Stambulda türkmenistanly bir zenan ençeme metr beýiklikden ýere gaçmagy netijesinde aradan çykdy

Illýustrasiýa suraty

Stambulyň Esenýurt etrabyndaky gymmatbaha jaýlar toplumyndaky bir öýde eneke bolup işleýän türkmenistanly zenan ençeme metr beýiklikden ýere gaçmagy netijesinde aradan çykdy. Bu barada habar berýän türk media serişdeleriniň maglumatyna görä, häzirki wagt polisiýa zenanyň öz janyna kast edendigini ýa etmändigini ýa-da başga biri tarapyndan aşak itilip-itilmändigini derňeýär.

Türkiýäniň “Hürriýet” neşiriniň maglumatyna görä, bu waka 18-nji sentýabrda boldy we türkmenistanly zenanyň ýokardan aşak gaçan pursatlary howpsuzlyk kameralary tarapyndan surata düşürildi.

Degişli maglumat Stambulyň Beýoglu etrabynda türkmenistanly raýatyň jesedi tapyldy

“Ýerde gymyldaman ýatan zenany gören ýaşaýjylar polisiýa habar berýärler. Wakanyň bolan ýerine saglyk hem-de polisiýa işgärleri barýar. Zenan saglyk ýagdaýy agyr görnüşinde keselhana ýerleşdirildi. Saglyk işgärleriniň ähli synanyşyklaryna garamazdan, zenany halas etmek başartmady” diýip, neşiriň habarynda aýdylýar.

Aýdylmagyna görä, häzirki wagt türk polisiýasy waka bilen baglanyşykly derňewleri başlatdy. Wakadan öň türkmenistanly zenanyň eneke bolup işleýän öýüniň eýesi Ipek A. Bilen ýiten gymmatbaha bir zat bilen baglanyşykly dawalaşdygy anyklandy.

“Polisiýa häzirki wagt ‘Türkmen zenany öz janyna kast etdimi? Aşak ýykyldymy? Başga biri tarapyndan aşak iteklendimi?’ diýlen soraglara jogap tapmaga synanyşýar” diýlip, habarda bellenilýär.

Azatlyk Radiosynyň Stambulyň Esenýurt etrap polisiýa bölümi bilen habarlaşyp, kommentariý almak synanyşyklary häzirlikçe netije bermedi. Şeýle-de, wakanyň Esenýurt etrabynyň takyk niresinde bolandygyny hem anyklamak häzirlikçe başartmady.

Bu aralykda, Türkiýede aradan çykan türkmen migrantlarynyň hossarlarynyň ýa-da dogan-garyndaşlarynyň olaryň jesedini Türkmenistana getirmekde kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandygy barada hem habarlar bar.

1-nji oktýabrda “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri türkmen diplomatlarynyň Türkiýede aradan çykan türkmenistanly migrant Aşyr Baýramowyň dogan-garyndaşlaryna kömek etmekden ýüz öwürýändigini habar berdi.

Habarda aýdylmagyna görä, 30-njy awgustda Stambulda Aşyr Baýramow işden öýüne gelýän mahaly, näbelli adamlaryň topary tarapyndan urlup-ýenjilýär. 1976-njy ýylda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda doglan Baýramowyň şahsyýetini anyklan polisiýa işgärleri waka barada Türkmenistanyň ilçihanasyny we konsulhanasyny habarly edýärler.

“1-nji sentýabrda Baýramow aradan çykýar. Türkmen diplomatlary bu barada ýene habarly edilip, olara ähli resminamalar iberilýär. Türk häkimiýetleri türkmen ilçihanasyndan hiç hili habar gelmändigi sebäpli 24-nji sentýabrda Baýramowy Arnawutköý etrabyndaky hossarsyzlar gonamçylygynda jaýlaýarlar” diýip, neşir ýazýar.

Degişli maglumat Türkmenistanly zähmet migrantlarynyň Stambuldaky “umyt bazary”

Aýdylmagyna görä, şondan soňra türkmen ilçihanasynyň işgärleri Baýramowyň hossarlaryny bolan waka barada habarly edýärler. Ertesi güni Stambula baran Baýramowyň hossarlary onuň jesedini Türkmenistana alyp gitmek üçin türkmen konsulhanasyna barýarlar we kömek soraýarlar.

“Baýramowyň hossarlaryny konsulhananyň howlusynda kabul edýärler. Işgärler olara Türkmenistanda häzir baýramçylyklaryň dowam edýändigini belläp, kömek edip bilmejekdiklerini aýdýarlar we garawullardan olary gapa çenli ugratmagy soraýarlar. Häzir Baýramowyň ýurtda dört, şol sanda bir maýyp çagasy galdy” diýip, neşir belleýär.

Azatlyk Radiosyna bu barada Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasyndan we konsulhanasyndan kommentariý almak häzirlikçe başartmady.

Soňky ýyllarda Türkmenistandaky ykdysady kynçylyklar, işsizlik, azyk harytlarynyň we hyzmatlaryň gymmatlamagy bilen baglylykda, türkmen raýatlary gazanç etmegiň gözleginde Russiýa, Dubaý we GDA döwletleri bilen bir hatarda, Türkiýä ýykgyn edýärler.

Türkmen häkimiýetleri ýurduň daşyna işlemäge, okamaga ýa-da ýaşamaga gidýän türkmenistanlylaryň sany baradaky statistiki maglumatlary halk köpçüligine mälim etmeýärler.

Türk statistika gullugynyň 23-nji iýulda ýaýradan hasabatynda 2018-nji ýylda Türkmenistanyň 50 müňe golaý raýatynyň Türkiýä göçüp barandygy aýdylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.