Mary welaýatynyň döwlet dükanlarynda “Ahal” ýagyndan soňra, ýerli unuň we towuk ýumurtgasynyň satuwy hem gaýtadan çäklendirildi. Bu barada habar berýän Azatlyk Radiosynyň habarçysy munuň Aşgabatdan gelendigi aýdylýan barlagçylaryň yzyna gidendigi baradaky gürrüňler bilen baglanyşyklydygyny aýdýar.
Degişli maglumat Balkanabadyň we Türkmenbaşynyň döwlet dükanlarynda soňky 3 aý bäri un uly mesele. Marynyň bazarynda möhleti geçen ýaglar satylýar“Häzir Mary şäherindäki döwlet dükanlarynyň tas ählisinde diýen ýaly un ýok. Un geläýen ýagdaýynda-da, nobat gaty uly. Döwlet dükanlarynda un aýda bir gezek paýok görnüşinde satylýar. Ýöne adamlar şony hem alyp bilenok. Edil şonuň ýaly ýumurtganyň satuwy hem çäklendirildi. Her adam başyna diňe 10 sany ýumurtga satylýar, olam günortana çenli satylyp gutarýar. Mundan öň barlagçylar barka, un, ‘Ahal’ ýagy we ýumurtga çaksiz möçberde satylýardy” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 25-nji oktýabrda gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, döwlet dükanlarynda 1 kilogram ýerli un 1 manatdan, 1 sany ýumurtga 1 manatdan satylýar. Hususy eýeçilikdäki söwda nokatlarynda we bazarlarda daşary ýurtlardan getirilen 1 kilogram un 10-12 manatdan, öý ýumurtgasynyň 1 sanysy 1,20 manatdan bahalanýar.
“Towuk budy Mary welaýatyndaky döwlet dükanlarynda tapdyrmaýar, emma hususy söwda nokatlarynda we bazarlarda onuň 1 kilogramy 16 manatdan satylýar” diýip, habarçy belledi.
Marynyň häkimiýetleri ýa-da dükan satyjylary tarapyndan bu çäklendirmäniň sebäpleri barada düşündiriş berilmeýär.
24-nji oktýabrda Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçysy Aşgabatdan welaýata barandygy aýdylýan barlagçylaryň paýtagta dolanandygy baradaky gürrüňleriň fonunda, Mary şäheriniň döwlet dükanlarynda “Ahal” ýagynyň satuwynyň gaýtadan çäklendirilendigini habar berdi.
“Döwlet dükanlarynda hojalyklaryň her birine 1 litr ‘Ahal’ ýagyndan köp satmaýarlar. Dükan satyjylary ýaşaýjylardan pasportyny ýa-da şol ýeriň Öý dolandyryş müdirliginden alnan ýaşaýan ýeriň hakyndaky resminamany görkezmegi soraýarlar” diýip, habarçy gürrüň berdi.
23-nji oktýabrda Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçylary welaýatyň döwlet dükanlarynda soňky aýlarda gyt azyk harytlaryna öwrülen – unuň, ýumurtganyň we “Ahal” ýagynyň çäksiz möçberde hem-de nobatsyz satylyp başlanandygyny habar berdiler.
Degişli maglumat Marynyň döwlet dükanlarynda buhanka çöregi her ele çäkli görnüşde satylýar, çilim tapdyrmaýarŞonda habarçylar býujet işgärleriniň ençemesine salgylanyp, gyt azyk harytlarynyň satylyp başlanmagynyň, ýurduň täze içeri işler ministri Mämmethan Çakyýewiň welaýata barandygy we onuň edara-kärhanalarda barlaglary geçirýändigi baradaky gürrüňler bilen baglanyşyklydygyny aýtdylar. Ýöne döwlet mediasynda bu gürrüňleri tassyklaýan ýa-da inkär edýän maglumatlar häzirlikçe ýok.
Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň, hususan-da, Marynyň döwlete degişli dükanlarynda un, şeker, ösümlik ýagy, ýumurtga, towuk budy ýaly azyk harytlarynyň ýetmezçiligi, olaryň öňündäki uly nobatlar barada soňky aýlarda yzygiderli habar berip gelýär.
Türkmen häkimiýetleri we ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bu azyk ýetmezçiligini we nobatlary, şeýle-de munuň sebäplerini hem-de ilata ýetirýän täsirlerini agzamaýarlar.
18-nji oktýabrda sanly wideo aragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda azyk harytlaryň ýurt raýatlaryndan artýan bölegini daşary ýurtlara satmak boýunça degişli resmilere tabşyryk berdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.