Wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow 28-nji sentýabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisinde çykyş etdi.
BMG-niň habar merkezi türkmen diplomatynyň çykyşynda Türkmenistanyň Hazar deňzini gorap saklamak we Araly halas etmek başlangyçlarynyň öňe sürlendigini habar berýär.
Reşit Meredow öz çykyşynda esasan Türkmenistanyň halkara arenasynda ileri tutýan meseleleri hakynda durup geçildi. Ministriň tassyklamagyna görä, Türkmenistan dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek boýunça aktiw hyzmatdaşlyga gol ýapýar we bu ugurdaky tagallalarda esasy rol BMG-ä degişli bolmaly diýip hasaplaýar.
Degişli maglumat Türkmenistan "suwy köp sarp edýär"
Onuň sözlerine görä, ýurtlar “milli bähbitler bilen bütin halkara jemgyýetçiliginiň arasynda paýhasly deňagramlylyk” gözlemeli, özara ynamy dikeltmeli. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan 2021-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynam ýyly diýip yglan etmegi teklip etdi.
Şeýle-de ol Aşgabadyň Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň ykrar edilmeginiň 25 ýyllygyny bellemäge taýýarlanýandygyny aýtdy. Bu senä gabat gelýän ýylyň dekabrynda Aşgabatda parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerine bagyşlanan halkara maslahat hem gurnalar.
Meredowyň sözlerine görä, ekologiýa we daşky gurşawy goramak Türkmenistanyň ileri tutýan meseleleriniň biri bolup, Aşgabat Hazar deňzini gorap saklamak, Araly halas etmek başlangyçlary bilen hem çykyş edýär. “Biz BMG-niň Aral deňziniň ýakasyndaky ýurtlar üçin ýörite programmasynyň işlenip düzülmegi baradaky ideýany erjellik bilen öňe süreris” diýip, ol aýtdy.
Türkmenistanyň gün tertibindäki möhüm meseleleriň ýene biri suw serişdelerinden peýdalanmak problemasy bolup durýar. Aşgabat bu problemany halkara hukugynyň umumy kabul edilen normalary esasynda çözmek zerurlygynda berk durýar diýip, Meredow aýtdy.
Degişli maglumat F.Tuhbatullin: MHM üçin ekologiki howpsuzlyk birinji orundaky problema bolmaly
“Suw problemasyna özara sylanyşyk, ylalaşyk we serhetaşyr derýalaryň, suw akymlarynyň we araçäkdeş kölleriň ýakasynda ýerleşýän döwletlweriň ählisiniň bähbitlerini nazara almak ýörelgeleri esasynda seredilmegi gerek” diýip, ministr aýtdy.
Onuň tassyklamagyna görä, Türkmenistan, bu hili taslamalaryň uly ekologiki, sosial-ykdysady we ynasanperwer töwekgeçilikleri zerarly,serhetaşyr derýalaryň boýunda iri gidrotehniki desgalary gurmaklyga garşy çykyş edýär. Ol halkara guramalaryny “suw meselelerine seretmäge has işjeň gatnaşmaga” çagyrdy.
29-njy sentýabrda R.Meredowyň Nýu-Ýorkda BAE-niň daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Şeikh Abdullah bin Zayed Al Nahyan bilen duşuşandygy, taraplaryň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri barada maslahat edendigi habar berildi.
Şu aralykda, Demirgazyk Kipriň premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri Kudret Özersaý hem öz feýsbuk sahypasynda Nýu-Ýorkdaky duşuşyklaryň çäginde türkmen resmisi, ykdysadyýet ministriniň orunbasary bilen duşuşmagyň miýesser edendigini habar berdi.
Kudret Özersaý biraz öň sosial mediada, “bir hepdeden Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna girýän ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň Nýu-Ýorkda geçiriljek ýygnagyna gatnaşanda”,Türkmenistanyň resmileriniň ünsüni öz ýurdunda ýaşaýan türkmen zähmet migrantlarynyň kynçylyklaryna çekjekdigini aýdypdy.
Degişli maglumat Türkmenistanda häkimiýetler öz raýatlarynyň Demirgazyk Kipre gitmegini çäklendirýär
Mninistriň feýsbuk sahypasynda aýtmagyna görä, soňky wagtlarda Demirgazyk Kiprde ýaşaýan türkmen migrantlary dogan-garyndaşlaryny görmek üçin Türkmenistana gitse, soňra öz ýurdundan çykarylmaýar. “Bu maşgalalaryň bölünmegi ýaly dürli kynçylyklara sebäp bolýar” diýip, ministr aýtdy.
Metbugat habarlaryndan mälim bolşy ýaly, Türkmenistandaky ykdysady kynçylyklar, onlarça ýyllap suw desgalarynyň ýeterlik arassalanmazlygy, ýerleriň şorlamagy we oba hojalygynda sowet-plan dolandyryşynyň saklanyp galmagy bilen baglylykda, türkmenistanlylar barha köp daşary ýurtlara zähmet migrasiýasyna gitmäge mejbur bolýar.
Emma türkmen häkimiýetleri ýurtdaky işsizlik, durmuş problemalaryny çözmäge derek, mejbury zähmeti dowam etdirip, barha güýçlenýän zähmet migrasiýasyny togtatmak üçin bikanun çärelere ýüz urýarlar diýip, hukuk goraýjy Farid Tuhbatullin Azatlyk radiosyna aýtdy.