göreşi 2007-nji ýylda başlandy.
"Başda serilen geýimleri balkonlardan aýyrdyp başladylar. Soňra jaýlaryň arasynda we howlularda çekilen ýüpleri aýyryp başladylar, ýogsa-da olar köçeden görünmeýär we olar ençeme ýyllap ulanylýardy. Soň geýimleri balkonlaryň öňündäki ýüplerde sermegi gadagan etdiler" diýip, adynyň efirde tutulmagyny islemedik aşgabatly zenan Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.
Paýtagtyň häkimiýetleri öz hereketleriniň sebäplerini ilata düşündirmeýärler. Kir serilýän ýüpleri aýyrýan jemagat edaralaryň işgärleri öz ýolbaşçylarynyň tabşyrygyna we şäheri abadanlaşdyrmak maksatlaryna salgylanýarlar.
Degişli maglumat Aşgabat: Eýwanlarda eşik sermek gadagan edilýärGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.