Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynda azyk harytlarynyň käbir görnüşleriniň bahalary soňky bir hepdäniň dowamynda tas iki esse gymmatlady. Maryda un we “Ahal” ýagy ýaly azyk harytlarynyň ýetmezçiligi ýiti derejede dowam edýän mahalynda, welaýatda sadaka berip bilmeýän adamlar has köp göze ilýär. Şeýle-de, Maryda ýaşaýjylaryň goş-golamlarynyň ogurlanmagy bilen bagly wakalary hem has köp görse we eşitse bolýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Daşoguz we Mary welaýatlaryndaky habarçylary habar berýärler.
“Geçen hepdäniň başyndan Daşoguzda azyk harytlarynyň bahasy tas iki esse gymmatlady. Öň 1 kilogramy 3 manatdan satylýan pomidor häzir 6 manada durýar. Etiň 1 kilogramy 25-30 manatdy, indi 40-50 manatdan satylýar. Daşoguz şäherinde 1 kilogram etiň bahasy 60 manada çenli ýetýär” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 1-nji oktýabrda gürrüň berdi.
Habarçy döwlet eýeçiligindäki dükanlarda ýerli unuň heniz hem satylmaýandygyny aýdyp, onuň hususy söwda nokatlarynda 6-7 esse gymmat bahadan aç-açan tapdyrýandygyny hem belledi.
“Döwlet dükanlarynda 1 kilogram ýerli un 1 manatdan satylýardy. Häzir adamlar hojalykdaky adam başlary esasynda döwlet dükanlarynda aýda bir gezek paýok görnüşinde berilýän bu uny satyn alyp bilmeýärler. Bu unuň 1 kilogramy hususy eýeçilikdäki dükanlarda we bazarlarda 6-7 manatdan satylýar” diýip, habarçy aýtdy.
Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçylarynyň biri Mary şäheriniň döwlete degişli dükanlarynda-da unuň, “Ahal” ýagynyň we “arassalanmadyk” ösümlik ýagynyň ýetmezçiliginiň dowam edýändigini aýdyp, ýaşaýjylaryň bu harytlary satyn almak üçin daň bilen dürli söwda nokatlaryna aýlanyp başlaýandygyny belledi.
“Şu gün Mary şäheriniň Mollanepes köçesinde ýerleşýän ‘Gök bazaryň’ ýerzemininden arassalanmadyk ýerli zawod ýagyny satyn almak üçin adamlar daňdan sagat 5-de nobat bellemäge başlady. Daňdan sagat 5-8 aralygynda bu ýere 100-120 çemesi adam üýşdi, emma ýerli zawod ýagy gelmedi we satylmady. Un käbir hususy söwda nokatlarynda 6-7 esse gymmat bahadan satylsa-da, ösümlik ýagy hiç ýerde tapdyrmaýar” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan maryly habarçy 1-nji oktýabrda gürrüň berdi.
Şeýle-de, habarçy ýurtda ykdysady kynçylyklar, azyk harytlarynyň gymmatçylygy we gytçylygy bilen baglylykda, welaýatda sadaka edip bilmeýän adamlaryň hem has köp göze ilýändigini aýdýar.
“Häzir käbir adamlaryň ýakyn hossarlary ýogalanda-da, sadaka berip bilmeýändigini görse bolýar. Şeýle-de, öňler adamlar häkimlige baryp sadaka etjekdigini aýdanda, un, ýag we mal hökümet bahasyndan berilýärdi. Häzir bu ýeňillik hem ýok” diýip, habarçy aýtdy.
Habarçy häzir Mary şäherinde sadaka bermek isleýän bir hojalygyň ortaça 20 müň manat möçberinde çykdajy etmeli bolýandygyny, munuň resmi kursda ortaça $5700 we “gara bazaryň” nyrhynda ortaça $1080-a barabardygyny hem belledi.
“Bir hojalyk sadaka berýän bolsa, köp çagaly maşgalalaryň ählisi diýen ýaly kiçi çagalaryny hem alyp barýar. Olaryň her biri bedre ýa-da şuňa meňzeş gap-gaç hem ýanynda alyp baryp, naharlardan öýlerine hem alyp gaýdýarlar. Käbir doýa-gana naharlanmaýan adamlar her bäşinji güni Baýramaly şäheriniň golaýyndaky Hojaýusup baba gonamçylygyna gidýärler. Sebäbi bu ýerde her hepdäniň bäşinji güni kiçi sadaka berýärler. Adamlar şol ýere baryp naharlanýarlar” diýip, habarçy aýtdy.
Şeýle-de, ol ýurtdaky işsizlik we gymmatçylyklar bilen bagly, adamlaryň gün-güzeranynyň kynlaşýandygyny belläp, soňky 3-4 aýyň dowamynda Maryda ýaşaýjylaryň goş-golamlarynyň ogurlanmagy bilen bagly wakalary hem has köp görse we eşitse bolýandygyny aýdyp, şeýle diýdi:
“Nasosyň, welosipediň, ulagdaky akumulýatoryň, şeýle-de jaýlaryň ýerzeminleriniň gulplary döwlüp, içinde duran gap-gaçlaryň, gazanlaryň, ojaklaryň ýa-da gyşa niýetlenip ýapylan bankalaryň we beýlekileriň ogurlanandygyny günde-günaşa diýen ýaly adamlardan eşitse bolýar. Ulaglaryň içindäki goş-golamlar hem ogurlanýar. Polisiýa bir ogurlyk wakasyny derňäp başlamanka, başga bir waka barada arza gelýär” diýip, habarçy Mary şäheriniň ýaşaýjylarynyň we polisiýa işgärleriniň ençemesine salgylanyp gürrüň berdi.
Türkmenistanda bolup geçýän wakalary ýakyndan yzarlaýan ýerli we halkara synçylarynyň ençemesi häzirki wagt ýurduň öz garaşsyzlygyna eýe bolany bäri iň agyr ykdysady kynçylyklarynyň birini başdan geçirýändigini aýdýarlar. Türkmen häkimiýetleri muny ne tassyklap, ne-de inkär edip çykyş edýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.