Aşgabatly haýwanlary goraýjylar it-pişikler babatyndaky ýowuzlyklaryň dowam etmegine alada bildirýärler

Aşgabat

Türkmenistanda itleriň we pişikleriň jemagat gulluklary tarapyndan köpçülikleýin awlanmagynyň fonunda haýwanlary goraýjy meýletinçiler haýwanlary tutulmakdan halas etmek we ýitenleri gözlemek boýunça işlerini dowam edýärler. Üstesine, köpüsi tutulan haýwanlara hemaýat etmek tagallalaryny elden bermeýärler.

Aşgabatly haýwanlary goraýjylaryň sözlerine görä, tutulan itleri we pişikleri şäheriň çetinde Çoganlyda zir-zibilleri gaýtadan işleýän zawodyň giňişliginde ýerleşýän haýwanlaryň toplanýan ýerine alyp barylmagy dowam etdirilýär.

"Türkmen häkimiýetleriniň döreden bu emeli dowzahynyň daş-töweregi gowy arassalanyp, ýalpyldap dur. Henizem ýüregi ýuka adamlar toplanýan bu ýeriň daşyna azyk we arassaçylyk üçin serişdeleri alyp barýarlar, emma olary içine goýbermeýärler we olar getiren zatlaryny diwaryň golaýynda galdyryp gidýärler. Itlere hiç zat ýetmeýär. Getirilen balygy we beýleki azygy soň haýwanlary aldap tutmak we zäherlemek üçin ulanýarlar" diýip, Azatlyk bilen gizlinlik şertlerinde söhbetdeş bolan aşgabatly haýwanlary goraýjy 20-nji oktýabrda habar berdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň öň mälim etmegine görä, Çoganlyda itleriň we pişikleriň toplanýan ýerine meýletinçileriň goýberilmegi 2018-nji ýylyň güýzünde çäklendirilip, ýapylypdy. Soňra bu ýere haýwanlara ideg edýän meýletinçileriň goýberilmeginiň öňüsyrasynda şol ýylyň tomsunda düşürilen wideo ýazgy Azatlyk Radiosyna elýeterli boldy.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Aşgabadyň köçelerinde awlanan idegsiz itler nirä barýar?

Çoganlyda ýerleşýän haýwanlaryň toplanýan bu ýeri türkmen paýtagtynda tutulan itleriň we pişikleriň eltilýän ýeke-täk ýeridir.

Azatlyk Radiosynyň we garaşsyz habar beriş çeşmeleriniň Türkmenistanda öýsüz haýwanlar babatyndaky ýowuzlyklar barada çap eden maglumatlarynyň ençemesinden soň türkmen häkimiýetleri idegsiz haýwanlar üçin keselhanany we penahanany döretmek planlaryny yglan edipdi.

Türkmenistanyň prezidentiniň hut özi tarapyndan yglan edilen bu inisiatiwa şu çaka çenli durmuşa geçirilmedi. Başda döwletiň hasabyna gurulmagy wada berilen bu penahana üçin türkmen banklarynyň ilatdan toplan pullarynyň nämä sarp edilendigi hem mälim bolmady.

Penahana şu çaka çenli gurulmady. Munuň bilen bir wagtda-da, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň itlere bagyşlanan kitaby çapdan çykdy we onuň ogly Serdar Ahal welaýatynda alabaý itlerini köpeltmek üçin kärhana açdy.

Degişli maglumat Türkmen prezidentiniň gurmagy tabşyran weterinar klinikasy üçin 220 müň manat toplanypdyr

Aşgabatda Çoganlydan başga tutulýan itleriň we pişikleriň alnyp barylýan ýene bir ýeri şäheriň Bedew etrabynyň golaýynda ýerleşýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, Bedewde şäher administrasiýasynyň garamagyndaky berk gözegçilik astynda saklanýan çukura öli haýwanlar alnyp barylýar, emma käte dirileri hem duş gelýär.

"Bu bir ägirt uly, porsy, sähel gymyldaýan bir zada meňzeýär" - diýip, bu ýagdaýy gören habarçymyz gürrüň berdi.

Tutulyp, çukura düşen haýwanlaryň ýowuz ölümden halas bolan halatlary hem mälim boldy. Azatlyk bilen gizlinlik şertlerinde söhbetdeş bolan aşgabatly gürrüňdeşlerimiziň biri golaýda bolan ýagdaýlaryň biri barada gürrüň berdi.

"Golaýda bir zenanyň itini ogurladylar. Oňa tutulan haýwanlaryň Bedewe alnyp barylandygyny anyklamak başartdy. Ony ummasyz pula çukuryň ýanyna goýberdiler. Ol öz itini görmedi, emma duş gelen diri bir iti görkezdi. Gudrat bilen diri galan bu it üçin täze eýe gözlemeli boldy, sebäbi ony halas eden zenan gören zatlaryna ýüregi çydaman keselhana düşdi" diýip, aşgabatly söhbetdeşimiz gürrüň berdi.

Häzirki wagtda Aşgabatda idegsiz itleri we pişikleri jemagat gulluklaryň işgärleri tutýarlar.

Haýwanlary goraýjylar itleri we pişikleri awlaýan jemagat gulluklarynyň we infrastrukturasynyň Jemagat ministrliginden şäher häkimliginiň garamagyna tabşyrylmagyndan soň idegsiz itleri awlamak işleriniň has batlanandygyna ünsi çekýärler. 2018-nji ýylyň iýul aýynda Jemagat hojalygy ministrliginiň dargadylmagyndan soň jemagat gulluklary we infrastruktura obýektleri, şol sanda Çoganlydaky zir-zibilleri gaýtadan işleýän zawod Aşgabadyň häkimliginiň garamagyna tabşyryldy.

Şäher häkimiýetleri haýwanlaryň awlanmagy temasyny resmi taýdan agzamaýarlar. Azatlygyň Aşgabadyň häkimliginden kommentariý almak boýunça eden ençeme tagallasy netije bermedi.

Aşgabatda şäher häkimiýetleriniň itleri we pişikleri tutmak boýunça geçirýän çäreleri we haýwanlara görkezýän rehimsizlikleri barada garaşsyz habar serişdeleriniň we Azatlygyň habarçylarynyň berýän maglumatlary bilen bir hatarda, bu tema türkmenistanlylaryň arasynda sosial mediada giňden diskussiýa edilýär.

Soňky wagtda haýwanlaryň awlanmagyny ýazgaryjy maglumatlaryň we suratlaryň çap edilmeginden başga-da, käbir maglumatlarda bildirişler arkaly aldaw ýoly bilen haýwanlary toplaýan, soň jemagat gulluklaryna tabşyryp gazanç edýänleriň köpelendigi duýdurylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.