Lebapda un gytçylygy güýçlenýär, Maryda eşigi ‘owadan dälleri’ TW üçin guralan ýygnak çäresine goýbermeýärler

Türkmen uny

Azatlygyň regionlardaky habarçylary ilatyň sarp edýän esasy azyk önümleriniň, hususan-da unuň we çöregiň barha gytalýandygyny habar berýärler.

“Lebapda un, çörek gytçylygy ýiti duýlup başlady” diýip, radiosynyň habarçysy 22-nji sentýabrda habar berdi. Onuň sözlerine görä, Darganata, Çärjew, Hojambaz we Köýtendag etraplaryna iki aý bäri döwlet tarapyndan adam başyna her aýda berilýän 3 kg un we çörek berilmeýär.

Unuň we çöregiň häzirki gytalmasypagta ýygymynyň barýan wagtynda has kän alada döredýär, sebäbi adamlar iýjek çöregini gözläp tapmaly boldy, ýolbaşçylar bolsa pagta ýygymynyň bökdelmezligini talap edýärler” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli adynyň aýdylmazlygyny soran darganataly kärendeçi Azatlygyň habarçysyna aýtdy.

Bazarlarda her ele bir buhankadan berilýän nobatly çörek hem indi ýok, emma daýhan birleşikleri brigadirleri, ýaşaýjylary pagta diýip gyssamaklaryny güýçlendirmeseler gowşatmaýarlar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Edil kiçijik çagalara el çarpdyran ýaly edip el çarpdyrdylar, arasynda ýylgyrmagy hem talap etdiler."
Adynyň aýdylmazlygyny soran býujet işgäri


Azatlyk bilen söhbetdeş köýtendagly daýhan bolsa, “bir tarapdan çörek aladasy, beýleki tarapdan kärende ýeriňden hem dynmak aladasy basýar” diýdi. Onuň sözlerine görä, häkimiýetler pagta ýygymyny çaltlaşdyrmak üçin, kärendeçileriň kärende ýerlerini ellerinden alyp, başgalara bermek haýbatyny barha kän ulanýarlar.

Lebabyň bazarlarynda we dükanlarynda unuň erkinlikde satylmaýanyna indi bir ýarym ýyl boldy, un diňe hojalykdaky adam başlary esasynda döwlet dükanlarynda, aýda bir gezek paýok görnüşinde berilýär, Türkmenistan Staliniň uruş döwründe oýlap tapan ölçegli çörek bermek tejribesini täzeden ulanyp başlady, bu ýaşuly adamlara uly alada döredýär” diýip, 76 ýaşyndaky hojambazly ýaşuly Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Degişli maglumat Marynyň döwlet dükanlarynda buhanka çöregi her ele çäkli görnüşde satylýar, çilim tapdyrmaýar


Mundan başga, lebapda bankomatlar we nagt pul meselesiniň hem “heniz mesele bolmagynda galýandygy” habar berilýär.

Indi adamlar jaýlaryny, öý goşlaryny, mallaryny satyp, süýşürenje pullaryndan migrasiýa işgärlerine para berip, ýurt daşyna çykjak bolmagyň pikirini barha kän edýärler. Bir ýurtdan çykyp bilse, gaýdyp yzyna dolanmajakdygyny açyk aýdýan lebaply barha köpelýär” diýip, daşary ýurda göçmegi planlaşdyrýan 45 ýaşly lebaply radionyň habarçysy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Lebap bilen serhetdeş Mary welaýatyndan bolsa, pagta ýygymynyň we býujet işgärlerine salynýan “pagta salgytlarynyň” gapdalyndan, Garaşsyzlyk baýramyna görülýän taýýarlyklar bilen bir hatarda, beýleki köpçülik çäreleriniň hem gürelendigi, adamlaryň “näme etjeklerini bilmeýändigi” hakynda maglumatlar gelýär.

Mary şäheriniň Mollanepes köçesinde ýerleşýän “Ylham” köşgünde welaýatyň býujet işgärlerini ýygnap, indiki ýyly “Türkmenistanda asudalyk we parahatçylyk ýyly” diýip yglan etmek hakynda ýygnak çäresi geçirildi” diýip, Azatlygyň ýerli habarçysy habar berýär.

Degişli maglumat Maryda un ýetmezçiligi ýitileşýär; Oguzhanda unuň üstünde depeleşik boldy


Onuň sözlerine görä,hökümet mejburlygynda ýygy-ýygydan geçirilýän köpçülik çärelerini bir-birinden tapawutlandyryp bilmän, adamlar indi“ýygnak çäresi” diýen ýaly aňlatmalary hem oýlap tapýarlar.

Ýygnak çäresine gatnaşan býujet işgärlerini telewideniýede bütin ýurda görkezmek üçin ýazgy hem edildi. Şu sebäpden, gowurak geýnen gyzlary we aýallary öňdäki hatarlarda, görnükli ýerlerde oturtdylar. Soňra häkimligiň bir işgärini öňe çykaryp, ýalandan gürleden boldular, arasynda oturanlara el çarpyň diýip gygyryp, mejbury el çarpdyrdylar” diýip, habarçy bilen anonimlik şertinde gürleşen býujet işgäri aýtdy.

Edil kiçijik çagalara el çarpdyran ýaly edip el çarpdyrdylar, arasynda ýylgyrmagy hem talap etdiler” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Degişli maglumat Iki müňden gowrak adam ýagşyň aşagynda Nowruz baýramyna taýýarlanýar


Şol bir wagtda habarçy, telewideniýe üçin ýazgy edilmekden geçen, bu çärä täze, gymmat baha eşiklerini geýip gelmedik aýal-gyzlaryň “Ylham” köşgünde geçirilen goýberilmändigini habar berýär.

Bolanja eşigini geýip baran býujet işgärleriniň bir topary, pukaraja görnensoňlar, köşgüň içine goýberilmedi, ol adamlar işdeş ýoldaşlarynyň öňünde utanmaly boldular” diýip, habarçy aýtdy.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda azyk howpsuzlygynyň döredilendigini aýdýar we soňky ýyllarda gazanylan üstünlikleri giňden beýan etmek üçin guralýan köpçülik çäreleriniň hem-de baýramçylyk dabaralarynyň, uly türkmen toýy görnüşinde, hemişe ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirilmegini yzygiderli talap edýär.