Onuň maglumatlaryna görä, bankomatlardan pul nagtlaşdyrmaga synanyşýan ýerli ýaşaýjylaryň ençemesi bankomatlaryň öz plastik kartlaryny “ýuwutmagyndan” şikaýat edýär. “Bu ýygylaşan ýagdaý Türkmenabadyň bankomatlarynyň tas ählisinde diýen ýaly duş gelinýär. Bu ýagdaýa adamlar “bankomat kartymy ýuwutdy” diýýärler” diýip, habarçy özünde bar bolan maglumatlary habar berýär.
“Adamlar pullaryny nagtlaşdyrmak üçin özleriniň plastik kartlaryny bankomatlara salanlaryndan soňra şahsy kodlaryny ýazyp puluny aljak wagtynda ekranda ‘amalyň ýatyrylandygy’ barada ýazgy peýda bolýar, ýa-da hiç hili ýazgy çykmazdan bankomat plastik karty gaýtarmaýar” diýip, habarçy belleýär.
Onuň sözlerine görä, şeýle hadysalaryň ýygy-ýygydan gaýtalanmagy ýerli ýaşaýjylaryň ençemesini aljyraňňy ýagdaýa salýar.
Degişli maglumat Sakarçägede ýeke bankomat işleýär, Lebabyň dermanhanalarynda töleg terminallary işlemeýär, adamlar soraýar: “Plastik kart nämä gerek?”
Türkmenabat şäherinde oturdylan bankomatlaryň köpüsi banklaryň töwereginde ýerleşýär “emma käbir bankomatlar banklardan uzakda, käbir edaralarda ýa-da şäheriň çetindäki bazarlarda ýerleşdirilendir; aýdylmagyna görä, karty gaýtarmaýan bankomatlary banklaryň diňe ýörite işgärleri gelip açyp bilýär we şolar gelýänçä kartyny aldyran adamlar kä halatlarda uzakly gün garaşmaly bolýar” diýip, habarçy ýerli ýaşaýjylaryň bankomatlar bilen bagly kösençliklerini habar berýär.
“Siz gyssagly wagtyňyz, ýa-da pul gerek bolanda bazaryň orta arasynda kartyňyzy bankomata ýuwutdyryp gördüňizmi? Ýuwutdyryp görüň, ana şonda düşünersiňiz nähili ýagdaýa düşýäniňizi!” diýip, Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy bilen söhbetdeş bolan türkmenabatly Myrat aýdýar.
Habarçynyň maglumatlaryna görä, Türkmenabadyň bankomatlarynda tehniki meseleler ýüze çykanda habarlaşmak üçin banklaryň Aşgabatdaky merkezi edarasynyň salgylary we telefon nomerleri görkezilen; bu ýagdaý ýerli ýaşaýjylar üçin oňaýsyzlyk döredýär.
“Bankomat kartyňy has hem hepdäniň şenbe, ýekşenbe ýa-da baýramçylyk günleri “ýuwdan” bolsa kyn bolýar. Bank işgärleriniň aglaba bölegi bu günlerde işlemeýärler we kartyňy almak üçin nobatdaky iş gününe çenli garaşmaly bolýar” diýip, habarçy aýdýar.
Degişli maglumat Türkmen kartlaryndan peýdalanmakdaky kynçylyklaryň fonunda Berdimuhamedow bank ulgamyny ösdürmegi maslahat etdi
Türkmenistanda raýatlaryň aýlyk haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we beýleki tölegler soňky 6 ýyla golaý wagtyň dowamynda tapgyrlaýyn esasda olaryň bank hasaplaryna geçirilip başlandy.
Galyberse-de, Azatlygyň habarçysynyň maglumatlaryna görä, raýatlaryň bank kartlaryny çalyşmak prosesi uzaga çekýär. Bu hem ähli girdejisi bank hasabyna geçirilýän raýatlaryň güzeranyna oňaýsyz täsir edýär.
“Karty çalyşmaly bolanda arzalar ýazylyp, kart üçin goşmaça tölegler tölenenden soňra 1-2 aýdan tä 6 aýa çenli garaşylýan wagtlaram bolýar. Şeýdip bir ýuwdulan plastik karty alty aýdan soňra eýesiniň eline gelip gowuşýar. Häzirki wagtda ähli edaralaryň işgärlerine aýlyk haklarynyň plastik kartlaryna goýulýandygyny göz öňünde tutanyňda bolsa, kartyny ýuwutdyryp garaşyp oturan maşgalalaryň güzeran ýagdaýy bilen bagly kynçylyklaryň üstüne ýene-de kynçylyk goşýar” diýip, habarçy aýdýar.
Banky ulgamyny ösdürmek maksady bilen gurnalan bankomatlar häzirki wagtda garaşylan netijeleri bermeýäne meňzeýär diýip, ol sözüne goşýar. Bu ýagdaýy türkmen hökümeti awgust aýynda gytaklaýyn tassyklady. Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 19-njy awgustda “ýurduň banklary tarapyndan ornaşdyrylan bankomatlaryň işleýşine gözegçiligi gowşadandygy üçin” Merkezi bankyň başlygy Merdan Annadurdyýewe “käýinç” yglan etdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.