Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 16-njy awgustda Özbegistanyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilowy kabul etdi.
“Trend” habar gullugy özbek resmisiniň Aşgabada saparynyň çäginde özbek prezidentiniň Türkmenistana etjek saparynyň maslahat edilendigini habar berýär.
Türkmen mediasy özbek DIM-niň başlygy bilen bolan duşuşygyň dowamynda döwletara hyzmatdaşlygynyň “ileri tutulýan meseleleriniň maslahatlaşylandygyny” habar bermek bilen, anyk nähili meseleleriň maslahatlaşylandygyny aýtmaýar.
TDH-nyň hiç bir san getirmezden ýazmagyna görä, Özbegistandan “getirilýän harytlara türkmen bazarynda uly isleg bildirilýär, öz nobatynda Özbegistan türkmen önüm öndürijileriniň eksportynda möhüm orny eýeleýär”.
“Ulag-kommunikasiýa ulgamy hem döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu babatda taraplaryň tagallalarynyň birleşdirilmegi köpşahaly üstaşyr ulag we logistika düzümini döretmekde möhüm şertleriň biri hökmünde çykyş edýär” diýip, resmi habarda aýdylýar.
Şeýle-de şol gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen-özbek syýasy geňeşmeleri geçirildi.
“Diplomatlar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar” diýip, DIM-niň habarynda hem hakykatda edilen maslahat barada anyk zat aýtmazdan habar berildi.
Şu aralykda “Trend” habar gullugy, özbek DIM-ine salgylanyp, Abdulaziz Kamilowyň Aşgabatda türkmen kärdeşi Reşit Meredow bilen duşuşyp, Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistana etjek saparyna taýýarlyk, şeýle-de iki ýurduň arasynda göni uçar gatnawlaryny dikeltmek meseleleri barada maslahat edendigini habar berdi.
Daşkent-Aşgabat arasyndaky göni uçar gatnawlaryny dikeltmek, iki ýurduň regional merkezleriniň arasynda awtobus gatnawlaryny ýola goýmak, şeýle-de iki ýurduň raýatlarynyň özara syýahat etmek proseduralaryny ýönekeýleşdirmek meselelerine aýratyn üns berildi diýip, “Trendiň” habarynda aýdylýar.
“Gepleşikleriň barşynda taraplar suw hem-de ýer serişdelerini dolandyrmak ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurlygyny nygtadylar. ...ulag gurluşygy, bilim we syýahatçylyk ulgamynda iki ýurduň bar bolan mümkinçilikleri bilen tanyşmak maksady bilen dürli derejelerdäki saparlary alyşmagyň mümkinçiliklerine seredilip geçildi” diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň websaýtynda çap edilen habarda anyklaşdyrmazdan aýdylýar.
Ýerli synçylar goňşy Özbegistanyň açylmak alamatlarynyň türkmenistanylarda bolmanda goňşy ýurt bilen aradaky gatnaşyklaryň gowulanmagyna umyt döredendigini aýdýarlar.
Özbegistanyň öňki prezidenti Yslam Karimowyň ýogalmagynyň yzýany döwlet başyna geçen Mirziýoýew prezident saýlanandan soň ilkinji daşary ýurt saparyny Türkmenistana amala aşyrdy we soňra ýurduň ýakyn we uzak daşary ýurtlara has giň açylmagynyň, şol sanda wiza mümkinçiliklerini gowulandyrmak tagallalarynyň çäginde Aşgabat bilen has ýygjam gatnaşyp başlady.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.