Stambulda 26-njy oktýabrda egindeşleri bilen syýasy maslahat geçirmekçi bolanda tussag edilen türkmen aktiwisti Kakamyrat Hydyrow 27-nji oktýabr güni giçlik polisiýanyň tussaghanasyndan boşadyldy.
Häzir Stambuldaky myhmanhanada bolýan syýasatçy bu barada öz feýsbuk sahypasynda habar berdi, emma goşmaça detallary açmakdan saklandy.
Onuň bilen belelikde saklanan türkmen raýatlarynyň henizem polisiýada saklanylýandygy aýdylýar.
Britaniýada ýaşaýan türkmen aktiwistiniň we Türkmenistanyň birnäçe raýatynyň Stambulda tutulyp saklanmagynyň arkasynda Türkiýädäki türkmen ilçihanasynyň türk häkimiýetlerine iberen haty dur diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri 26-njy oktýabrda habar berdi.
Degişli maglumat Türkmen aktiwisti Stambulda tussag edildi, türkmen aktiwistleri Stokgolmda miting geçirýär
TH-nyň maglumatyna görä, tussag edilenler polisiýanyň migrasiýa bölümine alnyp gidildi.
Sosial mediada peýda bolan resmi hatdan görnüşine görä, Stambulyň Şişli mähellesiniň ýolbaşçylary Türkiýäniň Adalat ministrliginiň regional bölümine türkmen ilçihanasynyň we Şişli adminstrasiýasynyň oppozisioner Kakamyrat Hydyrowy hem-de birnäçe türkmen raýatyny tutup saklamak baradaky talabyny ýetirýär.
Hatda Britaniýadan gelen Kakamyrat Hydyrowyň we türkmen raýatlarynyň birnäçesiniň, şol sanda Azat Haýytbaýewiň (Türkiýede bikanun ýaşaýan we Hukuk Adalat lakamy astynda blog ýöredýän) Türkmenistany garalamak syýasatyny alyp barýandygy we myhmanhanada duşuşmagy planlaşdyrýandygy aýdylýar.
“Stambuldaky maslahat türkmen-türk gatnaşyklaryny ýaramazlaşdyrmaga gönükdirilen prowokasiýa bolup durýar. Şu sebäpden türk häkimiýetleri bilen ylalaşylmadyk çärä ýol bermezlik çäresini görmegiňizi soraýaryn” diýip, hatda aýdylýar.
Mundan başga, Şişli adminstrasiýasynyň başlygy bu duşuşyk geçirilse, çäre görüljekdigini hem duýduryp goýýar.
Eger-de tussag edilenleriň arasynda Türkiýede bikanun ýaşaýan adam bolsa, olara degişli çäräniň görüljekdigi aýdylýar. Elbetde, bu olaryň deportasiýa ediljekdigini aňladýar.
Türkiýede kanun esasynda ýaşaýanlar bolsa, bikanun çärä gatnaşandyklary üçin diýlip, jogapkärçilige çekilip bilner.
20 ýyldan gowrak wagt bäri Londonda ýaşaýandygyny aýdan Kakamyrat Hydyrow soňky döwürde, hususan-da Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ölendigi barada tassyklanmadyk maglumatlar çykandan soň, Youtube kanalynda öz syýasy pikir-garaýyşlary bilen çykyş etmäge, häkimiýetiň halka degişli bolmalydygyny aýtmaga başlady.
Degişli maglumat Berdimuhamedow dynç alyşdan duralga taslamalaryny görmäge gelip, öz ölümi hakyndaky gürrüňlere 'suw sepdi'
Ol öz çykyşlarynda Berdimuhamedowy, Reşit Meredowy "jenaýatçy" diýip atlandyrdy, Berdimuhamedowy "Nyýazowyň kopiýasy" hökmünde häsiýetlendirdi, onuň saglygy saklaýyş pudagyny weýran edendigini aýtdy; öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň bolmanda gürläp, halky aldap bilendigini, emma Berdimuhamedowyň il öňüne çykyp, gürrüň etmegi hem başarmaýandygyny, "A" harpynyň gedaýydyny" öňe sürdi.
Şeýle-de ol türkmenistanlylary özlerini adam ýaly duýmaga, öz adam mertebelerini goramaga çagyrdy. Muny olaryň özleri etmese, hiç kimiň gelip, mertebelerini gorap bilmejekdigini aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.