Çäklendirilen özbek toýlary: mundan aýdymçylar närazy

Şährisabz şäherinde geçýän toý. Illýustrasiýa surat

Özbek aýdymçylary toýlarda aýdym aýtjak toparlaryň sanyna çäklendirme girizmek baradaky täze kanuna nägilelik bildirýärler. Özbek hökümeti ol hem şoňa meňzeş çäklendirmeleri girizip, ýönekeý milletiň gerdenine düşýän toý çykdajylaryny azaltmak isleýär.

Ýurduň parlamentiniň sentýabr aýynda kabul eden toý çäklendirmeleri kanunyna görä, bir toýda çykyş etjek aýdymçy-sazandalar iki topardan artyk bolmaly däl. Mundan daşary çagyryljak myhmanlara, toý dabarasyny gurajak gelnaljy ulaglaryň sanyna-da çäklendirme girizildi.

Özbegistanda hem Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynda düzgün boýunça toýa ýüzlerçe adam çagyrylýar. Toý dabarasynda ençeme saz topary çykyş edýär.

Beýle mahabatly toýlara maşgalanyň bar ýygnanjasy harç bolýar, hatda olar karza-da batýarlar. Täze kanun maşgalalara şol çykdajylary azaltmaga ýardam eder diýen umyt bar.

Ýöne Özbegistanyň birnäçe aýdymçylary sosial ulgamlarda çykyş edip, öz çykyşlarynyň başga-da köp adam üçin girdeji çeşmesi bolýandygyny aýdýarlar.

Aýdymçy Munisa Rizaýewanyň Instagram wideoda aýtmagyna görä, toýlarda gazanýan girdejisiniň hasabyna başgalar hem öz maşgalalaryny ekleýärler.

Onuň sözüne görä, toý dabarasynda aýdýan dört aýdymy üçin, ol 800 dollar alýar. Şol puldan öz kärdeşlerine – alty sazanda, iki administrasiýa işgärine, iki sürüjä hem iki janpena – jemi 450 dollar töleýär. Öz maşgalasyny hem ekläp- saklaýar, olar bolsa umumylykda 36 adam diýip, aýdymçy aýdýar.

Şol puldan aýdymça galýany 350 dollar, ondan beýleki gulluklar üçin, jemi 41 adama – ol aýdymy ýazana, wideo düşürene, onuň çykyşlaryny radioda hem telewideniýede gurnaýanlara töleýär.

— Meniň gazanjym her aýda ortaça 150 adama girdeji bolýar – diýip, Munisa Rizaýewa üç milliondan gowrak abunaçysy bolan Instagram’da aýdýar.

Aýdymçy Ozoda Nursaidowa hem milliondan gowrak ulanyjysy bolan Instagram’da şoňa meňzeş pikirleri aýdýar. Meşhur aýdymçynyň wideo ýazgyda aýtmagyna görä, onuň hyzmatyndan onlarça adam gazanç edýär.

Özbek aýdymçysy Ozoda Nursaidowa

Nursaidowanyň sözüne görä, toýda aýdan bäş aýdymy üçin, müň dollar alýar. Onuň topary ýedi sazandadan ybarat, iki sürüjisi hem administratory bar, maşgalasy bilen alnanda, umumy 30 adam.

Sözüne görä, Ozoda Nursaidowa 400 dollary öz kärdeş toparyna berýär, galan 600 dollardan 18 adamyň hyzmatyna töleýär, olaryň arasynda aýdymy döreden hem wideoklipleri edýänler bar.

Täze düzgüne garşy çykyp öz pikirini aýdýan belli aýdymçylaryň arasynda Raýhon, Ulugbek Rahmatullaýew, Mawlida Asalhojaýewa, Raşid Holigow, Şahzoda, Jahongir Atajanow, Farruh Zakirow hem Ýulduz Usmanowa bar.

Täze kanun toýa 250 adamdan artyk çagyrmagy gadagan edýär. Gelnaljy üçin toý ulaglary üçden artyk bolmaly däl.

Täze girizilýän düzgün örän çäkli, ýurtda toýlara öň az bolanda 400 myhman çagyrylýardy. Öýlenýän ýigidiň hossarlary, aýallar hem gelin tarapy üçin gymmat bahaly awtokerweni kireýine almak kadaly ýagdaýdy.

Hywadaky toýda tans edýän myhmanlar

Adatça, maşgalalar toýa diýip, köp ýyllap pul süýşürip goýýarlar ýa-da tanyş-biliş ýakynlaryndan dabaraly toý tutmak üçin karz alýarlar. Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýaýew beýle çykdajylary «haýasyzlyk» diýip tankytlady.

— 20 kilogram et harç edýänçäňiz, ol bendäniň öýüni aklaň, oňa bir telewizor alyp beriň – diýip, 2018-njy ýylda aýdypdy.

Ýurduň içinde iş tapmak aşa agyr bolansoň, millionlarça özbek Orsýete hem beýleki ýurtlara gazanç gözläp gidýärler.

Toý dabaralary hem beýleki çärler, şol sanda ýas çäreleri, doglan günleri bellemek Özbegistanyň köp maşgalasy üçin örän agyr alada bolup durýar, olaryň ortaça aýlygy 2,1 million sum, ýagny 250 dollar çemesidir.

Goňşy Täjigistanda 2017-nji ýylda şowhunly toýlary hem beýleki dabaraly agşamlary gurnamak gadagan edildi hem düzgüni bozanlara jerime salynýar.

Material AÝ/AR-nyň Özbek gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.