Türkmenistana daşary ýurtlardan import edilýän senagat harytlaryň, şol sanda arassaçylyk önümleriniň hususy söwdadaky bahalarynyň gymmatçylygy dowam edýär. Walýutanyň “gara bazarynda” dollar 18 manat 80 teňňeden satyn alnyp 19 manatdan satylýar. Bu maglumatlaryň jikme-jikligi barada Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy habar berýär.
Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli gizlinlik şertlerinde habarlaşan habarçy paýtagt Aşgabadyň ozal halk arasynda “Jygyllyk” atlandyrylan iň iri “Altyn Asyr” bazarynda satylýan käbir senagat önümleriniň bahalaryny öwrendi:
“Altyn Asyr bazarynda “Ariel” kir ýuwujy serişdesiniň 10 kilogramlyk gaby 400 manatdan satylýar. Bu “gara bazaryň” nyrhyndan 20 dollara, resmi kursdan 115 dollara barabar bolýar” diýip, habarçy aýdýar.
Satyjylar harytlaryň gymmat bahasyny olaryň daşary ýurtlardan import edilmegi bilen düşündirýärler:
“Satyjy harydyň Dubaýda öndürilýändigini, şol sebäpden onuň bahasynyň şeýle gymmatdygyny aýdýar” diýip, habarçy gürrüňe dowam edýär.
Ol arassaçylyga degişli beýleki senagat önümleriniň bahalary bilen hem gyzyklandy. Habarçy harytlaryň bahalary dollaryň resmi bahasynyň esasynda hasaplanylanda olaryň juda gymmatdygyna ünsi çekýär.
Türkmenistanyň Merkezi Banky 1 dollaryň resmi alyş-çalyş bahasyny 3.5 manatlygynda saklaýar. Ýöne soňky üç ýyla golaý wagt bäri ýurt içinde peýda bolan walýutanyň gara bazarynda dollaryň bahasy tas 6 esse gymmatlygynda, telekeçileriň konwertasiýa mümkinçilikleri çäkli bolmagynda galýar.
Degişli maglumat Harytlaryň bahalary ýokarlanýar, alyjylar bolsa azalýar“Beýleki galantereýa harytlarynyň bahalary hem arzan däl. Meselem, 400 gramlyk “Elsew” şampuny 55-60 manada durýar, 25 manatdan bahalanýan arzanyrak türk şampuny bar. “Waniş” agardyjy serişdeleri 65 manat, 100 gramlyk “Duru” sabynlary 6 manat, diş pastalary 30 – 60 manat aralygynda bahalanýar” diýip, habarçy aýdýar.
“Elbetde, gara bazaryň nyrhynda bahalar o diýen gorkunç däl, ýöne dollaryň resmi bahasynyň esasynda hasaplanylanda Türkmenistan dünýäniň iň gymmat ýurdy bolýar” diýip, Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy sözüne goşdy.
Onuň “gara bazardan” öwrenen soňky maglumatlaryna görä, manadyň dollara bolan gatnaşygy gymmatlygynda galýar.
“Şu gün (4-nji noýabr – red.) 1 dollar 18 manat 80 teňňeden satyn alynýar, 19 manatdan satylýar” diýip, habarçy aýtdy.
Deňeşdirmek üçin aýdylsa, mundan 4 ýyl töweregi ozal, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň 2015-nji ýylyň fewral aýy üçin ýurtda harytlaryň we hyzmatlaryň ortaça bazar nyrhlary barada çap eden ýygyndysyna görä, şol wagtlar “Ariel” kir ýuwujy serişdeleri 3 kilogramlyk gapda 25 manatdan, “Waniş” agardyjy serişdeleri (450 ml) 8 manatdan satylýardy. Resmi statistika hasabatyna görä, 2019-njy ýylyň iýulynda bu harytlar degişlilikde, 75 we 25 manada çykdy. Bu hasabatlar bilen Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti 2015-nji ýylyň fewral aýy bilen 2019-njy ýylyň iýul aýy aralygynda “Ariel” kir ýuwujy serişdesiniň 200 %, “Waniş” agardyjysynyň 212 % gymmatlandygyny tassyklady. Bu senagat önümleriniň häzirki bazar bahalaryna görä, “Ariel” soňky 4 ýylda 400 % - e golaý, “Waniş” agardyjy serişdesi 720 %-e golaý gymmatlady.
Degişli maglumat Azyk önümleri gymmatlaýar, benzin gytalýar, býujet işgärleri we harbylar açylmadyk pagtany ýygmaga iberilýärÝerli ýaşaýjylar Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gürrüňdeşlikde ilatyň satyn alyş ukybynyň yzygiderli pese gaçýandygyny, ýurtda ilatyň gazanýan aýlyk haklarynyň möçberiniň bazardaky bahalar bilen deňeşdirilende juda ujypsyz bolýandygyny aýdýarlar.
“Adamlaryň her ýyl aýlyklaryny 10 % galdyrsalar-da manadyň hümmedi galmaýar, sebäbi harytlaryň bahalary aýlyklar köpelmänkä galýar. Häzirki nyrhlaryň galmagy bilen hem-de gaza, toga, suwa tölenmegi bilen aýlykdan hiç zat galmaýar, hatda indiki aýa köp harytlary [dükanlardan] ýazga (karzyna – red.) satyn almaly bolýar” diýip, maryly bir ýaşaýjy 1-nji noýabrda Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.
2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Türkmenistanda döwlet edaralarynyň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň hem-de jemgyýetçilik birleşikleriň işgärleriniň aýlyk haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary 10 % ýokarlandyryldy; ýurtda iň pes aýlyk 790 manat möçberinde kesgitlenildi. Bu dollaryň “gara bazardaky” bahasynyň esasynda 40 dollardan, resmi kursdan 220 dollardan gowrak bolýar. Üstümizdäki ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap ýurtda iň pes aýlyk haky prezidentiň permany bilen 870 manada çykaryldy.
Türkmenistanda geçirilýän hökümet maslahatlarynda içerki önümçiligi artdyrmak, importa durýan harytlary köpeltmek barada yzygiderli gürrüň edilýär, ýöne synçylar bu gürrüňleriň iş ýüzünde amal edilişine soragly garaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.