Türkiýede özbek gyzyň ölüminiň sebäpleriniň aýan edilmegini talap edýän kampaniýa başlandy. Ol deputatyň öýünde heläkçilige uçrady

Türkiýäniň telekanaly özbegistanly Nadira Kadyrowanyň ölüminiň “şübhelidigini” aýdýar.

Türkiýedäki aýallaryň hem gyzlaryň hukuklaryny goraýan aktiwistler «Nadira näme boldy?» atly şygar bilen giň göwrümli kampaniýa başladylar. Olar Özbegistanyň raýaty 23 ýaşly Nadira Kadyrowanyň ölüminiň hakyky sebäpleriniň üstüniň açylmagyny talap edýärler. Ol gyz häzir Türkiýede häkimiýet başynda bolan Adalat we galkynyş partiýasyndan parlamentiň deputaty, gullukdan çekilen general Şirin Unalyň jaýynda ýüreginden atylypdyr. Bu kampaniýa özbegistanlylardan hem birnäçesi gatnaşýar.

Ankara şäheriniň prokuraturasy 23 ýaşly Nadira Kadyrowanyň jelepçilik bilen meşgullanandygyny güman edýär.

Azatlyk radiosynyň žurnalisti 1-nji oktýabrda Ankaradaky Özbegistanyň baş konsuly bilen telefon arkaly habarlaşyp, ýaş özbegistanlynyň ölüminiň sebäplerini derňeýän işiň barşy barada sorady, emma takyk jogap alyp bilmedi.

Biziň žurnalistimiziň telefon baglanyşygyndan birnäçe sagat geçensoň, Özbegistanyň DIM-niň Türkiýedäki diplomatik wekilhanasynyň saýtynda, «Özbegistan Respublikasynyň Türkiýedäki ilçihanasy 2019-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda Ankarada tragiki ýagdaýda aradan çykan Özbegistanyň raýaty 23 ýaşly Nadira Kadyrowanyň ölümi bilen baglanyşykly ýagdaýy kontrolda saklaýar» diýen habar peýda boldy.

Türkiýäniň birnäçe müň adamy Nadira Kadyrowanyň ölüminiň hakyky sebäpleriniň barlanmagyny talap edip, köçä çykdylar.

DIM Ankaranyň prokuraturasyna salgylanyp, häzirki wagtda derňew işleriniň alnyp barylýandygyny, şol sanda şaýatlardan sorag edilýändigini, onuň telefon gepleşikleriniň hem elektron ýazgylarynyň öwrenilýändigini habar berdi.

Ankara şäheriniň prokuraturasynyň bir wekiliniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, derňew organlary sud-medisina ekspertizasynyň geljek kararyna garaşýar.

Türkiýede ýaşaýan özbegistanly sosiolog Bahodyr Faýznyň Azatlyga aýtmagyna görä, Nadira Kadyrowanyň ölüminiň hakyky sebäplerini derňemegi talap edýän aksiýalara Türkiýäniň müňlerçe graždany goşulyşypdyr.

– Türkiýede aýallaryň ölmegi bilen baglanyşykly jenaýat günüň-gününe artyp barýar. Türk jemgyýeti beýle ýagdaýa ýiti reaksiýa bildirýär. Şuňa meňzeş jenaýatyň biri aýan edilse, muňa onlarça hukuk goraýjy guramalar seslenýärler, belli adwokatlar öz hyzmatyny mugt teklip edýärler. Türk jemgyýeti Nadiranyň tragiki ölümini hem ýiti garşy aldy. Müňlerçe türk Nadiranyň ölüminiň anyk sebäpleriniň üstüniň açylmagyny talap edip, sosial ulgamlarda giň gerimli kampaniýa başlatdylar. Gynansak-da, bu kampaniýa özbegistanlylardan sanlyja adam gatnaşýar – diýip, sosiolog aýdýar.

«Nadira näme boldy?» kampaniýasyny goldaýjy

Çagalaryň hem aýallaryň hukuklaryny goraýan guramanyň ýolbaşçysy, Türkiýedäki belli adwokat Mujde Tozbeý Erden Azatlyk Radiosy bilen gepleşende, Nadira Kadyrowanyň ölümi bilen baglanyşykly çärelere örän çynlakaý girişilendigini aýtdy. Onuň sözüne görä, bu işiň «bassyr-bussur» edilmeginden howatyr edýärler.

– Biz bu işiň kanunyň ähli talaplaryna laýyk adalatly seredilmegini talap edýäris – diýip, adwokat hanym Mujde Tozbeý Erden aýdýar.

Ýatlatsak, Özbegistanyň Jyzak welaýatynyň 23 ýaşly ýaşaýjysy Nadira Kadyrowa mundan dört ýyl öň gazanç üçin Türkiýä gidipdi. Soňky ýylda ol Şirin Unalyň jaýynda öý hyzmatçysy bolup işledi. Ol gyz generalyň garry ejesine seredýärdi.

Türk SMI-leriniň maglumatyna görä, şu ýylyň 24-nji sentýabrynda ir sagat 8:48-de ýüreginiň üstünden atylan Nadirany Şirin Unalyň jaýynda agyr halda tapypdyrlar. Ol gyz 9:50-de keselhanada jan beripdir.

Mundan öň, hamana, özbegistanly ýaş gyz öz janyna kast edipdir, ol hojaýynynyň pistoleti bilen özüni atypdyr diýen gürrüň çykýar.

Ýurda agalyk ediji Adalat we galkynyş partiýasynyň deputaty Şirin Unal heläkçilik ýüze çykanda, öz öýünde eken. Ol häzirlikçe žurnalistleriň sowallaryna jogap bermekden ýüz öwürýär.

Nadiranyň agasy Muhammadaly Kadyrow öňräk žurnalistlere aýal doganynyň ýokary okuwa girmek üçin ekzamenlere taýýarlanýandygyny aýdypdy. Ol Nadiranyň öz janyna kast etmejekdigine ynanýar.

Ýeri gelende bellesek, türk neşirleriniň ýazmagyna görä, heläkçilikden bir gün öň N. Kadyrowa öz jorasy Leýla Niýazowa SMS habar ýollapdyr. Ol şonda «gaty aýylganç zatlar bolup geçýär» diýip ýazypdyr. «Men öz doganymyň gözüne nädip görnerin. Meniň ölesim gelýär» diýip, jorasyna ýazan hatynda aýdypdyr. Ýöne Leýla her näçe synanyşsa-da, Nadira öz başyna nämeleriň düşüp ýörendigini takyk aýtmandyr.

23 ýaşly gyzyň «gaty aýylganç zatlar bolup geçýär» diýip, kimi ýa-da nämäni göz öňünde tutandygy häzirlikçe belli däl. FOX telekanalyna salgylanyp Nadira Kadyrowanyň doganynyň aýtmagyna görä, ýaş gyzyň öz hojaýyny tarapyndan zorlanan bolmagy mümkin.

23 ýaşly Nadira Kadyrowa öz topragynda jaýlandy.

Material AÝ/AR-nyň Özbek gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.