Surhanderýaly 37 telekeçi şu ýylyň başynda Türkmenistananyň "Türkmensement" kärhanasyndan sement almak üçin 1,1 million dollar töledi, emma olara ne sement, ne-de pullaryny yzyna almak başardy diýip, Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň Özbek gullugynyň 27-nji sentýabrdaky habarynda aýdylýar.
Telekeçiler Özbegistanda bolan öňki ýagdaýlardan çen tutup, 1-nji oktýabrdan soň sement importynyň kynlaşmagyndan alada galýralar.
Azatlyk radiosy bilen söhbetdeş bolan telekeçileriň aýtmaklaryna görä, olar bu meseläni çözmek üçin, şertnamadaky ylalaşyk boýunça, ilki Türkmenistandaky arbitraž suduna ýüz tutmaly.
Azatlygyň Özbek gullugyna Surhdanderýadan gelen kollektiw hatda aýdylmagyna görä, telekeçiler topary şu ýylyň başynda sement üçin
1118 000 dollar töledi, emma sement alyp bilmedi.
37 telekeçiniň adyndan ýazylan hatda tonnasy 39 dollar bahalanýan 500 tonna sementiň Türkmenistandan satyn alnandygy, sebäbi onuň bahasynyň Özbegistanda gymmatdygy aýdylýar.
“Türkmenistan respublikasynda 37 telekeçi 1118 000 dollar pul töledi. Biz bu pullary ýylyň başynda töledik, “Türkmensement” bize dört aýyň dowamynda sement eksport etmek rugsadyny bermedi. Häzirlikçe biz sement alyp bilmeýäris”” diýip, hatda aýdylýar.
Radio bilen gürleşen telekeçileriň biri, türkmen tarapynyň sement çykarmaga rugsat bermezligi bilen bir wagtda, Özbegistanda 1-nji oktýabrdan sement bilen bagly ähli ýeňillikleriň hem ýatyrylýandygyny aýtdy.
Telekeçiler goşmaça gymmat salgydyny tölemek barada kabul edilen kararyň maýda gelendigini, emma özleriniň türkmenlere bu karar kabul edilmezinden öň töleg töländiklerini aýdýarlar.
Mälim bolşuna görä, prezidentiň 2011-nji ýylyň maýyndaky kararyna laýyklykda, 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli döwürde ýurda ýeňillikli şertlerde getirip bolýan harytlaryň we çig mallaryň sanawyna üýtgeşmeler girizildi.
Gümrük ýeňillikleri berilýän harytlaryň sanawynda sement, şol sanda sement klinkeri hem bar. Prezidentiň kararyna laýyklykda, 2019-njy ýylyň 1-nji oktýabryndan sement üçin berilýän ýeňillikler sanawdan aýrylýar we diňe sement klinkeri üçin berilýän ýeňillikler saklanyp galýar.
Degişli maglumat Lebapda sement satyn aljak raýatlardan azyndan üç resminama talap edilýär
Azatlyk bilen gepleşen telekeçiler özbek hökümetinden ýeňillikleriň möhletini bolmanda ýyl aýagyna çenli uzaltmagy haýyş edendiklerini, ýa-da öz tölän pullaryny yzyna almaga kömek bermeklerini sorandyklaryny gürrüň berdiler.
Surhanderýaly ýaşaýjylaryň aýtmaklaryna görä, Prezident portalyna, Özbegistanyň Ýokary suduna we Daşary işler ministrligine ýüz tutmakdan hiç bir netije ýok. Şeýle-de olar 23-nji sentýabrda, Termeze sapar eden wagtynda premýer-ministr Abdulla Aripow bilen duşuşandyklaryny, onuň hasaplaşmaga kömek etmegi wada berendigini aýtdylar.
Azatlygyň Özbek gullugy Türkmenistanda puly galan telekeçileriň işi boýunça habarlaşanda, Özbegistanyň Gümrük gullugynyň Surhanderýadaky bölüminden şeýle jogap aldy:
“Sement prezidentiň 5303 belgili kararyna degişli boldy. Üç hili töleg bar – gümrük, aksiz we GGS. Ozal olar bulardan boşadylandy. Emma 1-nji oktýabrdan, prezidentiň 5755 belgili karary boýunça, olar goşamaça gymmat salgydyny (GGS) tölär” diýip, Tulkin atly resmi aýtdy.
Gümrük gullugynyň işgäri 37 telekeçiniň bu meseläniň “Türkmensement” kärhanasy bilen çözmelidigini belledi.
Şeýle-de ol 1-nji oktýabrdan güýjüne girýän düzedişiň 27-nji iýulda yglan edilendigini, sement satyn alan telekeçileriň bu wagta çemli ony ap-aňsat import edip bilmelidigini ýatlatdy.
“Töleg indi şertnama gol çekilen wagtyna esaslanmaýar, giriş wagtyna esaslanýar. Ýagny, 1-nji oktýabrdan hemmeler tölemeli” diýip, ol aýtdy. Onuň sözlerine görä, Surhanderýa oblastyna edil şu günki günde hem sement import edilýär, ýöne 1-nji oktýabrdan başlap, her bir importçy 15% salgyt tölär.