Balkanabadyň we Türkmenbaşynyň döwlet dükanlarynda soňky 3 aý bäri un uly mesele. Marynyň bazarynda möhleti geçen ýaglar satylýar

Turkmenistan/GaragumDistrictShop, no flour for baking/6Jan2018

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy we Balkanabat şäherlerinde iýmit önümleriniň gytçylygy ýitileşýär, döwlet dükanlarynda un we çörek üpjünçiligi bilen bagly meseleler 3 aý bäri çözülmän gelýär. Mary welaýatynyň Mary şäherinde ýerleşýän “Gök bazarda” ýaramlylyk möhleti geçen ýag satylýar, ýerli un hususy söwdada döwlet bahasyndan 5 esse, daşary ýurt uny 6-10 esse aralygynda gymmat satylýar.

Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary Türkmenistanyň dürli regionlarynda iýmit önümleriniň üpjünçiligi bilen bagly problemalaryň dowam edýändigini aýdýarlar.

“Türkmenbaşy we Balkanabat şäherlerinde azyk harytlary – ýumurtga, un, çörek, kartoşka, et, pagta ýagynyň gytçylygy hem-de çilimiň gytçylygy ýiti duýlup başlandy. Indi, döwlet dükanlarynda 3 aý bäri un we çörek meselesi çözülmän galýar” diýip, Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy ençeme balkanla salgylanyp, 3-nji oktýabrda habar berdi.

Onuň maglumatyna görä, Balkanabadyň hem-de Türkmenbaşynyň hususy dükanlarynda satylýan gymmat çörek, onuň bahasyna garamazdan, gysga wagtyň içinde satylyp gutarylýar.

“Hususy dükanlarda çörek irden satuwa çykan badyna 15 minuda ýetmän gutarýar emma iň arzan çörek 6 manat süýtli çörek 9-10 manat” diýip, habarçy aýtdy.

Iýmit önümleriniň üpjünçiligi bilen bagly problema Mary şäherinde-de dowam edýär. 1-nji oktýabrda Marynyň “Gök bazarynyň” ýerzemininde arassalanmadyk pagta ýagy irden sagat 5:00-8:00 aralygynda satyldy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň maryly habarçysy gizlinlik şertlerinde şeýle habar berýär:

“Şu gün Mary welaýatynyň Mary şäheriniň Mollanepes köçesiniň ugrunda ýerleşýän Gök bazarynyň ýerzemininde arassalanmadyk pagta ýagy satyldy. Ol irden sagat 5:00-8:00 aralygynda satyldy. Pagta ýagynyň 1 litri 2 manat 60 teňňe” diýip, habarçy aýtdy.

Degişli maglumat Daşoguzda azyk harytlary tas iki esse gymmatlady. Maryda ogurlyk wakalary has köp göze ilýär

Azatlygyň beýleki bir habarçysy Marynyň esasy bazarynyň ýerzemininde satylýan arassalanmadyk pagta ýagyny irden 5:00-8:00 aralygynda satyn almak üçin 1-nji oktýabrda 100-120 adamlyk uzyn nobatyň dörändigini habar beripdi.

Türkmenistanda 1 litri Döwlet tarapyndan 2 manat 60 teňňe diýip kesgitlenen arassalanmadyk pagta ýagynyň hususy söwdadaky bahasy gymmatdyr.

19-njy sentýabrda Azatlyk Radiosynyň habarçysy arassalanmadyk pagta ýagynyň 1 litriniň bahasynyň hususy söwdada 6 manat, arassalanan pagta ýagynyň bahasynyň bolsa 12 manada barabardygyny habar beripdi. Onuň maglumatlaryna görä daşary ýurtlardan import edilýän günebakar ýagynyň 1 litri 15 manatdyr.

Maryly habarçy soňky maglumatynda beýleki käbir iýmit önümleriniň, şol sanda gök bakja önümleriniň bahasy barada maglumat berdi:

“Şu gün Gök bazara aýlanyp, harytlaryň bahalaryny öwrendim. Olaryň käbiri şeýle:

  • Eýrandan import edilen kartoşka 5 manat
  • Eýrandan import edilen pomidor 7 manat
  • Ýerli ýyladyşhanalarda ýetişdirilen pomidor 8 manat
  • Bürünç 15-20 manat aralygynda
  • Ýumurtga 80 teňňe, öý ýumurtgasy 1 manat 20 teňňe” diýip, habarçy aýtdy.

Onuň maglumatlaryna görä, Marynyň Gök bazarynda 1 litri 10 manatdan bahalanýan ýaramlylyk möhleti geçen günebakar ýaglary peýda boldy.

Degişli maglumat Maryda un satyn aljak ýaşaýjylardan öňümizdäki aý üçin nobata ýazylmak talap edilýär

“Ýerli unuň 1 kilogramy 5 manatdan, daşary ýurt unlary 6-10 manat aralygynda” diýip, habarçy aýtdy.

Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda ilata hödürlenýän unuň 1 kilogramy 1 manatdan satylýar. Ýöne Azatlygyň habarçylary we çeşmeleri döwlet dükanlarynda unuň mydama tapdyrmaýandygyny aýdýarlar.

Türkmenistanda bolup geçýän wakalary ýakyndan yzarlaýan ýerli we halkara synçylaryň ençemesi soňky iki ýyldan gowrak wagtyň dowamynda ýurduň öz garaşsyzlygyna eýe bolany bäri iň agyr ykdysady kynçylyklarynyň birini başdan geçirip gelýändigini aýdýarlar. Türkmen häkimiýetleri muny ne tassyklap, ne-de inkär edip çykyş edýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.